"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Yhlasa — myrat

“Daýhan mert — ýer jomart” diýilýär. Hakykatdan-da, topraga näçe hyzmat etseň, ol jomartlyk bilen miwesini boldan eçilýär. Ene topraga bagry badaşan zähmetkeş adamlaryň yhlas-aladasy bilen öndürilýän önümleri, ýetişdirilýän miweleri synlanyňda, “tüweleme” diýeniňi duýman galýarsyň. Welaýatymyzda topragy rysgal çeşmesi hasaplaýan kärendeçi daýhanlaryň, bagbanlaryň ençemesi bar. Bereketli saçaklarymyzyň naz-nygmatdan doly bolmagyna mynasyp goşant goşýan bagbanlaryň biri hem Orazgeldi Gurbandurdyýewdir. Sakarçäge etrabynyň Daýhan geňeşliginiň ýaşaýjysy Orazgeldi Gurbandurdyýew indi birnäçe ýyl bäri öz melleginde miweli baglaryň dürli görnüşini ösdürip ýetişdirýär. Onuň melleginde almanyň, şetdalynyň, üzümiň, armydyň, hurmanyň dürli görnüşlerini görmek bolýar. Ýylboýy hyzmat edip, ýetişdirýän bol miwe hasyly ýaşuly bagbana il içinde abraý getirýär. «Yhlasa — myrat» diýlişi ýaly, Orazgeldi aga bagdan rysgal-döwlet tapýar.

«Ak altyn» — 2024

Ýaryş ýeňiş getirýär Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen daýhanlaryň däneden, pagtadan bol hasyl almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Bu ýeňillikler keremli topragyň eýeleriniň öňküden-de yhlasly zähmet çekmeklerine güýç-kuwwat berýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da etrabymyzyň “ak altyn” ussatlarynyň, gallaçylarynyň gadamlary batly, ümzükleri öňe.

Bol ha­sy­lyň ala­da­sy

Ýurdumyzyň oba hojalygynda esasy ekinler bolan bugdaýyň we pagtanyň satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy zähmetsöýer daýhanlary örän ruhlandyrdy. Soňky ýyllarda ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasyl berýän sortlary döredilip, önümçilige ornaşdyrylýar. Olardan orta süýümli gowaçanyň «Garaşsyzlyk – 30», «Ýolöten – 50», «Ýolöten – 53» we bugdaýyň «Ýolöten – 1», «Ýolöten – 3» sortlaryny görkezmek bolar. Häzirki wagtda bu sortlary ekmegiň gerimi barha giňeýär. Şoňa görä-de, daýhanlaryň ýerden alýan hasylynyň möçberi ýylsaýyn ýokarlanýar.

Oty köpüň — maly dok

Maldarçylyk önümleriniň bolçulygyny gazanmaga mynasyp goşant goşýan Mary welaýatynyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň Tagtabazar etrabyndaky «Çemenabat» maldarçylyk hojalygynyň dowardarlary şu ýyly üstünlikli jemlemek maksady bilen, tutanýerli zähmet çekýärler. «Yhlasa – myrat» diýlişi ýaly, olaryň zähmeti ýerine-de düşýär. Munuň şeýledigine şu ýylyň owlak-guzy almak möwsüminde gazanylan görkezijiler güwä geçýär. Agzalan döwürde bu ýerde 25 müň 50-ä golaý ene goýundan 20 müňden gowrak sagdyn guzy alnyp, şonuň ep-esli bölegi ösdürime goýberildi. Güýz gyrkymy aýny wagtynda üstünlikli geçirilip, bu baradaky meýilnama artykmajy bilen berjaý edildi. Maldarçylyk hojalygynyň dowardarlary howanyň sowuk wagtlary mallary goşmaça iýmitlendirmek üçin gerek boljak ätiýaçlyk ot-iým gorunyň 2 müň tonnadan gowragyny taýýarladylar. «Babaçöňňe» ýaýlasynda zähmet çekýän ot taýýarlaýjylaryň dowarlaryň gyşky öri meýdanlaryna eltip, basyp goýan ätiýaçlyk ot küdeleri dowarlary gyş paslyndan dok we abat alyp çykmaga şert döreder.

