"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Törebeg hanym hakynda

Türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz goýan, ady rowaýata öwrülen zenan şahsyýetler az däl.Törebeg hanym hem şeýle şahsyýetleriň biri. Onuň ady bilen bagly juda özboluşly, nusgasy başga ýerde gabat gelmeýän ymarat biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Ol Köneürgenç ýadygärlikler toplumynda naýbaşy ymaratlaryň biri. Ýogsamam, Törebeg hanym hakynda juda täsin rowaýatlar hem aýdylýar. Elbetde, bu zenan anyk taryhy döwürde ýaşap geçen şahsyýetdir. Şonuň üçin rowaýatlardaky käbir maglumatlaryň taryhy hakykat bilen gabat gelmeýän ýerlerem az däl. Bu rowaýatlarda bolaýmaly ýagdaý.

Hindiguş suw elektrik stansiýasynyň işe girizilenine 110 ýyl doldy

Gadymy Murgap derýasy asyrlaryň dowamynda Murgap jülgesiniň ilatyny suw bilen üpjün edip gelipdir. Akabanyň üstünde 1890, 1895-nji ýyllarda binýady berkden tutulyp gurlan üç sany bent — Soltan bent, Ýolöten bent we beýleki suw desgalary sebitiň suwarymly ekerançylygynyň ösdürilmeginde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Ýurdumyzda mundan 110 ýyl ozal ilkinji elektrik kärhanasynyň gurlup işe girizilmegi hem hut Murgap derýasynyň üstünde gurlan Hindiguş bendi bilen baglanyşykly taryhy hakykatdyr. Ol döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary depgin bilen ösýän, öňdebaryjy elektroenergetika pudagynyň ilkinji elektrik desgasy bolan Hindiguş suw elektrik stansiýasydyr.

Änew — «parahatçylyk jülgesi»

Daş-töwereginde möwç urýan häzirki zaman durmuşyna sessiz agraslyk bilen göz aýlap ýatan iki depe — Demirgazyk we Günorta gorganlar ýaşy Müsür piramidalaryndan hem uly bolan obalaryň heňňam tarapyndan «ýonulan» galyndylaryna çalym edýär. Wawilon düzlügi heniz Pars aýlagynyň suwlarynyň astyndaka, Demirgazyk gorganda eýýäm oba durmuşy gaýnap joşýardy, aýal-gyzlar egrip-dokaýardy, däne ekip-döwüp, un alyp, çörek bişirýärdiler. Küýzegärler gap-gaç ýasap, olary nagyşlar bilen sünnäläp bezeýärdiler... XIX asyrda we XX asyryň başlarynda halkara ylmy jemgyýetçilikde siwilizasiýanyň iň gadymy ojagy diýen birinjilik derejesini Merkezi Aziýa bermek ideýasy diýseň meşhurdy. Mysal üçin, nemes geografy, «durmuş giňişligi» diýen geosyýasy adalganyň hem-de 21 tomdan ybarat «Tebigat we adamzat taryhy jähetinden ýer hakyndaky ylym» atly işiň awtory Karl Ritter Merkezi Aziýanyň «adamzat medeniýetiniň watany» bolandygyna doly ynanypdyr. Hatda Günbataryň we Gündogaryň beýik siwilizasiýalarynyň öz gözbaşlaryny Merkezi Aziýadan alyp gaýdýandygyny nygtaýan bitewi ylmy mekdep hem esaslandyrylypdyr. Bu hem, umuman, Karnegi gaznasy üçin Türkmenistana ekspedisiýany ýollamaga esas bolupdyr.

