"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Bagtymyzyň gözbaşy

Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşmagyna mümkinçilik berdi. Şanly Garaşsyzlygymyza, halkymyz asuda, abadan, erkin hem-de bolelin durmuşda ýaşamaga, döretmäge, däp-dessurlarymyzy gorap saklamaga giň ýol açdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ähli ulgamlarda dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Gurlup, ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlarydyr saglygy goraýyş we medeni-durmuş maksatly binalar kämil enjamlar bilen üpjün edilýär. Agzybir halkymyzyň toýlary-toýa, baýramlary-baýrama ulaşýan Diýarymyzda Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň şanly senesi abadançylygyň, gülläp ösüşiň nyşany hökmünde dabaraly bellenilip geçiler. Çünki, Garaşsyzlyk bize asudalygy, abadan durmuşy peşgeş berdi.

Ata watan toýa barýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bagtyýar ýaşlary ýurdumyzyň her bir ýylynyň taryhy wakalara, şanly senelere beslenýändigine ruhlanýar. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan aýdyň Maksatnamalaryndan ugur alýan ýaşlarymyz Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny ýokary görkezijiler bilen dabaralandyrmagy maksat edinýärler. Ata Watanymyzda gurlup, ulanylmaga berilýän ajaýyp binalar, sport mekdepleri, stadionlar we sport desgalary ýaşlarymyzyň sport bilen meşgullanmagyna giň ýol açýar. Munuň özi gujurly ýaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesinden ugur alýandyklaryndan nyşandyr. Milli Liderimiziň tutumly işlere badalga bermegi bilen bu döwür içinde ýaş nesliň okap, bilim almagy, ýokary hünärli ýaşlar bolup ýetişmegi, halal zähmet çekmegi, durmuş goraglylygy hem-de pederlerimiziň ýol-ýörelgeleri bilen ugrukdyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň Maksatnamalaryndan ugur alyp sagdyn durmuş ýörelgesiniň gerim almagynda wagyz-nesihat çäreleriniň meýilnama esasynda geçirilmegi öz miwesini berýär.

Guwançly ýyllaryň şamçyragy

Hormatly Prezidentimiziň öz halkyna peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyllary şamçyrag bolup geljegimize şöhle saçýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň teklibi bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan ýylymyzyň hem şeýle ýyllaryň hataryndadygy guwandyrýar. Milli Liderimiziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk we özara ynanyşmaga esaslanýan aýdyň ýoly rowaç alýar. Şanly ýylymyzyň ýene bir aýratynlygy bolsa, taryhy wakalaryň şatlyk-şowhuna beslenjekdigidir. Ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň barha golaý gelýän 140 ýyllygynyň toý-dabarasy il-günümiziň guwanjyna guwanç goşýar. Milli Liderimiziň ýadawsyz tagallasy bilen merkezi şäherimiziň meşhurlygy dünýä dolýar. Bu guwançly seneden soň milli buýsanjymyza öwrülen Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýuna taýýarlyk işleri has-da rowaçlanar. Bu bolsa toýlary toýlara ulaşýan türkmen halkyny ýeňişli menzillere, eşretli günlere ruhlandyrýar.

Göwünleriň ganaty

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda gözel Diýarymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak ajaýyp senelere beslenýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda dabarasy dünýä doljak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçiler. Geçmişde ata-babalarymyzyň arzuwlap giden erkinligi, azat durmuşy bu günki gün baky bagtyýarlyk zamanasynda amala aşdy. Halkymyz özüniň mukaddes Garaşsyzlygyna, özygtyýarlygyna eýe boldy. Garaşsyzlyk — köňülleriň buýsanjy, gözlerimiziň röwşen nury hasaplanylýar. Çünki, Garaşsyzlyk göwünleriň ganatydyr, kalplaryň zynatydyr.

Ýeňişli gadamlar

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öz halkyna peşgeş beren bagtyýarlyk zamanamyzyň ýyllary Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň şat-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Milli Liderimiziň goldamagynda şu ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi il-günümizde guwanç duýgusyny döretdi. Sebäbi döwlet Baştutanymyzyň teklibi bilen BMG--niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi şanly ýylymyzyň şöhratyna şöhrat goşýar. Parahatçylyk arkaly ösüşiň ýoluny saýlan Garaşsyz, Bitarap döwletimiz hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürýär. Özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär. Bu ýörelge Garaşsyz döwletimiziň ösüş-özgerişli menzillerine itergi berip, ata Watanymyzyň halkara abraýynyň arşa çykmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Özgerýän we gülläp ösýän Aşgabat milli Liderimiziň döredijilik ylhamynyň nyşanydyr

Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenilýän şanly senelere — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna gabatlanylan nobatdaky makala ak mermerli Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen, abraýly halkara baýraklara mynasyp bolan binagärlik täsinliklerine bagyşlanýar.

Garaşsyzlyk — döwletliligiň berk binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň binýadyny pugtalandyrýan ägirt uly ösüşlere beslenýär. Häzirki wagtda mähriban halkymyz Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk şanly baýramyny ýokary ruhubelentlikde garşylamaga taýýarlyk görýär. Taryh üçin gysga döwürde Türkmenistan Watanymyz ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek bilen, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz tutuş jemgyýetimizi gurşap alýan kuwwatly, oňyn özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary depginli durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we düzümini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan ugurlary kesgitlemek ileri tutulýar. Bazar gatnaşyklaryny ugur edinýän döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň innowasion senagatlaşmagy, senagat pudagy ösdürmekde tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagy, olaryň gaýtadan işlenilmegi netijesinde halk hojalygy üçin zerur ekologiýa taýdan arassa önümleriň öndürilmegi döwletimiziň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň durmuşa geçirilmegine oňyn şert döredýär.

Buýsançly kelamym saňa, Aşgabat!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda agzybir halkymyz ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuny şatlyk-şowhuna besleýär. Waspy dillerde dessana öwrülen, şähergurluşyk-binagärlik taýdan ajaýyp binalarydyr desgalary öz goýnunda jemläp, «Aziýanyň merjeni» adyny alan paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ösüşleri halkymyzyň kalbynda buýsanç duýgusyny döredýär. Hormatly Prezidentimiz ýurt Baştutany wezipesine girişenden, ata Watanymyzyň paýtagtyny ösdürmek, keşbini gözelleşdirmek babatynda giň gerimli şähergurluşyk syýasatyny alyp bardy. Soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ähli ýerinde ýaşaýyş jaýlarydyr edara-kärhanalar, dürli maksatly desgalar, seýilgäh toplumlary guruldy. Şaýollaryň ugrunda ýerasty we ýerüsti geçelgeler guruldy, köçäniň aýlawly çatryklarynda milli gymmatlyklarymyzy hem-de ýurdumyzyň ulgamlaryndaky ösüşleri alamatlandyrýan heýkeller oturdyldy. Bu bolsa şäherlerimiziň görküne görk goşup, ýurdumyzyň binagärlik keşbiniň kämillik derejesiniň belende göterilendigini äşgär edýär.

Penam bolup parla, ýaşyl Baýdagym!

Baýdak — baýlyk, barlyk. Berkararlyk, bagtyýarlyk. Bu gymmatlygyň bahasyna çäk ýokdur. Ömür ol, döwür ol. Şöhrat ol, şan ol. Jahan ol, jan ol.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda

Türkmen kalbynyň aýnasy, bu ýyl ýyllar seresi,Bu Diýary göreniň ýene geler göresi,Bagy-bossan, gül-gülüstan, dagy, düzi, deresi,Hasyl bolar Arkadagyň ynsanperwer çözgüdi,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda. Çaýylandyr altyn-kümüş gümmezine köşgüniň,Küştdepdisi beýanydyr ýürekdäki yşkynyň,Ak mermerli Aşgabadym gujagydyr ýaşlygyň,Buýsanç bilen dünýä dolan hoş habarym, buşlugym,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda.

Ak şäheriň melhem suwy

«Berzeňňi» şypahanasyna waspnama 1967-nji ýylda açylan mineral suwly çeşme «Berzeňňi» şypahanasynyň taryhyny düzýär. Ýöne kyrk bäş ýyldan soň, «Berzeňňi» şypahanasy alym Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen bagtyýar halkymyzyň hyzmatyna berildi we sebit hem-de dünýä ähmiýetli döwrebap şypahana öwrüldi.

Bakylyk sen, Aşgabat!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň«Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyndan Aşgabat kalby söýgüden doly ynsanlaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan şäheri.

Ertekä meňzeş hakykat

Aşgabatda ýaşy togsany eteklän daýym ýaşaýar. Oňa Annaberdi aga diýýärler. Öňräk Aşgabada görme-görşe bardyk. Olaryň öýi şäheriň günortasynda täze gurlan beýik jaýlarda, özem iň ýokarky gatynda. Tüýs bulutlaryň deňesinden şäheri synlap oturmaly diýen ýerde. Biziň ýanymyzda daýym bilen hatardaş Töre agam hem bardy. Ol on ikinji gatdan şäheri synlap durşuna özüniň haýran galmasyny daşyna çykardy. — Şähere gelmänimize ep-esli wagt bolupdyr. Birwagtlar bu ýerde ýaşap giden hem bolsam, indi azaşjak. Biziň göz öňümizdäki birwagtky Aşgabat gaty özgeripdir. Ýogsamam, bu oturan ýerimiz Aşgabadyň niresi bolýar?!

Aşgabadyň arzyly myhmanlary

25-nji maýda döredilen gününiň 140 ýyllygy uludan toýlanyljak merjen şäherimiz Aşgabat dost-doganlyk merkezi hökmünde giňden tanalýar. Dostlukly ýurtlaryň tanymal ýazyjy-şahyrlary hem-de sungat ussatlary öz türkmen kärdeşleri bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, edebi we medeni gatnaşyklaryň dowam etdirilmegine uly goşant goşdular. Biz dürli ýyllarda mermer paýtagtymyzda myhmançylykda bolan belli söz we sungat ussatlary bilen okyjylarymyzy tanyşdyrmagy makul bildik.

Gaznasy baý kitaphana

Russiýa Federasiýasynyň döwlet kitaphanasynyň GDA gatnaşyjy döwletleriň kitaphanalary bilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bölüminiň müdiri Ýelena Nikolaýewna Kubrýak häzirki döwürde bu ulgamda alnyp barylýan işleriň giň gerimde dowam etdirilmegine saldamly goşant goşýar. Ol GDA gatnaşyjy döwletleriň kitaphanalar ulgamy üçin neşir edilýän «Ýewraziýanyň Kitaphanalar Assambleýasynyň habarnamasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň işjeň agzasy hökmünde hem giňden tanalýar. Ý.N.Kubrýak 2019-njy ýylyň 15 — 16-njy maýy aralygynda Aşgabatda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumyna gatnaşyp, ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işgärleri bilen duşuşdy. Golaýda Ý.N.Kubrýak özüniň bu ugurda alyp barýan işleri dogrusynda ýazan makalasyny redaksiýamyza iberdi.

Bäş müçäniň agramy

Tanaýanlaryň köpüsi Döwran Agalyýewi suw ugrundan hünärmendir öýdýärler. Onuňam düýp sebäbi, esasy käriniň daşyndan on bäş ýyllap suw bilen içgin gyzyklanýar. Şeýdibem, bu ugra degişli makalalarynyň köp sanlysy gazet-žurnallarda çap edilýär. Dogabitdi endigidir-dä, Döwrangeldi Agalyýewiň boş oturanyny görjek gümanyň ýok. Hemişe işi bilen ber-başagaýdyr. Gazet işiniň daşyndan ýüz tutýan ýazyjy-şahyrlaryň kitaplaryny redaktirlemegem irnik görenok, «halypa» diýip gelýän ýaş kärdeşlerine hemaýat-maslahatynam bolluk bilen berýär. Täze kitaplary sypdyrman okaýar, hemişe özüni «igeläp durýar». Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty, amala aşyrýan işleri galamynyň baş senasy.