Bag­ban yhlasy

Dogrusy, esasy käriniň daşyndan daýhançylygam, bagbançylygam ýöredýän, bu babatda hem diňe öz obasynda däl, eýsem, ýaşaýan etrabynda-da kemsiz adygan Döwletjan köp-köp baglary ýetişdirip kän sogap gazanan hem bolsa, hurma agajyny ekip, kemala getirip, onuň miwesini obadaşlaryna, il-gününe hödürläp iýdirmegiň arzuwyndady. Ynha, günleriň bir güni öz ýaşaýan obasyna golaý Wekilbazar etrabyndaky tanyşlarynyňka baran mugallymyň gözi howlynyň içindäki düzüm-düzüm miweli, görseň gözüňi dokundyrýan, ýapraklarynyň hemmesi baldagyndan tänip ýere gaçan owadan agaçda eglendi. Ol diýseň owadan bu miweli agajy heniz görmändigini aýdyp, onuň bilen içgin gyzyklandy. Maşgalabaşy onuň hurma agajydygyny, Lebapda ýaşaýan dostundan nahalyny alyp, getirip, oturdandygyny, berlen maslahatlara laýyk gowy garaşyk edilen agajyň bolsa, 3 ýyldan soň, özüni diýseň tagamly miwe bilen hezzetländigini guwanç bilen myhmanyna gürrüň berdi. Şondan soň, Baýramaly etrabynyň Gatakar geňeşliginiň Görelde obasynda ýaşaýan Döwletjan Öwezmyradow hem Lebaba gidip, tanşynyň salgy beren dostundan hurma agajynyň nahalynyň 4-sini getirip, melleginde oturtdy. Olaryň idegini ýetirip, maksadyndan myrat tapdy. Özüniň köp ýyllaryň dowamynda has-da kämilleşdiren bagbançylyk ýörelgelerini netijeli peýdalanyp, hurma nahallaryny hem öz eli bilen ýetişdirip başlady.

Maýsaly meýdanlaryň idegi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň altyn güýzünde Sarahs etrabynyň hojalyklarynda däne ekişiniň ýokary guramaçylykly, agrotehniki möhletlerde geçirilmegi kadaly gögeriş gazanylmagyna şert döretdi. Häzirki günlerde ak ekinlere ideg işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Etrabyň Oraz Salyr adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçylary şu ýylda guşgursak ak bugdaýyň bereketli hasylyny öndürip, ýokary iş netijelerini gazandylar. Bu bolsa olary nobatdaky möwsümde däne ekişini üstünlikli alyp barmaga ruhlandyrdy. Daýhan birleşiginiň gallaçylary däne ekilen 1 müň 300 gektar meýdanyň müň gektarynda kadaly gögeriş gazanyp, iýmitlendirmek işlerini üstünlikli alyp barýarlar.

Miweli bag­la­ryň was­py

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň iri pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygy döredilýär. Bu bereket bolçulygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň abadan, bolelin durmuşyny üpjün etmek baradaky aladalarynyň oňyn netijesidir, ýurdumyzyň edermen oba hojalyk işgärleriniň, hususy pudagyň wekilleriniň, telekeçileriň zähmetiniň miwesidir. Ýurdumyzda bagçylyk, bagbançylyk ozaldan meşhur. Ussat bagbanlaryň ençemesi öz halal zähmeti, döreden baglary hem-de dürli görnüşli miwe sortlary bilen at alan, abraý gazanan ynsanlardyr. Häzirki wagtda-da ýurdumyzda oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen birlikde bagçylygy ösdürmäge, dürli miweleriň bolçulygyny döretmäge uly üns berilýär. Bu bolsa halkymyzda ýörgünli bolan «Bagy baryň – bary bar» diýlen pähimiň durmuş hakykatyna esaslanýandygyny, bu hakykatyň beýanydygyny görkezýär. Häzirki wagtda miweçiligi ýöriteleşdirilen hojalykda, kärende ýerlerinde, hususy melleginde dürli miweli baglary ekip, bagçylyk bilen meşgullanyp, almanyň, erigiň, armydyň, garalynyň, üzümiň dürli görnüşlerinden bol hasyl alýan zähmetkeş bagbanlar örän köp.

