"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Üstünligiň açary

Ýigrimi ýedinji söhbet  «7/24.tm», №28 (59), 12.07.2021.

Şanly ýylda täze önümçilik

Bu hojalyk jemgyýetiniň «Toýly» diýlip atlandyrylmagy ýöne ýerden däl. Çünki ol halkymyzyň naýbaşy toýunyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan bellenilýän senesinde işe başlady. «Toýly» hojalyk jemgyýeti «Markow» haryt nyşanly kofeleri gaplamagy ýola goýdy. Bu hojalyk jemgyýeti gaplaýan üýtgeşik tagamly kofe önümleri bilen halkymyzyň arasynda tiz wagtda adygyp ugrady. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň çäginde ýerleşýän hojalyk jemgyýetinde öz işine ussat hünärmenleriň 50-den gowragy zähmet çekýär. Munuň özi ýaşlar üçin täze iş orunlarynyň hem döredilendigini aňladýar. Önüm üçin çig mal daşary ýurtlardan getirilýär. Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan kofe däneleri ýuwlup, guradylyp, gowrulyp, üwelip, göze gelüwli gaplara gaplanylýar. Bu ýerde her günde 10 tonna golaý kofe gaplanyp, içerki bazara goýberilýär.

Ýurdumyzyň altyn gaznasy

Türkmenistanda telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak we ösdürmek döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde hususy ulgama aýratyn orun degişlidir. Bagtyýar zamanamyzda ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklarynyň ýörelgeleri esasynda ösdürmek bilen, halk hojalyk toplumynyň döwlete dahylsyz ulgamyny netijeli hem-de sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen amatly hukuk, maliýe-ykdysady we durmuş şertleri döredilýär. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2018 — 2024-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny yzygiderli amala aşyrmagyň çäklerinde hususy işewürler üçin ýer böleklerini bermegiň düzgünleriniň, karz, gümrük we söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi, şeýle hem sebitlerde erkin ykdysady zolaklary döretmegi işjeňleşdirmek boýunça çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işler ýurdumyzda telekeçiligi işjeňleşdirmek arkaly durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Öýleriň bezegi — «Aýbölek»

Oňyn özgertmeleriň giň gerimleýin amal edilýän ajaýyp zamanasynda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda işewürleriň işleriniň ilerlemegine döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Şonuň netijesinde häzirki wagtda hususyýetçilige döredilip berilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp, zähmet çekýän telekeçilerimiziň öndürýän önümleri dünýä bazarlarynda giň alyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanylýar. Türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň ýurdumyza getirilýän önümleriň ornuny tutmak bilen, daşary ýurt bazarlarynda-da mynasyp orun tapmagy her bir türkmenistanlyny çäksiz buýsanja besleýär. Çagalykda agaçlardan dürli önümleri ýasamaga bolan arzuwymyň ýetginjeklikde, ýetginjekkäm şahsy mebel dükanyny açmaga bolan islegimiň kämillikde wysalyna gowuşandygyny ýatlamak ähli türkmenistanlynyň ýüreginde hemişelik ýaşaýan «Türkmenistan bagtyýar çagalygyň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdudyr» diýen jümläni biygtyýar dilime getirýär.

Telekeçiler — ýurdumyzyň altyn gaznasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinden, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi baradaky tagallalaryndan egsilmez ylham we güýç alýan mähriban halkymyz joşgunly zähmet çekip, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda uly netijeleri gazanýarlar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy dünýäniň öňde barýan döwletleriniň hataryna goşmak, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini dowamly ýokarlandyrmak babatynda alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty gysga wagtyň içinde öz oňyn netijelerini görkezdi. Şunda milli ykdysadyýetiň hususy bölegini goldamak işleri hem ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykaryldy. Ýurdumyzda hususy işewürligi ösdürmek we telekeçilik işi bilen meşgullanýan adamlary goldamak üçin oňaýly şertler döredildi. «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi, ýurdumyzda «Rysgal» täjirçilik paýdarlar bankynyň döredilmegi, «Syýasy Partiýalar hakynda» Kanunyň kabul edilmegi bu ugurda ädilen ilkinji ädimlerdir. Milli Liderimiziň badalga bermegi bilen, ýurdumyzda telekeçiligiň ösmegi, bazar gatnaşyklaryna giň ýol açylmagy hususyýetçiligiň sanynyň artyp, olaryň arasyndaky bäsdeşligi hem güýçlendirdi. Türkmen işewürleri sanlyja ýylyň içinde milli telekeçiligiň ösüşli ýollar