Beýik Ýüpek ýoly – türkmen halkynyň geçmişiniň hem-de geljeginiň altyn halkasy

Uzak Gündogardan gözbaş alyp, Günbatarda Ortaýer deňzine çenli uzap gidýän Beýik Ýüpek ýoly Türkmenistanyň çäginde hem birnäçe şäherleriň, galalaryň, kerwensaraýlaryň üstünden geçipdir. Bu bolsa türkmen topragynda ýerleşen şäherleriň ählitaraplaýyn gülläp ösmegine amatly şert döredipdir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen halkymyzyň baý taryhyny öwrenmäge we ýaş nesle wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistan dürli ulag ýollarynyň sazlaşykly ösüşi bilen özüniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky möhüm söwda merkezleriniň biri hökmündäki gadymy şöhratyny döwrebap görnüşde dikeldýär. Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollarynyň köp ugurlary Ortaýer deňzinden tä Hytaýa çenli baryp, gadymy geçmişde we orta asyrlarda söwda gatnaşyklary we Günbatar bilen Gündogaryň medeniýetleriniň arabaglanyşygyny üpjün etdi. Beýik Ýüpek ýolunyň has köp bölegi Orta Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň üstünden hem geçipdir. Hytaýyň ýüpegi, Hindistanyň hoşboýlary we gymmat baha tebigy reňkli daşlary we ençeme başga-da harytlar bilen ýüklenen kerwenler Garagumuň içinden Merwiň we Horezmiň jülgelerinden, Murgabyň we Amyderýanyň üstünden aşypdyrlar. Kerwenleriň ugrunda baý-baý şäherler, söwda-senetçilik ilatly ýerler, kerwensaraýlar, metjitler we medreseler güll

Merwe uzaýan demirýol

Öz döwründe fransuz suratçysy Polýa Nadaryň «Zakaspiý demirýoly» boýunça düşüren suratlary Žýul Werniň «Klodus Bobernak» atly romanyny ýazmaga itergi beren bolsa, bu otly bilen syýahaty Edgar Bulanženiň «VOYAGE A MERV» («Merwe syýahat») atly ajaýyp kitabyny ýazmagyna sebäp bolýar. Demirýoly ýurdumyzyň ilkinji logistiki infrastrukturasy bolmak bilen, Türkmenbaşy şäherinden başlangyjyny alýar. Demirýol iki ugur boýunça kesgitlenip, birinji ýa-da esasy ugry Samarkant bekedine (1415 wýorst), ikinji ugry bolsa Owganystanyň Turgundy serhet bekedine (1144 wýorst) barýar. Wýorst — uzaklyk ölçeg birligi bolup, bir wýorst 1066,8 metre deňdir.

Omar Haýýam — Gündogaryň kämil paýhasy

Omar Haýýam 1048-nji ýylda Nişapurda dogulýar. Ol şol ýerdäki medresede musulman hukugy we lukmançylyk boýunça ilkinji okuwlary geçýär. Lukman hünärine eýe bolsa-da, bu iş ony az gyzyklandyrýar. Ýaş Omar antik döwrüniň matematikleriniň arap diline terjime edilen işleri bilen gümra eken. Ol 16 ýaşynda Balha, soňra Samarkanda gidýär. Samarkantda Omar meşhur halypalaryň elinde okuwyny dowam etdirmek isleýär. Medreseleriň biriniň sopusy bolandan soň, Omar birnäçe çekişme çykyşlarynda özüniň bilimliligi bilen daş-töweregindäkileri haýran galdyrýar we ony dessine mugallymlaryň hataryna alýarlar. Ol dört ýyl Samarkantda ýaşap, baý kitaphanalary bilen meşhur bolan Buhara gidýär. Omar ol ýerde dessine kitaphanalaryň birinde kitaplary saklaýjy bolup işe ýerleşýär.

Taryhda şu gün

On dört ýyl mundan ozal Mundan 14 ýyl ozal, ýagny 2010-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda dünýädäki iň beýik bina Burj Halifa dabaraly ýagdaýda açylýar. Bu bina dürli ýyllarda «dünýäniň iň beýik gurluşygy», «häzirki wagta çenli gurlan iň uly bina» ýaly atlara mynasyp bolýar. Burj Halifanyň iň beýik nokady 828 metr bolup, ol 163 gatdan ybaratdyr. Binanyň jemi agramy 500 müň tonna, içiniň tutýan meýdany bolsa 344 müň inedördül metre barabardyr. Onda 57 sany lift bar. Gurulýan watgy ony «Burj-Dubaý» diýip atlandyrýan ekenler. Açylanda BAE-niň şeýhi Halife ibn Zaid Al Nahaýýanyň hormatyna oňa «Burj Halifa» diýip at beripdirler.