Çopan synçylygy

Halkymyz irki döwürlerden bäri Güne, Aýa, ýyldyzlara we tebigatda bolup geçýän hadysalara syn edip, howanyň ýagdaýyny öňünden kesgitläpdirler. Tebigatyň hadysalaryndan baş çykarmak, howanyň duýdansyz üýtgemek ähtimallygyny duýmak aýratyn ukyply adamlara mahsus bolupdyr. Men hem çagalyk döwrümden bäri ýakyndan tanyş bolan şeýle adamlaryň biri barada söhbet etmegi makul bildim. Biz Goýmat obasynda Amangylyç agalar bilen goňşy bolup ýaşaýardyk. Olaryň maşgala agzalary bilen garyndaş ýaly gatnaşýardyk. Kürrük ogly Amangylyç aga salykatly, kiçigöwünlidi, uly-kiçi hemmeler oňa Amangylyç kaka diýip ýüzlenerdiler. Çarwa maşgalasynda önüp-ösüp, oglanlykdan çöl-beýewanda goýun bakyp gezen Amangylyç aga arly tomus ak ezýaka köýneginiň daşyndan güpbi geýip gezerdi. Bili guşaklydy. Başyna gara toklynyň derisinden tikilen şypyrma telpek geýerdi. Ol barada köp ýyllar çopançylyk eden Halmämmet aga şeýle gürrüň berdi:

Ekin ýer­le­riniň ga­dy­my at­la­ry

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Çemenlik — dürli otlara, gülzarlyga, lälezarlyga beslenen meýdan. Çemenzarlyklar, adatça, bahar aýlary suwly meýdanlarda, çeşmeleriň kenarlarynda has owadan bolýar, giden çemenzarlygyň içinde guşlar jakgyldaşýarlar. Çemenlikde dürli reňkdäki güller bitýär. Çemen sözüniň sinonimi «yzgarly, suwly» manysyndaky öl (ö:l) sözünden we — (eň) goşulmasyndan durýan öleň sözüdir. Şoňa görä-de, Magtymguly Pyragynyň «Illeri bar diňli-diňli, /Sowuk suwly, ter öleňli» diýen setirlerinde çemenligiň hem waspy ýetirilýär.

Kädi

Kädi saglyga peýdaly aýratynlygy hem-de lezzetli tagamly önümdigi sebäpli dünýäde iň köp ekilýän ekinleriň biridir. Her bir ekini ekmezden ozal, topragyň ekiş üçin taýýar edilmegi zerur şertleriň biridir. Kädi ekilende hem ondan bol hasyl almak üçin ilkinji şert — topragyň bu ösümligiň aýratynlyklaryna görä ekişe taýýarlanylmagydyr. Kädi ösdürilip ýetişdirilende ynjyk bolmasa-da, onuň ösüş döwrüni gözden salmaly däldir. Ýagny, ösümlikden bol hasyl almak üçin, ekilenden soňraky tohum gögerip, tä hasyl berýänçä ideg işleri dogry alnyp barylmalydyr. Onuň üçin toprak kädiden öň ekilen ekiniň galyndylaryndan boşansoň, degişli döwür «dynç» almalydyr. Soňra kädi ekiljek ýer öňünden haşal otlardan, ekine zyýan berýän mör-möjeklerden arassalanyp, dökün bilen baýlaşdyrylmalydyr. Ösümlik ýagtyny, ýyly howa şertlerini halaýandygy sebäpli, ony ekmek üçin Günüň düşýän ýerini saýlamalydyr.

Möhüm möwsüm

Ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlary, edermen kärendeçileri, ussat bagbanlary şu ýyl hem oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny ýetişdirip, ony isripsiz ýygnamak işlerini alyp barýarlar. Şu günler Daşoguz welaýatynda hem ýetişdirilen pagtanyň ýygymynyň depginini has-da güýçlendirmek bilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur çäreler görülýär. Ýygym möwsüminde kombaýnlaryň, awtoulaglaryň we beýleki tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, harmanhanalarynyň doly güýjünde işledilmegi dowam edýär. Pagtaçylar üçin zerur bolan iş we durmuş şertleri döredilýär.

Maýsalar boý alýar

Tejen etrabynyň gallaçy kärendeçileri geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük däne ekilip, kadaly gögeriş gazanylan meýdanlardaky günsaýyn boý alýan maýsalary uly alada bilen gurşaýarlar. 44 müň 300 gektar meýdandan geljek ýylda ýokary hasyl almagy maksat edinýän etrabyň gallaçy daýhanlary ekiniň idegine jogapkärli çemeleşýärler. Häzirki wagtda gögeriş we ösüş suwlaryny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Gögeriş alnan meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmekde aýratyn yhlasly zähmet çekilýär. Bizi begendirýän zatlaryň biri-de bu işde ýaş gallaçy kärendeçileriň hem tutanýerlilik görkezmegidir. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri möwsümleýin meýdan işleriniň alnyp barylýan döwürlerinde-de ýaş daýhanlar bilen iş üstünde duşuşyp, olaryň armasyny ýetirýärler. Bu bolsa zähmet adamlaryň işe höwesiniň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Dür­li ta­gam­lar­dan do­ly sa­ça­gy

«7/24.tm»: №47 (234) 18.11.2024 Eziz Di­ýa­ry­myz­da her ýy­lyň no­ýabr aýy­nyň ikin­ji ýek­şen­be­sin­de baý­ram edil­ýän Ha­syl to­ýy hal­ky­my­zyň hor­mat­ly Prezidentimi­ziň da­şy­na jem bo­lup äd­ýän ag­zy­bir­lik­li ädim­le­ri­niň be­re­ke­de bes­len­me­gi­niň to­ýu­dyr.

Azyk bolçulygyna goşant

Daşoguz welaýatynyň maldarçylyk toplumynda ähli ugurlar boýunça uly ösüşler gazanylýar. Döwrebap toplum boýunça şu ýylyň on aýynda 50 tonna golaý et, 20 tonna golaý şöhlat, süýt önümleriniň 1 müň 300 tonnadan gowragy, 90 tonna mesge, peýnir we dorogyň 60 tonnadan gowragy taýýarlanyp, sarp edijilere ýetirildi. Döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bu azyklyk önümler ýylyň ähli paslynda artygy bilen öndürilýär. Toplum welaýat merkezinden gözel paýtagtymyza uzap gidýän ýoluň ugrunda, Şabat etrabynyň Adalat geňeşliginiň çäginde ýerleşýär. 8 gektara barabar meýdanda edara jaýy, dört sany bölüm üçin ýöriteleşdirilen binalar, ot-iým ammarlary, önümçilikde ulanylýan tehnikalara we ýük ulaglaryna niýetlenen jaýlar, şeýle-de naharhana ýerleşýär.

