Döwlet berkararlygynyň mizemez sütünleri

17 Maý 2023
1654

Mälim bolşy ýaly, her bir döwletiň Konstitusiýasynyň ony kabul edýän halkyň milli adatyna, däp-dessuryna esaslanýan özboluşly aýratynlyklary bolýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy aýratynlygy, onda berkidilen kadalaryň agramly böleginiň adamyň tebigy we mizemez hukuklarynyň kanun taýdan kepillendirilmegine gönükdirilmegindedir. Şahsyýet, onuň hukuklary we azatlyklary raýat jemgyýetiniň baş gymmatlygy bolup durýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy özygtyýarly döwletimiziň mizemez hukuk binýady bolmak bilen, halkymyzyň bitewülik, demokratiýa, ynsanperwerlik, watançylyk we adalatlylyk baradaky köpasyrlyk arzuwlaryny şöhlelendirýär. Iň ýokary hukuk güýjüne eýe bolan Esasy Kanunymyzda berkidilen kadalaryň we düzgünleriň gös-göni hereketi bardyr, kabul edilýän ähli hukuk namalary ondan gözbaş alýar. Şunlukda, hukuk ulgamynyň bitewüligi we özara ylalaşyklylygy onuň başlangyç ýörelgeleriniň umumylygyny üpjün edýär. Syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlaryndaky özgertmeler hem konstitusion gurluş bilen jebis baglanyşykly alnyp barylýar.

Gurban MYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.