Telekeçilik — zenanlaryň durmuşynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly şanly hem taryhy wakalara baýlygy bilen durmuşyň her bir ugruna öz täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde ykrar edilip, halkymyzyň gurmak, döretmek, täze sepgitlere ýetmek baradaky asylly hem yhlasly maksatlaryna uly itergi berýär. Munuň özi döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky sazlaşygy has-da pugtalandyrýan döwrümizi öňküden-de beýgeldýär. Bu ruhy ýokary göteriliş zeminiň zynaty, gözelligiň hem ar-namysyň baýdagyna deňelýän mähriban zenanlarymyzyň hem ykbalynda bagtyýarlygyň nury bolup şugla saçýar. Häzirki gülläp ösüş döwrümizde zenanlar halk hojalygynyň dürli ugurlarynda tutanýerli hem joşgunly zähmet çekip, gazanylýan üstünliklere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Zenanlaryň döwre gatnaşygyny işjeňleşdirmekde hereketlendiriji güýç bolup hyzmat edýän zenanlar guramasy bolsa olaryň ukyp-başarnyklaryny, nusgalyk göreldelerini giňden açyp görkezmekde, bitewi bir maksada birleşdirmekde esasy orun eýeleýär. Zenanlar guramasynyň alyp barýan işleri döwrüň ösüşine laýyk hereket etmek ýaly asylly maksady göz öňünde tutýar. Şu nukdaýnazardan zenanlaryň işjeňligini artdyrmak, yzygider gözlegleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, durmuşa gatnaşygyny pugtalandyrmak maksadynda işler oýlanyşykly häsiýetd

«Çeşmeli dagyň» ümzügi ileri

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzda azyk bolçulygyny artdyrmakda, dürli görnüşli azyklyk ekinleri halkara tejribesi esasynda ekip, ösdürip, olardan hem bol hasyl almakda yhlasly zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Türkmen telekeçileriniň ýurdumyzyň azyk senagatyna mynasyp goşant goşmagyna döwlet tarapyndan hem köp ýeňillikler döredilýär. Olar döredilýän ýeňilliklerden ýerlikli peýdalanyp, ilatyň islegini kanagatlandyrmak ugrunda janypkeşlikli zähmet çekýärler. Şeýle telekeçileriň birine Alty Dädebaýew diýýärler. Ol «Çeşmeli dag» hususy kärhanasynyň baş müdiri. Bu hususy kärhana 2008-nji ýylda açylyp, işe başlady. 2012-nji ýyldan bäri bolsa, Ahal welaýatynyň etraplarynda ýazky we güýzki ýeralmany ösdürip ýetişdirmekde önjeýli işleri alyp barýar. ýeralmany ösdürip ýetişdirmekde alyp barýan işleri dogrusynda hususy kärhananyň müdiri Hezret Azymow bize şeýle gürrüň berdi:

Hu­su­sy­ýet­çi­le­riň wir­tu­al ser­gi­si

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň wirtual sergisi öz işine başlady. Ony Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilmegi mynasybetli, birleşmäniň «Kerwen» hojalyk jemgyýeti taýýarlady. Wirtual sergi hormatly Prezidentimiziň türkmen telekeçilerine döredip berýän şertleriniň, kömek-goldawlarynyň miwelerini, hususy ulgamda amala aşyrylýan köpugurly özgertmeleri giňişleýin beýan edýär. Oňa birleşmäniň işjeň agzalarynyň 80-e golaýy gatnaşyp, öz öndürýän önümleri we ýerine ýetirýän hyzmatlary bilen tanyşdyrýarlar.

