Türkmenistan — ÝUNESKO: bilim ulgamyndaky oňyn gatnaşyklar

6 Sentýabr 2023
979

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň seslenmä eýe bolýar. Ynha, ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 6-synyň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi şanly ýylymyzyň buýsançly wakalarynyň gerimini giňeltdi. Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň bu abraýly guramanyň agzasy hökmünde ykrar edilmegi we oňa degişli şahadatnamanyň gowşurylmagy ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň üstüni täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýene-de giň mümkinçilikleri açdy.

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen ýola goýýan giň gerimli, anyk maksatlara gönükdirilen hyzmatdaşlygynyň ýylsaýyn giňeýändigini nygtamak gerek. 1953-nji ýyldan bäri hereket edýän «ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleri» atly taslamasy hem dünýäniň bilim edaralarynyň birnäçesini parahatçylyk döredijilik taglymatynyň we ynsanperwerlik gymmatlyklary ilerletmek, medeniýetleriň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksadynyň töwereginde jemleýär. Şonuň ýaly-da, bu taslamanyň esasy maksady Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de ÝUNESKO-nyň alyp barýan işlerini wagyz etmäge, medeni hem-de tebigy gymmatlyklary öwrenmäge, olary gorap saklamaga, ýaş nesilde hoşniýetliligi kemala getirmäge we olary sowatly, bilimli edip ýetişdirmäge gönükdirilendir. Bilşimiz ýaly, bu düzümiň agzasy hökmünde ykrar edilen welaýat merkezimizdäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň bilim işgärleri öz iş tejribelerinde halkara guramalary, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga giň orun berýärler. Mekdebiň okuwçylary daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek bilen döwlet we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere hem yzygiderli gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýärler. Indi bolsa bu bilim edarasynda ýörite ÝUNESKO burçuny döretmek hem meýilleşdirilýär. Ýaşlaryň ýokary watançylyk duýgularyny ösdürmek we olaryň tebigata, daşky gurşawa aýawly çemeleşmeklerini gazanmak bilim işgärleriniň esasy wezipesi hökmünde kesgitlenilýär. Bilim işgärleri rus, iňlis, nemes dilleriniň özleşdirilişini döwrebaplaşdyrmak bilen birlikde okuwçylary döredijilige we ylmy-taslama işlerine höweslendirmegi maksat edinýärler.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.