Milli mirasymyzyň sarpasy

17 Maý 2023
1709

Halkymyzyň asyrlar aşyp, adamzat durmuşyndaky gadyr-gymmatyny saklap gelýän baý medeni mirasy bar. Ol gymmatlyklaryň dünýä derejesinde ykrar edilmegi bolsa buýsandyryjy ýagdaýdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu babatdaky hoş habarlaryň yzy üzülmeýär.

Has takygy, 15-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Hurini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, BMG-niň özüniň wekilçilik edýän iri düzüminiň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Hanym Golda El-Huri geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri bilen ýetirilendigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa degişli güwänamalary gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak, şeýle hem geljekde halkymyzyň sungatynyň beýleki görnüşlerini we özboluşly däp-dessurlaryny ÝUNESKO-nyň mirasynyň sanawyna girizmek boýunça häzirki wagtda durmuşa geçirilýän işler ara alyp maslahatlaşyldy.

Ýörite habarçymyz.