KANAGAT ÜLKESI

4 Maý 2023
1552

Her bir adam bu durmuşda islendik bir zada ýetmek üçin öz öňünde maksat goýýar. Akyldaryň belleýşi ýaly, maksatsyz ömür ýaly biderek ýaşaýyş ýokdur. Ynsanyň jemgyýetdäki ähmiýeti ömrüne many çaýyp bilýänliginde, öňünde maksat goýup bilýänliginde hasaplanylýar. Munuň üçin bolsa, ilkinji nobatda, sabyr kanagat, soňra arzuwumyt, ynam yhlas, töwekgellik, maksada okgunlylyk gerekdir.

Biziň her bir edýän hereketlerimiz, durmuşymyz üçin ähmiýetli bolan saýlawlarymyz biziň özümizde jemleýän gymmatlyklarymyzyň netijesidir. Emma şeýle gymmatlyklar dürli dürli närselerimiz bolup biler. Ähli ynsanlar üçin jan saglyk, agzybirlik, rysgaldöwlet iň ýokary gymmatlyk hasap edilýär. Meniň pikirimçe, ynsana bagyş edilen esasy gymmatlyklaryň biri hem kanagatdyr diýip hasaplaýaryn. Çünki biziň gözýetimimize sygmaýan çäksiz belentlikde aýaklarymyz bilen ýetip bilmeýän menzillerimiz...«Kanagat ülkesi» atly ýerde ýerleşýär.

Batyr ILAMANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby.