Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy

10 Maý 2023
1483

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris» diýýär. Şondan ugur alyp, eziz Diýarymyz parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan daşary syýasy strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, dünýäniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürýär. Şunda döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýan syýasy-diplomatik ulgamda gatnaşyklary yzygiderli alyp barmaga uly ähmiýet berilýär.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurdumyz halkara durmuşa işjeň gatnaşýar we netijeli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Kararnamalar, şol sanda «Halkara parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe goldaw bermekde we berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti», «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalar biragyzdan goldanyldy. Şeýlelikde, soňky ýyllarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan yzygiderli çäreler parahatçylyk diplomatiýasynyň we özara hormat goýmagyň ilerlemegine, köptaraplaýyn halkara dialogyň diplomatik akyma ugrukdyrylmagyna möhüm goşant boldy. Häzirki wagtda bu giň möçberli işler ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri hökmünde üstünlikli dowam etdirilýär.

«Esger».