"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Peder ýoly dowamat

Ýodalar ýola, ýollar şaýollara öwrülip, ile ýetirýär. Döwletli-döwranly şeýle iliň arasynda öndüren-ösdürenlerinden ýalkanýan adam bakylyga öwrülýär. Sebäbi şeýle «şirin dilli ussatlaryň» — perzentlerine nusgalyk görelde görkezen ynsanlaryň ömürleri dowamata sapýar. Özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň pederi, hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly aga hem watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezip, nesilleriň görelde mekdebine öwrüldi. Ýagşyny ýaran edinmek edähedi türkmeniň ganynda bar. Atalaryny başyna täç edinýän, olaryň iýmek, geýmek, ýaşamak mynasybetlerine özlerini jogapkär saýýan ogullar, ene-mamalarynyň halal ýol-ýörelgelerini dowam edýän gyz maşgalalar diňe bir öz aňyrlaryny däl-de, eýsem, tutuş milleti bagtyýarlyga eltýär. Pederleriň taryhyň gatlaryna siňen şöhratyndan gürrüň açylsa, türkmeniň ady, aňyrdan gelýän bady, beýik işleri, ilhalar, ynsanperwer ýörelgeleri ör-boýuna galýar. Biz ony Keý-Kowsuň sargytlaryndan, goja Jygalybegiň öwütlerinden, Görogly begiň watanperwerliginden, Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan tapyp bilýäris. Türkmençilik ýolunda ýagşylyk etmek, Watany jan-tenden söýmek, ata-enäni hormatlamak, perzentlerimizi ezizlemek ýokary netije saýylýar. Il bilen toý toýlamak, ýürek arzuwlaryňy paýlaşmak, bir döwüm çöregiňi ikä bölüp, agzybirlik etmek, ýykyla

Ýangyn howpsuzlyk düzgünleri

Şu günler howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy raýatlary ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde elektrik we gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga hem-de ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmäge çagyryp, bu ugurda öz maslahatlaryny berýär. Elektrik tok geçirijileri daşky örtügi zaýalanan görnüşinde ulanmak, simleriň sütünleri birikdirilende, olary ýönekeý usulda sarap goýmak, elektrik geçirijileriň, enjamlaryň goraýjylaryny näsaz ýagdaýda ýa-da olara bölek sim sarap ulanmak, ýagtylandyryjy çyralaryň daşyna ýanyjy materiallary örtmek ýa-da golaýynda saklamak, elektrik setini çendenaşa artyk işletmek, ütügi, elektrik çäýnegidir nahar gyzdyryjylary aşagyna oda durnukly materiallary goýmazdan ulanmak howpludyr. Elektrik enjamlaryny gurnamak işi diňe şol ugurdan işleýän hünärmen tarapyndan amala aşyrylmalydyr. Enjamlaryň iş ýagdaýlaryna yzygiderli gözegçilik ýola goýulmaly, birikdirijileriniň elektrik togy garşylyklaýyn geçip gyzmagynyň öňüni almak üçin olaryň öýjükleriniň berk gysylyp durmagy üpjün edilmeli. Enjamlaryň elektrik togunda näsazlyklar dörän ýagdaýynda awtomatik ýagdaýda öçmegini üpjün edýän goraýjylar oturdylmaly.

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) ENÄNIŇ HATDA ÝAZGYDAKY OWAZY HEM ONUŇ ÇAGA BILEN ÖRKÜNI MÄKÄMLEŞDIRÝÄR

Peder pendine ygrarly

Täze taryhy döwürde jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny we ahlak taýdan kämilligini üpjün etmek, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň hem-de tutuş adamzadyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän däplerini durmuşa ornaşdyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda aýratyn uly orna eýedir. Halkymyzda maşgalada ata-enä hormat goýmak, her başlan işiňi olaryň maslahaty, ýol görkezmesi esasynda alyp gitmek däbi bar. Bu bolsa şol işiň şowly bolmagyna getirýär. Haýsy işiň başyna bar, islendik käri saýla, tapawudy ýok, maslahatly işleriň netijesi elmydama üstünlikli bolýar. Çagalygyndan bu häsiýetleri özünde jemlän ynsan tutanýerli, maksada okgunly, adamkärçilikli bolýar. Biz muňa hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly aganyň ömür ýolunyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris.