Işewür gatnaşyklar — ösüşlere badalga

Golaýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Işewürligi hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde Senagatçylar we telekeçiler birleşmeleriniň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly guralan foruma Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Awstriýanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki döwletleriň işewürleri gatnaşdylar. Maslahatyň esasy mejlisinde hem-de bölümlerinde gurluşyk we senagat pudaklaryny, ulag-logistika infrastrukturasyny, agrosenagat toplumyny ösdürmekde işewür hyzmatdaşlygyň orny hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Ilki bilen, TSTB-niň ýolbaşçysy ýurdumyzda türkmen telekeçilerine berilýän goldaw hem-de olaryň durmuşa geçirýän taslamalary, esasy iş ugurlary hakynda çykyş etdi. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 26 müňden gowrak agzany özünde jemleýär. Olaryň öndürýän önümleri we ýerine ýetirýän hyzmatlary diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, dünýäde ýokary baha mynasyp bolýar. Milli Liderimiziň ýakyn goldawy netijesinde, işewürlikde halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň we tehnikalarydyr tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Kämil kanun — ösüşleriň binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlar boýunça üstünliklere ýetilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda ýaýbaňlanan demokratik özgertmeler milli kanunçylyk binýadynyň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzda her bir adamyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny göz öňünde tutmak bilen, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny doly berjaý etmek maksatlaryndan ugur alýan hormatly Prezidentimiziň öňe süren demokratiýa taglymaty 2021-nji ýylda uly üstünlikler bilen durmuşa geçirilýär. Onuň aýdyň mysaly hökmünde şu ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň 14-nji maslahatynda häzirki döwrüň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesi kabul edildi we täzeden rejelenildi. Şu ýylyň 5-nji iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň I çagyrylyşynyň 1-nji maslahatynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalar biragyzdan makullanyldy.

Hususy pudaga döwlet goldawy

Mälim bolşy ýaly, golaýda hormatly Prezidentimiz «Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakynda» Karara gol çekdi. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda telekeçilik işini höweslendirmek, hususyýetçilere döwlet tarapyndan goldaw berilmegini kämilleşdirmek, bu pudagyň ykdysadyýetde eýeleýän ornuny has-da artdyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen kabul edilen bu çözgüt halk hojalyk toplumynyň döwlete dahylsyz böleginiň işini netijeli we sazlaşykly ösdürmekde nobatdaky ädimleriň biri boldy. Bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçýän ýurdumyzda hususy pudagyň işini ilerletmegiň esasy wezipesi telekeçiligi höweslendirmek arkaly ýokary durmuş we ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda üstünlikli amala aşyrylýan «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde hususy haryt öndürijilere ýardam etmek babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda zerur bolan hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredilip, ol eksport-import amallaryny ýönekeýleşdirmek, ýeňillikli karzlary bermek ýaly çärelerde öz beýanyny tapýar. Bu günki gün türkmen telekeçileri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň obasenagat toplumynda, syýahatçylyk, söwda, dokma we azyk senagaty, ulag, hyzmatlar hem-de gurluşyk senagaty ýaly ugurlarynda iş alyp ba

Telekeçilik: ösüşiň täze depginleri

ÖNDÜRIJILIK WE HIL — BAŞ WEZIPE Häzirki wagtda ýurdumyzyň hemme ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda-da işewürleriň ähli başlangyçlarynyň döwlet tarapyndan goldanylmagy netijesinde, kiçi we orta telekeçiligiň tutýan orny has berkedi. Işewürler önümçiligi artdyrmak, goýberilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak ýaly möhüm meseleleri üstünlikli çözüp, täze iş orunlaryny döredýärler, bazar gatnaşyklary şertlerinde önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, milli ykdysadyýetimiziň bedew batly ösüşine saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Hyrydarly harytlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, telekeçilik pudagy hem barha pajarlap ösýär. Ýurdumyzyň ak bazarlarynda ýokary hilli azyk hem-de senagat önümleri elýeter bahadan halkymyza ýetirilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply, importuň ornuny tutýan ýokary hilli önümleri öndürýän hususy kärhanalaryň sany barha artýar. Öndürýän önümleri bilen indi ençeme ýyl bäri halkymyza hyzmat edip gelýän şeýle kärhanalaryň biri-de paýtagtymyzda ýerleşýän «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetidir. Dünýäniň iň soňky gazanan tilsimatlary bilen üpjün edilen kärhananyň öndürýän önümleri diňe bir köpdürlüligi bilen däl, eýsem, hil taýdan hem tapawutlanýar. «Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere, toýdur baýramlara özüniň zähmet sowgatlary bilen barýar. Bu kärhana mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli «Ýyly derýa» haryt nyşanly suw ýyladyjylary öndürip başlady. Täze önümiň ýylda 400 müňüsi taýýarlanylar. Germaniýa döwletinden gyzdyryjy gurallaryň, Russiýa Federasiýasyndan demir bölekleriniň getirilip, ýerli hünärmenler tarapyndan taýýarlanylýan suw ýyladyjylar ähli talaplara laýyk gelýär. Suw ýyladyjylaryň önümçiligi birnäçe bölümden ybarat bolup, örän seresaply işi talap edýär.

Hoşallyk maslahaty

Düýn Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hormatly Prezidentimiziň «Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakynda» Karara gol çekmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa birleşmäniň müdiriýetiniň agzalary hem-de telekeçiler, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda telekeçilik işini höweslendirmek, telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw berilmegini kämilleşdirmek, pudagyň ykdysadyýetdäki ornuny has-da artdyrmak, şeýle hem täze iş ýerlerini döretmek maksady bilen gol çekilen resminamanyň ähmiýeti dogrusynda gürrüň etdiler.

Hususyýetçileriň ümzügi ileri

Ýurdumyzda telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak we ösdürmek döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde hususy ulgama aýratyn orun berilýär. Bu babatda hususyýetçilere döredilýän şertlerdir mümkinçilikleriň netijesinde, türkmen telekeçileri milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly möhüm işleri alyp barýarlar. Obasenagat toplumynda we gaýtadan işleýän senagatda ýöriteleşen hususyýetçiler ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmäge uly goşant goşýarlar. Telekeçiler et-süýt önümleriniň, gök we miwe şireleriniň, şireli suwlaryň, gaplanan önümleriň we konditer önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýärler. Türkmen telekeçileri suwarymly ýerleri özleşdirip, şol ýerlerde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň, miweli baglary hem-de üzüm nahallaryny ekmegiň, ýyladyşhana hojalyklarynyň meýdanyny giňeltmegiň hasabyna azyk önümleriniň öndürilişini artdyrýarlar. Munuň özi içerki bazary azyk önümleri bilen doly üpjün etmäge hem-de eksport ugurly harytlaryň önümçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Ykdysady ösüşiň wajyp ugry

Ýurdumyzy ösdürmek boýunça döwlet tarapyndan alnyp barýan giň gerimli durnukly ösüş strategiýasynyň binýatlyk ugry iň täze tehnologiýalara we innowasiýalara daýanyp, diwersifikasiýalaşan häzirki zaman ykdysady gurluşy döretmekden ybarat bolup durýar. Şunda depginli durnukly ösüşi, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmagy, önümçilik serişdeleriniňdir gurallarynyň üznüksiz döwrebaplaşdyrylmagyny, ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny we howpsuzlygyny üpjün edýän milli ykdysadyýetiň nusgasyny döretmek zerurlygy ileri tutulýan ugur bolup öňe çykýar. Bäsdeşligiň deň şertlerini döretmek milli ykdysadyýetiň düzümini kämilleşdirmek syýasatynyň esasy höweslendirijisi bolup çykyş edýär. Şoňa görä-de, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň ähli görnüşlerini we ýüze çykmalaryny doly möçberde üpjün etmek wajyp wezipedir. Ýurduň jemi içerki önüminiň düzüm üýtgemelerine döwlete dahylsyz bölek saldamly goşandyny goşýar. Hususy maýa innowasion ösüşe hem, ykdysadyýetiň anyk böleginde täze öňegidişlikleriň gazanylmagyna hem, ýokary bäsleşikli hyzmatlaryň ösüşine hem ýardam etmäge gönükdirilendir.

Söwda toplumynyň mümkinçilikleri baýramçylyk sergisinde beýanyny tapýar

Düýn paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilýän şanly ýylda giňden dabaralandyrylan Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan sergini Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Döwlet haryt çig-mal biržasy, Dokma senagaty ministrligi, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Söwda senagat edarasy bilelikde gurady. Oňa degişli ministrlikler, döwlet edaralary bilen birlikde, meşhur önüm öndürijiler, telekeçiler we iri kompaniýalar gatnaşyp, öz mümkinçiliklerini görkezýärler.

Yhlasy bilen tanalýar

Häzirki wagtda telekeçilik milli ykdysadyýetimiziň möhüm bölegine öwrüldi we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagynda möhüm orun eýeleýär. Bu ugurda türkmen telekeçilerine uly ynam bildirilýär. Iri, orta we kiçi kärhanalar uly depginde telekeçilik işlerini alyp barýarlar.  Aşgabadyň 140 ýyllygynyň dabaraly bellenilip geçilýän ýylynda ähli pudaklar bilen bir hatarda telekeçilikde hem belent sepgitlere ýetilýär.  Biz telekeçilik işine ömrüni bagyş eden tanymal telekeçi Kakamyrat Baýjanow bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Kakamyrat aga, telekeçilik işine haçan girişdiňiz?

Ösüşleriň aýdyň görkezijisi

Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XX köpugurly halkara sergi guraldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen indi her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu sergi paýtagtymyzyň täzeçe şähergurluşyk-binagärlik keşbine eýe bolan şäher düzümini kemala getirmek babatda gazanylan üstünlikleri hem-de ýurdumyzyň bu ugurdaky toplan tejribelerini we mümkinçiliklerini aýdyňlyk bilen açyp görkezdi. Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän sergä gatnaşan firmalaryň we kompaniýalaryň, hususy telekeçiligiň wekilleri öz öndürýän önümleriniň giň toplumyny görkezdiler. Paýtagtymyzyň hemmetaraplaýyn gazanýan ösüşleriniň görkezijisi bolan «Ak şäherim Aşgabat» atly XX köpugurly halkara sergisiniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň toýlanylýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçirilmegi özünde çuňňur many-mazmuny jemleýär. Gözel paýtagtymyzyň bu ýubileý baýramçylygynyň dabarasyny goşalandyrýan sergi Aşgabadyň häzirki wagta çenli ýeten belent sepgitlerini aýdyňlyk bilen şöhlelendirýär. Serginiň her ýyl Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guralmagy ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn artýan kuwwatynyň paýtagtymyzyň okgunly ösüşinde öz beýanyny tapýandygynyň nobatdaky subutnam

Sergä gatnaşyjylara söz berýäris

Säher Aşyrow,«Täç hil» hususy kärhanasynyň eksport menejeri: — Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde dünýäniň iň ösen şäherleri bilen bäsleşýän Aşgabadyň ajaýyplygyny bu günki gün görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Kärhanamyzda öndürilýän önümler bilen şanly seneler mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän sergidir ýarmarkalara yzygiderli gatnaşýarys. Ynha, bu gün hem Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XX köpugurly halkara sergä gatnaşýandygymyza örän şat. Sergide ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň alyp barýan işlerinden, türkmen telekeçileriniň ilata edýän hyzmatlaryndan habar berýän pawilýonlar ýerleşdirilipdir. Şeýle ajaýyp halkara sergileriň, ylmy-amaly maslahatlaryň paýtagtymyzda yzygiderli geçirilmeginiň özi hem, ýurdumyzyň, gözel Aşgabadyň beýik ösüşlerini doly äşgär edýär.