Türkmenistan ikinji Meýletin milli synyny tanyşdyrdy

10 Awgust 2023
1023

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyz 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça tagallalara mynasyp goşant goşýar. Şunda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek hem ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň ikinji Meýletin milli synyny hödürlemek maksady bilen, golaýda

BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň howandarlygynda geçirilen ýokary derejeli Syýasy forumyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.