Top­ra­gyň sa­ha­wa­ty­nyň to­ýy

Oba ho­ja­lyk iş­gär­le­ri­niň çek­ýän yh­las­ly we tu­tan­ýer­li zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de sa­ha­wat­ly türk­men top­ra­gyn­da ekin­le­riň bol ha­sy­ly ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär, azyk bol­çu­ly­gy has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Eder­men gal­la­çy, pag­ta­çy daý­han­la­ry­myz döw­let ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän kö­mek-gol­daw­lar esa­syn­da be­re­ket­li türk­men top­ra­gyn­dan bol ha­syl ön­dür­mek­de gu­jur-gaý­ra­ty­ny gaý­gyr­man, ha­lal zäh­met çek­ýär­ler, tä­ze-tä­ze üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýar­lar. 10-njy no­ýabr­da Ha­syl to­ýy my­na­sy­bet­li ýaý­baň­lan­dy­ry­lan da­ba­ra­lar hem bu ha­ky­ka­ty aý­dyň açyp gör­kez­di. Ga­ra­gum der­ýa­sy­nyň Aş­ga­bat şä­he­ri­niň çä­gin­den geç­ýän bö­le­gi­niň ke­na­ry esa­sy baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Da­ba­ra Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri, il sy­lag­ly ýa­şu­lu­lar gat­naş­dy­lar.

Daý­han yh­la­syn­dan süý­jü­lik sow­ga­dy

Ha­syl to­ýu­nyň giň­den baý­ram edi­len gü­nün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Arkadagly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň adyn­dan paý­tag­ty­myz­da­ky Döw­let­li­ler köş­gün­de ter­bi­ýe­len­ýän hem-de bi­lim al­ýan, şeý­le hem Ar­ka­dag şä­he­rin­dä­ki Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky ça­ga­lar sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zin­de sag­lyk­la­ry­ny di­kel­dip, be­jer­gi al­ýan ça­ga­la­ra be­re­ket­li türk­men top­ra­gyn­da ýe­tiş­di­ri­len dür­li dat­ly mi­we­ler­den, gök önüm­ler­den, ak bug­daý­dan taý­ýar­la­ny­lan çö­rek önüm­le­rin­den, süý­jü­lik­ler­den we beý­le­ki naz-nyg­mat­lar­dan yba­rat bo­lan sow­gat­lar da­ba­ra­ly gow­şu­ryl­dy. Olar sow­gat­la­ry uly şat­lyk we tüýs ýü­rek­den çyk­ýan ho­şal­lyk duý­gu­la­ry bi­len ka­bul et­di­ler. Türk­men top­ra­gy­nyň be­re­ke­di­niň, zäh­met­sö­ýer eke­ran­çy­la­ry­my­zyň yh­la­sy bi­len ýur­du­myz­da dö­re­dil­ýän azyk bol­çu­ly­gy­nyň ny­şa­ny bo­lan Ha­syl to­ýu­nyň hor­ma­ty­na ça­ga­la­ra şeý­le sow­gat­la­ryň paý­la­nyl­ma­gy so­gap iş­le­riň naý­ba­şy­sy­dyr. Asyl­ly ýö­rel­gä öw­rü­len şeý­le iş­ler jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da mö­hüm orun eýe­le­mek bi­len, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de aý­ra­tyn ma­ny-maz­mu­na eýe bol­dy. Hal­ky­my­zyň ça­ga­la­ry ala­da we söý­gi bi­len gur­şa­mak ýa­ly mil­li hä­si­ýet­le­ri hä­zir­ki za­man türk­men jem­gy­ýe­tin­de aý­dy

Düşewüntli ekin

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak, daýhanlardyr kärendeçileri, telekeçilerdir beýleki önüm öndürijileri hemmetaraplaýyn goldap, ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek babatdaky tabşyryklaryna Mary welaýatynyň gaýratly ýer eýeleri-de netijeli zähmet bilen jogap berýärler. Olar oba hojalyk ekinlerinden bereketli hasyl alýarlar. Sebitiň daýhanlarynyň gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmekde-de baý tejribeleri bar. Welaýatyň hasyl ussatlary şu ýyl 17 müň 900 gektar meýdanda gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ýetişdirdiler. Hasyl toýunyň öň ýanynda bu düşewüntli ekiniň hasylyny ýygnamaga köpçülikleýin girişildi.

