Parahatçylyk we dostluk — döwrüň beýik hakykaty

14 Iýul 2023
1617

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasaty, haýsy ugurda amala aşyrylsa-da, hemişe sazlaşykly we oýlanyşykly alnyp barlyp, bir maksada — Türkmenistanyň içerki ösüşi üçin amatly halkara şertleri döretmäge gönükdirilýär. Parahatçylyga, hoşniýetli dostluga esaslanýan daşary syýasatymyz dünýä giňişliginde Bitarap döwletimiziň kanuny bähbitlerini üpjün etmäge ýardam berýär. Biz muňa Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça 2020-nji ýylda döredilen Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris.

Bu topar gysga wagtyň içinde özüne köp sanly dost gazanmagy, bitaraplyk ýörelgesinden ugur alyp, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmagy, iň esasysy bolsa, howpsuzlygyň, parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine sebit we ählumumy derejede pikir alyşmak üçin giň, açyk hem-de oňyn meýdançany döretmegi başardy. Sähel döwürde durnukly syýasy-diplomatik gurallary işläp taýýarlamak, köptaraplaýyn we netijeli dialogy guramak ýeňil-ýelpaý iş däl. Muňa diňe guwanmak gerek.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».