Uly mümkinçilikleriň giňişligi

Hazar deňzi müňýyllyklaryň dowamynda kenarlarynda ýaşan halklar üçin bereket çeşmesi bolupdyr. Bu gün dost-doganlygyň we hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde tanalýan Hazaryň geostrategik ýerleşişi hem-de jümmüşinde jemlenen tebigy baýlyklaryň gorlary kenarýaka döwletlerine uly ykdysady mümkinçilikleri açýar. Ählumumy abadançylygyň bähbidine Hazaryň tebigy gurşawyny goramak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan has ilerledilýän ekologik maksatnamalaryň esasyny düzýär. Tebigatyň täsinligi — Hazar deňzi biziň günlerimize çenli ajaýyp gözelligini we tebigy künjekleriniň köpdürlüligini, baý ösümlik we haýwanat dünýäsini saklap gelipdir. Deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemiki, ýagny diňe şol ýere degişli bolup, sebitiň biologik köpdürlüliginiň gymmatly genofonduny düzýär.

Berjaý edilmeli düzgünler

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän eýeçiliginiň görnüşine garamazdan binalardyr desgalarda we olaryň çäklerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çärelerine örän ünsli bolmalydygyny ýatladýar. Binalaryň üçekleriniň girelgelerinde, ammarlarda, önümçilik ýa-da edara goşlary saklanýan jaýlarda we beýleki ýerlerde päsgelçilik döredýän zatlary goýmak gadagandyr. Üçekleriň we ýerzeminleriň girelgelerini açyk goýmak kada laýyk däl. Işjeň ýagdaýdaky elektrik enjamlary, gurallary we elektrik kabul edijileri gözegçiliksiz galdyrmaly däldir. Döwlet ýangyn gözegçiligi bilen ylalaşylmadyk ýerlerde dürli elektrik gyzdyryjy enjamlaryny ulanmak, ýeňil tutaşýan ýanyjy suwuklyklary, şeýle hem beýleki ýangyn howply çig mallary saklamak gadagandyr. Ýerli häkimliklerden, Döwlet ýangyn howpsuzlygy müdirliginden ygtyýarnama almazdan, jaýlary özbaşdak täzeden üýtgedip gurnamaga we binadyr desgalary gurmaga rugsat berilmeýär. Edaranyň çäginde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we raýatlaryň wagtlaýyn ýaşamagyna ýol bermek, binalarda we olaryň çäklerinde çilim çekmek, açyk ody, şemleri, feýerwerkleri, pirotehniki önümleri saklamak we peýdalanmak gadagandyr.

«Takyrja oglanly» ýatlama (Durmuş we biz)

Ikindiden soň: «Çigit-beýleki alaýyn» diýip, dükana gitdim. At münüp, atam gomlap gidilip-gelinýän ýer bolmasa-da, gyzgynda şonam kyn görüp, köplenç, oturyberýän. «Selim dükany» diýen ýazgynyň deňine ýetibem: «Wah, goňşy jan, daşyna hernäçe agtygyň adyny daksaňam, barybir, öz adyň bilen tanalýar seniň şu dükanyň» diýşime, ýylgyrasym geldi. Eýesiniň üýtgeşik adyndanmy ýa mekdebiň ýany bolansoň, hemmä golaýlygyndanmy, garaz, alyjysy artmasa, kemelenok şu dükanyň. Şonuň üçin gerek-ýaragy çykan: «Klosuňka baryp-gaýtjak» diýip eňiberýär. Göz öňüme getirýän welin, obadaky dükanlaryň köpüsi daşyna ýazylan at bilen däl-de, eýesiniň ady bilen tanalýar. Onsoň il içinde: «Hanyňky», «Pöküleňki», «Orazdurdyňky»... diýen ýaly sözlerem ýygy eşidilýär. Eýesiniň ady bilen tanalýan dükandan çykyşyma, ýolda bir topar oglanjyklara gabat geldim. Mekdebe oýnamaga barýandyklaryny soramasamam bilýän-dä. Yzyma garama-gara öýe ýetdim. Gelibem, aýagy döwlüp, iki aý bäri oňly daşaryny görmeýän ejemi daşarda oturmaga yrdym. Erbet ýüregim gysýar özümiňem. Günüň ýüzi gaýdyşanam bolsa, çalaja gyzgyn şemal öwüsýär. Üzümimiz bişipdir, birlän-ikilän saralanja injirlerem görünýär. «Iýseň, alaýyn!» diýdim ejeme. Üzümleriň süýjäp ugranyny näbilýäňiz diýsene, eýýäm ary bary hozanak daşynda. Bir salkymy dagy şol durşuna aýraýypdyrlar. Gahar gatyşykly: «Hap-hap, öýüňize myhman gelipdir!» diýip kowşuma, zordan iki sal

