Parahatçylygyň ýoly

18 Aprel 2023
1397

Türkmenistan Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji gününden daşary syýasatda hoşniýetli goňşuçylyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýaly ýörelgeleri saýlap aldy. Halkara gatnaşyklarynda ykrar edilen bu binýatlyk ýörelgeler täze taryhy döwrümizde has-da rowaçlanyp, ata Watanymyz dost-doganlygyň mekanyna, parahatçylyk dörediji merkeze öwrüldi.

Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy we üstünlikli hereket etmegi, hemişelik Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň wise-başlyklygyna, şeýle hem bu Guramanyň ugurdaş düzümlerine ençeme gezek saýlanmagy, ýurdumyzyň öňe süren halkara başlangyçlarydyr teklipleriniň giň goldawa eýe bolmagy daşary syýasatda gazanylan ajaýyp üstünliklerdir. Galyberse-de, bu üstünlikler berkarar Watanymyzyň alyp barýan parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen oňyn syýasatynyň dabaralanýandygyny, ýurdumyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň barha beýgelýändigini alamatlandyrýan görkezijilerdir.

Rüstem ERGEŞOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.