Sadranç

Taryha ser salsak, küşt oýnunyň ady «sadranç» diýip atlandyrylýar. Sadranç öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Bu barada türkmen alymlary kitaplar ýazypdyrlar. Şol kitaplaryň arasynda Ahmet Bekmyradowyň ýazan «Sadrançnama» kitaby hem-de Şaman Baýrammyradowyň arap dilinden terjime eden «Sadranç» kitabyny bellemek bolar. A.Bekmyradow «Sadrançnama» atly kitabynda küşt sungatynyň ilkinji gezek nirede ýüze çykandygy barada ýazýar. Ş.Baýrammyradow bolsa as-Sulynyň, al-Adlynyň we başga-da birnäçe alymlaryň küşt baradaky oý-pikirlerini arap dilinden türkmen diline terjime edipdir. Kitaplarda ýazylyşyna görä, küşt oýnunyň dörän ýeri Hindistan hasaplanyp, Ferdöwsiniň «Şanama» kitabynda, Abu Reýhan Birunynyň «Hindistan» atly eserinde ýatlanylyp geçilýär. Küşt oýnuny alymlaryň aglaba köpüsi söweş hereketleri bilen baglanyşdyrypdyrlar. Taryhda türkmenleriň arasynda hem belli küştçüler bolupdyr. Şol küştçüleriň arasynda türkmen küştçüsi as-Sulynyň işleri we ol baradaky maglumatlar Gündogaryň taryhyny we edebiýatyny öwrenmekde esasy gollanma bolup hyzmat edýär. Şol wagtlar küşt oýnamakda onuň deňi-taýy bolmandyr. Onuň ady küştçüleriň arasynda öz döwründe «as-Sadranjy» lakamy bilen tanalypdyr.

Şöhratly taryhymyza buýsanç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi ösdürmäge, halkymyzyň ata-babalarymyzdan gelýän maddy-medeni mirasyny gorap saklamaga, baýlaşdyrmaga hem-de giňden wagyz etmäge uly üns berilýär. Munuň özi halkymyzyň taryhyna, maddy-medeni mirasyna bolan çäksiz sarpasyny artdyrýar, kalplarynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanç duýgusyny döredýär. Bu günki gün muzeýler jemgyýetçilik gatnaşyklarynda möhüm orun eýeläp, bu ýerde halkyň taryhyna degişli gymmatlyklar toplanylýar, öwrenilýär, ylmy esasda gözleg işleri alnyp barylýar, taryhy tapyndylar seljerilýär, rejelenilýär hem-de dikeldilýär. Milli medeni mirasymyzy toplamak, rejelemek, gorap saklamak, halkymyza ýetirmek hem-de muzeýleşdirmek işine raýatlarymyzyň hem işjeň gatnaşmagy bizi guwandyrýar. Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine täze ýüze çykarylan arheologik tapyndylaryň gowşurylmagy mynasybetli guralan serginiň açylyş dabarasy geçirildi.

Mälik Pälwan

Türkmeniň ynançlary, edim-gylymlary ýyllaryň geçmegine garamazdan, häzirki günde hem ýörgünli dowam etdirilýär. Türkmen başyna agyr iş düşende-de, döwletli işiň başyna baranda-da, ýüregine teselli gözlände-de rowaýatlaryň üsti bilen, halka ýetirilen keramatly, gudratly saýylýan ýerlere, öwlüýälere baryp, aýat-töwir edip, geçmişini sarpalaýar. Şeýle mukaddes ýerleriň biri hem Duşak obasynyň ilersinde, dag etegindäki baýyrlygyň içinde ýerleşýän Garpyzly öwlüýäsidir. Bu ýer indi ençeme ýyl bäri il içinde Mälik Aždar diýip adygan pälwanyň ýatan ýeri hasaplanýar. Eýsem, Mälik Aždar pälwan kim bolupdyr? Ýaşlygyndan kakasy Hars patyşanyň elinde Hezreti Alydan ar almak islegi bilen terbiýelenen Mälik eýýäm 18 ýaşynda daýaw göwre batyr pälwan bolup ýetişýär. Gujur-gaýraty, gazaby hernäçe ýeterlik bolsa-da, heniz Mäligi ýaş hasap edýän Hars patyşa Alynyň garşysyna oglunyň ýany bilen öz serkerdebaşysyny goşup ugradýar. Mälik pälwan erkek doganlarynyň aryny almaga giden hem bolsa, yzyna tutuş goşuny bilen yslam dinini kabul edip, üstesine-de, Aly bilen dogan okaşyp gaýdýar. Bu ýagdaý Hars patyşanyň gahardan ýaňa sanalgysynyň dolmagyna sebäp bolýar. Mäligiň Hezreti Alynyň ýanyna baryp, gudrat görmek isleginiň soňy tutuş Nepis şäheriniň raýatlarynyň yslam dinini kabul etmegine getirýär. Çünki Mälik pälwan goşuny bilen birlikde, äpet daşyň ortadan ikä bölünip, içinden lagly-merjene bez