Akabadan gözbaş alan

Belentlikden gaýdyp, ömürboýy teşneligi gandyrmaga hyzmat edýän akabalar bolýar. Şol akabalardan ýolboýy dürli bulaklar gözbaş alyp, onuň joşgunly ömrüni özboluşly dowam edip, akabanyň ömrüne dowamat bolýarlar. Ynsanlaryň ömür ýoly hem şol akaba meňzeýär. Olar döreden zatlary bilen ynsanlaryň hakydasynda baky orun tutýar. Biziň söhbedini etjek şahyrymyz Röwşen Taganyň döredijilik ýoly hem şol akabalardan gözbaş alyp gaýdýan joşgunly bulaga kybapdaş. Ol dädesi, halkymyzyň belli ýomakçy şahyry we satirik ýazyjysy Pyhy Taganyň kesbini özboluşly döredijilik ýoly bilen dowam etdirýär.

Gözel mekanyň waspy

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalary halka gyzgyny bilen ýetirmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň möhüm ugry bolan metbugatyň işine aýratyn orun degişlidir. Paýtagtymyzdaky dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň açylmagy çaphana işini döwrüň ösen talaplaryna laýyk guramaga giň ýol açdy. Şu günler Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde hem dürli çäreler geçirilýär. Bu ýerde zähmet çekýän halypa mugallymlar ýaşlara hünär öwretmek bilen bir hatarda ýurdumyzyň şanly senelerine saldamly goşantlaryny goşýarlar. Muňa suratkeş mugallym Täçjemal Gylyçdurdyýewanyň ýolbaşçylygynda talyplaryň arasynda «Gözel mekanym» atly kitabyň bezeg işini döretmek boýunça bäsleşigiň yglan edilmegi hem şaýatlyk edýär. Bäsleşigiň maksady kitabyň bezeg işi ýerine ýetirilende her talybyň öz pikirini, dünýägaraýşyny, estetiki duýgularyny, döredijilik ukyplaryny açyp görkezmekden, paýtagtymyzda ýerleşýän binalaryň, ýadygärlikleriň milli öwüşginlerini beýan etmekden ybarat. Bu bolsa talyp ýaşlaryň döredijilik ukybynyň kämilleşmegine, saýlap alan hünärlerini içgin öwrenmegine ýardam edýär.

Toý şatlygy bilen joşýar aşgabat

Bagtyýarlyk döwründe şanly 140 ýyllyk toýuny belleýän ýurdumyzyň paýtagty medeniýetiň, sungatyň, bedenterbiýe-köpçülikleýin çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrülýär. Muňa baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzyň gözel künjeklerinde guralýan dabaralar hem şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda gözel şäherimiziň ajaýyp toýuna ähli pudaklar öz mynasyp toý sowgatlary bilen gelýärler. Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyz bu toýa özüniň gymmatly sowgadyny — «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyny peşgeş berdi. Milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitaby ýurdumyzyň baş şäheriniň şöhratly taryhyna, şu gününe we gazanýan üstünliklerine, eýeleýän belent sepgitlerine bagyşlanýar. 8-nji maýda paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşen «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda Gurluşyk we senagat toplumynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň guramagynda milli Liderimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşyjylar Aşgabadyň 140 ýyllygynyň öň ýanynda türkmenistanlylara şeýle ajaýyp kitaby peşgeş berendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.

Agzybirligiň, asudalygyň, jebisligiň esasy

Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli, ynsanperwer syýasaty netijesinde jemgyýetimiziň we döwletimiziň demokratik ýörelgelerini hem-de hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, her bir raýatyň syýasy, ykdysady, durmuş hukuklaryny üpjün etmek ýokary derejede amala aşyrylýar. Bu işler halkymyzyň asylly däpleriniň umumy ykrar edilen halkara ýörelgeleri bilen sazlaşygynda alnyp barylýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy — bu türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň, ýurt asudalygynyň nyşanydyr. Al-asmanda pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz — bu ata Watanymyzyň, ene topragymyzyň ezizligini, mähribanlygyny, elmydama goraglylygyny alamatlandyrýar. Şu ýyl türkmen halky agzybirlikde, asudalykda we bagtyýarlykda, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuny, gözel Aşgabadymyzyň 140 ýyllyk şanly senesiniň baýramçylygyny dabaraly belleýär. Ýurdumyz döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň, ýagny 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýus