Beýik başlangyçlaryň ykrarnamasy

18 Iýul 2023
1294

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine öz goşandyny goşup gelýär. Hususan-da, sebitiň döwletleri bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ýörelgesi bolup durýandygyny bellemek gerek. Şol ýörelgeleriň düýp esasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty durandyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň iki gezek, ýagny 1995-nji hem-de 2015-nji ýyllarda kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara hukuk ýagdaýynyň dünýäde giňden goldanylýandygynyň subutnamasydyr.

Türkmenistan sebitde syýasy durnuklylygy saklamak, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edildi we bu abraýly guramanyň çäklerinde özüniň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilen derwaýys başlangyçlary bilen uly abraýa eýe boldy.

Şirin YMAMKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýaty boýunça wekilhanasynyň attaşesi.