Dar­ga­na şä­he­ri­niň ta­ry­hy

Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy: «Dar­ga­na şäh­ri­ne gök­den ses ge­ler» — di­ýip bel­läp­dir. Mu­ny ýat­la­mak bi­len, geç­miş­den hem gel­jek­den ha­bar­ly akyl­da­ryň, Dar­ga­na­ta­ny ba­ryp-ha şol dö­wür­de ony di­ňe bir şä­her di­ýip at­lan­dyr­man, eý­sem, bu ýe­re uly äh­mi­ýet be­ren­di­gi­ne ün­s çek­mek is­le­dik. Ha­wa, Mag­tym­gu­ly ata­myz kül­li adam­za­dyň yk­ba­ly, bu uly dün­ýä­niň dür­li ýag­daý­la­ry ha­kyn­da söz açan­da, tu­tuş go­ja Ze­min üz­re iň mö­hüm ýer­le­riň ha­ta­ryn­da Dar­ga­na­ta­nyň ady­ny hem ge­tir­ýär. Şa­hy­ryň şu se­ti­ri­ne gaý­ta­dan na­zar aý­lap, ýa­ňy-ýa­ňy­lar, biz og­lan wagt­la­ry­myz hem gar­ry­la­ryň gep ara­syn­da bu ýe­riň ady­ny «Dar­ga­na» (ýa-da «Dar­gan») di­ýip tu­tan­dyk­la­ry ýa­dy­ma düş­ýär. Mun­dan ba­ry-ýo­gy ýa­rym asyr çe­me­si ozal­ky ýa­şu­lu­lar hä­zir­ki Dar­ga­na­ta­nyň ady­ny Mag­tym­gu­ly ata­my­zyň mun­dan, gör, nä­çe wagt ozal at­lan­dy­ry­şy ýa­ly at­lan­dyr­ýar­dy­lar.

Ýigidiň myrady bedew

Türkmenistan tarapyndan teklip edilen, ahalteke atçylyk sungatynyň we aty bezemek däpleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň milli seýisçilik sungatynyň, atşynaslyk däpleriniň dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant bolandygynyň nobatdaky güwäsidir. Gahryman Arkadagymyz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «Gadymy türkmen taryhynyň tebigatyndan we zähmetsöýer halkynyň aýratyn zehininden kemala gelen ahalteke bedewi özüniň gany bilen ähli münülýän atlaryň görnüşlerini yzda galdyryp, Ýer ýüzüniň atçylyk sungatyny öz yzyna düşürip alyp gitmegiň hötdesinden geldi. Ol özi barada ähli taryhy eýýamlarda mähirli ýatlama galdyrmak bilen, dünýäniň medeni giňişliginde owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi» diýip belleýär.

Demir binagärliginiň ussady

Meşhur fransuz inženeri, binagär Aleksandr Gýustaw Eýfel 1832-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Kot-d-Or departamentinde dünýä inýär. Onuň kakasy Aleksandr XVIII asyryň başlarynda Germaniýanyň Kýöln şäheriniň etegindäki Marmagen obasyndan göçüp gaýdanlaryň neslinden bolup, dogduk mekanyndaky Aýfel dagynyň hormatyna Eýfel familiýasyny alypdyr. Maşgala agzalarynyň ählisi Eýfel familiýasyny göterse-de, Gýustaw dogluş şahadatnamasynda ýazylan Býonikhauzen familiýasyny 1880-nji ýyla çenli üýtgetmändir. Gýustaw başlangyç bilimi Dižondaky Patyşa liseýinde alýar. Soňra Parižde Sen-Barb kolležinde, Merkezi sungat we dokmaçylyk mekdebinde okaýar. 1855-nji ýylda inženeriň diplomyny alan Gýustaw demir ulanmak arkaly amala aşyrylýan täsin taslamalaryň üstünde işläp ugraýar. Onuň taslamasy esasynda Portugaliýada, Fransiýada gurluşy boýunça diýseň täsin bolan köprüler, Budapeştde demir ýol menziliniň binasy gurulýar. Nýu-Ýorkdaky Azatlyk diňiniň karkasyny gurmaga gatnaşýar,

«Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» ÝUNESKO-nyň sanawynda

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň kuwwatly ösüşe eýe bolmagy ugrundaky başyny başlan giň gerimli döredijilikli işleri bu günki gün hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda gadymy atçylyk sungatyny täzeden dikeltmek we ösdürmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda atçylyk sport toplumlary, döwrebap athanalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Bu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar giňeldilýär. Ýakynda, has takygy, 8-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň teklip eden «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi habar berildi. Bu hoş habar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm ähmiýetli wakasyna öwrülip, ähli türkmen halkynyň şatlygyny goşalandyrdy.