Ýaşyl öwüsýän meýdanlar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýz paslynyň amatly günlerinde gaýratly zähmet çekip, ene topraga bugdaý tohumyny taşlan kärendeçi daýhanlaryň ekin meýdanlary häzirki döwürde ýaşyl öwüsýän maýsalary bilen hemmeleriň ünsüni çekýär. Olarda geljek ýylyň bereketli hasylynyň alamatlaryny, berk binýadyny görýän gallaçylar öz iş depginlerini gowşatman, ideg çärelerine girişýärler. Görogly etrabynyň «Ýagtylyk» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri hem şu ýylyň bugdaý ekişi möwsümini öndürijilikli, guramaçylykly alyp bardylar. Şonuň netijesinde hem olar 930 gektar meýdanda bu işi talabalaýyk berjaý edip, bellenilen meýilnamany öz wagtynda ýerine ýetirdiler. Munuň özi birleşigiň gallaçylarynyň tutanýerli zähmetiniň beren guwandyryjy miwesi boldy.

Datly miweleriň mesgeni

Bagbançylyk bilen meşgullanýanyma 24 ýyl bolupdyr. Şol ýyllaryň aglaba bölegini ýylylygy gowy görýän tropiki we subtropiki agaçlary idetmäge bagyş etdim. Biziň kärhanamyzda ýyladyşhanalaryň birnäçesi bolup, olarda gök-miwe önümleri bilen bir hatarda limon, papaýýa, banan, zeýtun ýaly ösümlikler hem ýetişdirilýär. Geçen ýyllarda limon, papaýýa agaçlaryny ýetişdirip, hasyl almakda baý tejribe topladyk. Ýyladyşhana şertlerinde limonyň 80, papaýýanyň 200 düýbüne ideg edilýär. Häzirki döwürde bananyň 25, zeýtun agajynyň 2 düýbi ekilip, synagdan geçirilýär. Biziň tebigy howa şertlerimize mahsus bolmasa-da, ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirmäge mümkinçiligimiz bolan täsin ösümliklere ünsüňizi çekesim gelýär. Şolaryň biri-de papaýýa agajydyr. Başgaça, papaýýa «gawun daragty» hem diýilýär.

Düýedarçylyk — bereket çeşmesi

Türkmen halky düýedarçylyk bilen örän irki döwürlerden bäri meşgullanyp gelýär. Bu gadymy hünär biziň günlerimizde-de döwrebap derejede dowam etdirilýär. Düýedarçylygyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň netijesinde Garagumuň giň sährasynda bu «çöl gämileriniň» sürüleri ýylsaýyn köpelýär. Düýeleri idetmekde we olaryň sanyny köpeltmekde Çärjew etrabynyň Hudaýnazar Hajyýew adyndaky daýhan birleşiginiň düýedarçylyk hojalygynda hem gaýragoýulmasyz işler durmuşa geçirilýär. Hojalygyň Garagum sährasyndaky «Goşaýry», «Sanaçly», «Aşyrabat», «Böwrügyşyk» ýaly guýularynyň golaýynda ýerleşýän sarwanlaryň goşlarynda häzirki wagtda düýeleriň 700-den gowragy idedilýär. Çopan goşlarynyň käbirlerine Gün batareýalary oturdylyp, şol goşlardaky sarwanlaryň elektrik energiýasyndan bökdençsiz peýdalanmaklaryna-da mümkinçilik döredilipdir. Galan goşlary hem şeýle döwrebap derejä ýetirmekde derwaýys işler alnyp barylýar. Ýene-de bir aýratyn nygtamaly ýagdaýlaryň biri hem bu goşlardaky sarwanlaryň aglabasynyň bir maşgalanyň agzalary bolmagydyr. Ýagny olar Mansur, Mimat, Narkuly Hojyýewler we Hojahmet Tölegbaýew dagydyr. Bu sarwanlaryň ählisi hem ata-baba kärini dowam etdirýän we düýe idetmekde baý tejribe toplan göreldeli çopanlaryň hatarynda tanalýar.