Şadyýan tomus — 2024

Erjeller ýeňiş gazandy «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny hoş geçirmeklerini gazanmak, olary sporta höweslendirmek, has erjel çagalary ýüze çykarmak maksady bilen, golaýda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň guramagynda sport çäresi geçirildi. «Biz bagtyýar çagalar» atly şygar bilen geçirilen sport ýaryşlaryna iň çalasyn oglan-gyzlardan düzülen toparlar gatnaşdylar.

Söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi

Kitaphanamyzda okyjylar bilen söhbetdeşlik duşuşygyny guradyk. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Edilen çykyşlara dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrlarynyň ýaşlary millilik, watansöýüjilik, dostluk we birek-birege hormat goýmak ruhunda terbiýelemekdäki gymmaty hakynda gürrüň edildi. Ildeşlerimiz ynsanlary ahlaklylyga, sagdynlyga, agzybirlige ruhlandyrmagyň beýik şahyryň şygryýet dünýäsiniň düýp mazmunyny düzýändigini nygtadylar. Şeýle hem akyldar şahyryň dünýä dillerine terjime edilen goşgularyndan parçalar okaldy. Çykyşlarda berkarar döwletimizde söz ussadynyň döredijiligini öwrenmek we dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine hem aýratyn üns çekildi. Kitaphanaçylarymyzyň şanly ýylymyza bagyşlap guran kitap sergisi myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Kanunlar — kämilligiň binýady

Döwletimiziň kanunçylyk binýadynyň yzygiderli berkidilmegi we kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam edýär. Bu ugurdaky işler döwletimiziň has hem kuwwatlandyrmak bilen birlikde halkymyzyň bagtyýar durmuşyny şertlendirýär. Biz hem raýatlar toparlarynyň arasynda geçirilýän duşuşyklarda halkymyzyň göwnejaý ýaşaýşyny, dynç alşyny, raýatlarymyzyň iş üpjünçiligini we zähmet şertlerini gowulandyrmak maksady bilen ýurdumyzyň käbir kanunçylyk namalaryna girizilýän goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň ähmiýetini düşündirýäris. Görnüşi ýaly, ilaty durmuş taýdan goramak maksady bilen durmuşa geçirilýän şeýle kanuny özgertmeler, toplumlaýyn işler halkymyzyň ýagty ertirlerine ynamy has-da artdyrýar. Watanymyzyň nurana geljegini nazarlaýan şeýle beýik işlere gatnaşmak biz üçin uly mertebedir.

Ynsan saglygy — iň gymmatly baýlyk

Ýurdumyzda adam we onuň saglygy ugrundaky aladalardan ugur alyp, şu günler etrabymyzdaky sport mekdepleriniň türgenleriniň arasynda wagyz-ündew işlerine giň gerim berýäris. Şeýle ähmiýetli çärelerde tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy netijesinde ýüze çykyp biljek hadysalara aýratyn üns çekilýär. Wagyz-ündew işleriniň dowamynda çagalary we uly ýaşlylary gün urmakdan, suwa gark bolmakdan goramagyň we tebigatda ýangynyň döremeginiň öňüni almagyň zerurlygy dogrusynda wekilleriň çykyşlaryna giň orun berilýär. Şeýle hem dürli ýagdaýlarda raýatlara lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligiň düzgünleri düşündirilip, dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak ündelýär.

Täsirli söhbetdeşlik

Gökdere jülgesindäki “Bagtyýar nesiller” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde wagtyny şadyýanlykda geçirýän çagalaryň arasynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu çäre welaýat kitaphanasy tarapyndan guraldy. Welaýat kitaphanasynyň göçme kitap sergisini synlap, ondan uly täsirleri alan çagalar söhbetdeşlige işjeň gatnaşdylar. Kitaphananyň neşirleri saklamak bölüminiň kitaphanaçy-hünärmenleri çagalara özleriniň alyp barýan işleri, kitap okamagyň peýdasy, täze taryhy döwrümizde ýaş nesillere niýetlenip neşir edilýän kitaplar, çeper eserler barada täsirli gürrüň berdiler. Soňky ýyllarda neşir edilen eserleriň birnäçesiniň terbiýeçilik ähmiýetine üns çekilmegi çäräniň many-mazmunyny artdyrdy.

Bagtly günleriň gujagynda

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bagtly çagalygyň mekanyna öwrülen eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi,  ylym-bilimli, terbiýeli, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalary edýärler. Şol aladalar her bir çaganyň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslenýän häzirki tomusky dynç alyş möwsüminde has-da aýdyň ýüze çykýar. Biziň — mekdep okuwçylarynyň dynç alyş günleriniň şadyýan, gyzykly, täsirli geçirmekleri üçin ýurdumyzda hereket edýän  döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ähli şert-mümkinçilikler döredilen. Bu merkezlerde çagalar saglyklaryny berkidip, rahat, şadyýan dynç alýarlar, dürli bäsleşiklere, sport ýaryşlaryna gatnaşýarlar. Ýetip gelýän täze okuw ýylyna taýýarlykly, ýokary ruhubelentlikde barmakda dynç alyş günleriniň täsiri örän uludyr. Biziň okamagymyz, göwnejaý şertlerde dynç almagymyz üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Wagyz-nesihat çäresi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň guramagynda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň, lukmanlaryň gatnaşmagynda oba ýaşaýjylary bilen duşuşyklar geçirildi. Şol duşuşyklaryň dowamynda sagdyn durmuş ýörelgesi, ýaşlaryň ýaramaz endiklerden daşda durmagy, sport bilen meşgullanmaklary barada giňişleýin söhbet edildi. Çärelere gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzyň bedew bady bilen öňe barýandygy, medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalaryň gurlup ulanmaga berilýändigi, bularyň ählisiniň ýurdumyzda  adam hakyndaky aladanyň bimöçberdigini görkezýändigi barada buýsanç bilen nygtadylar. Duşuşyklara gatnaşanlar halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

Ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlyk ähli ugurlarda okgunly ösdürilýär

5-nji aw­gust­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň we Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­wiň ara­syn­da

To­mus pas­ly üçin mas­la­hat­lar

To­mus pas­ly­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da geý­niň! Gü­nüň ýi­ti şöh­le­sin­den go­ran­mak üçin baş­gap geýiň, ýag­lyk da­ky­nyň!

Hor­mat or­de­ni bi­len sy­lag­lan­dy

Bel­li rus ýa­zy­jy­sy Alek­sandr Sol­že­ni­sy­nyň aýa­ly, ýan­ýol­da­şy­nyň ady­ny gö­ter­ýän gaz­na­nyň baş­ly­gy Na­tal­ýa Sol­že­ni­sy­na «Wa­tan öňün­dä­ki hyz­mat­la­ry üçin» III de­re­je­li or­den bi­len sy­lag­lan­dy. Bu ba­ra­da­ky ka­ra­ra Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin gol çek­di. «Na­tal­ýa Sol­že­ni­sy­na «mil­li me­de­ni­ýe­tiň ös­me­gi­ne, iş­jeň ha­ýyr-sa­ha­wat we jem­gy­ýet­çi­lik iş­le­ri­ne go­şan uly go­şan­dy üçin» sy­lag­lan­dy» diý­lip, res­mi­na­ma­da bel­le­nil­ýär. Pre­zi­dent ýa­zy­jy­nyň ýan­ýol­da­şy­ny dog­lan gü­ni bi­len gut­la­dy we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da ha­ýyr-sa­ha­wat hem-de aň-bi­lim ýaý­ra­dy­jy­lyk däp­le­ri­niň ös­me­gi­ne goş­ýan go­şan­dy­ny, rus emig­ra­si­ýa­sy­nyň ta­ry­hy­ny, ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny we ru­hy mi­ra­sy­ny öw­ren­mä­ge gy­zyk­lan­ma dö­red­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le hem Na­tal­ýanyň dur­mu­şy­nyň baş we­zi­pe­si­niň öz­bo­luş­ly eser­le­ri we yn­san­per­wer pi­kir­le­ri, şüb­he­siz, rus me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lan Alek­sandr Sol­že­ni­sy­nyň ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny go­ra­mak­dy­gy­ny aýt­dy.

Bu­ker baý­ra­gy­nyň uzyn sa­na­wy

2024-nji ýy­lyň «Bu­ker» baý­ra­gy­nyň uzyn sa­na­wy mä­lim edil­di. Şu ýyl­ky ab­raý­ly baý­ra­ga hö­dür­le­nen 156 ki­ta­byň 13-si sa­naw­da orun al­dy. Bu möw­süm­dä­ki Bu­ker baý­ra­gy­na da­laş­gär­le­riň ýa­ry­sy­na go­la­ýy ge­çen ýyl­lar­da­ky gat­na­şy­jy­lar­dan yba­rat. Ola­ryň ara­syn­da 20-den gow­rak ro­ma­nyň aw­to­ry bar. My­sal üçin, Per­si­wal Ewe­rett 2022-nji ýyl­da «Agaç­lar» ro­ma­ny üçin gys­ga sa­na­wa gi­ri­zi­lip­di. Reý­çel Kuş­ner («Mars ota­gy») we Ri­çard Pauers («Ýokarky hatar») ýa­ly aw­tor­lar bol­sa, An­na Bernsiň «Süýt sa­ty­jy­syn­dan» as­gyn ge­lip, 2018-nji ýyl­da gys­ga sa­na­wa gi­ri­zi­lip­di.

Ýat­la­ma­lar ki­ta­by­ny çy­ka­rar

ABŞ-nyň öň­ki Pre­zi­den­ti Do­nald Tram­pyň aýa­ly Me­la­ni­ýa Tramp iki gör­nüş­de ter­ji­me­hal ki­ta­by­ny çy­kar­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Bu ba­ra­da ABŞ-nyň öň­ki bi­rin­ji ha­ny­my­nyň web saý­tyn­da ha­bar be­ril­ýär. «Me­la­ni­ýa» diý­lip at­lan­dy­ryl­jak bu ki­tap­da şah­sy ba­bat­da kä­mil­li­ge ýe­ten, päs­gel­çi­lik­le­ri ýe­ňip ge­çip, dur­muş­da öz ýo­lu­ny go­ýan ze­na­nyň güýç­li ta­rap­la­ry we yl­ham be­ri­ji baş­dan ge­çi­ren wa­ka­la­ry ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. «Ki­tap­da öz­bo­luş­ly dur­muş­da ýa­şan öň­ki bi­rin­ji ha­ny­myň keş­bi bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len be­ýan edi­lip, oky­jy­la­ry öz dün­ýä­si­ne im­rin­dir­ýär» diý­lip, ýat­la­ma­lar ki­ta­by­nyň söz­ba­şy­syn­da bel­le­nil­ýär. Ki­ta­byň sa­hy­pa­la­ryn­da ozal hiç ýer­de çap edil­me­dik su­rat­la­ryň we ýat­la­ma­la­ryň bol­jak­dy­gy ha­bar be­ril­ýär.

XXI asy­ryň iň go­wy 100 ki­ta­by

«New York Ti­mes» ga­ze­ti XXI asy­ryň iň go­wy 100 ki­ta­by­nyň sa­na­wy­ny ne­şir et­di. Ga­ze­tiň iş­gär­le­ri aw­tor­la­ryň, edebi tan­kyt­çy­la­ryň we ede­bi­ýa­ty söýüjile­riň ara­syn­da 2000-nji ýyl­dan bä­ri ne­şir edi­len iň oňat 10 ki­ta­byň ady­ny aýt­ma­gy­ny ha­ýyş edip, pi­kir so­ra­ly­şyk ge­çir­diler. Ne­ti­je­de, sa­na­wy düz­mä­ge 503 adam gat­na­şyp, ola­ryň ara­syn­da Sti­wen King, Jeýms Pat­ter­son, Sa­ra Jes­si­ka Par­ker, Mar­lon Jeýms ýa­ly meş­hur ýa­zy­jy­lar we beý­le­ki­ler bar. – Siz özü­ňi­ziň oka­mak is­le­ýän ki­ta­by­ňy­za ga­bat ge­ler­si­ňiz ýa-da ýe­ne-de eli­ňi­ze alyp gör­mek is­le­ýän iň söý­gü­li ki­ta­by­ňy­za du­şar­sy­ňyz di­ýip umyt ed­ýä­ris. Oza­ly bi­len, siz hem eserlerde hö­dür­le­nen pi­kir­le­riň, tej­ri­be­le­riň we ar­zuw-hy­ýal­la­ryň giň­li­gine haý­ran ga­lar­sy­ňyz we edil biz ýa­ly ruh­la­nar­sy­ňyz – di­ýip, ne­şir­de bel­le­di­ler.