14 taryhda şu gün

Hindistanyň Çarli Çaplini 1924-nji ýylyň 14-nji dekabrynda häzirki Pakistanyň Peşawer diýen serhetýaka şäherçesinde hindistanly režissýor, prodýuser, teatr we kino aktýory Ranbir Raj Kapur dünýä inýär. Ol «Hindistanyň Çarli Çaplini», «hindi kinosynyň atasy», «tanymal tamada» hökmünde tanalýar. Raj 1920-nji ýyldan bäri Kapurlar neberesiniň iň görnükli wekili hasaplanylýar.

Seljuk soltanlary

Dowamy. başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanlarynda.Ömür beýany6. Günorta-gündogar Anadoly, esasan-da, Diýarbekir Amidiň baştutanlygynda soltan Togrul beg döwründen bäri Merwanogullary ady bilen tanalýan bir musulman emirlik tarapyndan dolandyrylýardy. Müň segseninji ýylda Merwanogullarynyň başyna Nasirindöwle Mansur geçip, ol juda edenli musulman weziri Ebu Tahir Enbari wezipesinden boşadyp, onuň ornuna isaýy tebip Ebu Salimi geçirdi.

«Taryha ýazylmyş Änew bozulmaz»

Türkmen halky gadymy halklaryň biridir. Onuň baý taryhy, ruhy, medeni we maddy gymmatlyklary bar. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistan — Änew, Altyndepe, Margiana, Ürgenç, Maşat-Misserian, Sarahs, Farawa, Şährislam, Şähribossan, Amul, Namazgadepe, Abywerd, Nusaý we köpsanly beýleki ýadygärlikler ýaly, dünýä ylmynyň üns merkezinde duran, özüne müňýyllyklaryň taryhyny siňdiren ýüzlerçe arhitektura we arheologiýa ýadygärliklerine, medeni-ruhy gymmatlyklara baý ülkedir» diýmegi hem şaýatdyr. Muny türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan edilmegi-de tassyklaýar. Bu çözgüt hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasynyň, şol sanda umumadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan türki dilli halklaryň örän baý medeni mirasynyň goralyp saklanylmagyna, öwrenilmegine hem-de halkara derejesinde wagyz edilmegine gönükdiren taýsyz tagallalarynyň nobatdaky subutnamasydyr. Taryhy maglumatlara görä, 1902 — 1904-nji ýyllar aralygynda belli amerikan alymy Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýa Änewde gazuw-agtaryş işlerini geçirende bu mekandan ak bugdaýyň dänejiklerini tapypdyrlar. Amerikan alymlary ak bugdaýyň bu dänejiklerine ylmy barlag geçirenlerinde

Taryhy hakykat we çeper hakykat

Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlar bilen birlikde, türkmen edebiýaty hem ösüşiň täze eýýamynda belent sepgitleri nazarlap öňe barýar. Ýazyjy-şahyrlarymyz dürli mowzukda ajaýyp şygyrlary, kyssa we drama eserlerini döredip, edebiýatymyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda Garaşsyzlygymyzyň gözbaşlaryna ünsi çekip: «Garaşsyzlygy gazanmak bilen, döwletimiziň öňünde örän çylşyrymly meseleleri çözmek wezipesi keserip durdy: jemgyýetçilik-syýasy gurluş üýtgeýär, ykdysady özgertmeleri amala aşyrmaly, ruhy özgerişler bolup geçmeli... Bular örän köp zähmeti we berk oýlanyşyklylygy talap edýän wezipelerdir» diýip belleýär. Alym Arkadagymyzyň adalatly nygtaýşy ýaly, jemgyýetçilik-syýasy gurluşyň üýtgemegi, ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylmagy ruhy özgerişlere hem giň ýol açýar. Halkyň ruhy dünýäsiniň bir ganaty milli edebiýat hasaplanýar. Garaşsyzlyk döwründe taryhy mowzukda ýazylan eserlerde türkmen halkynyň geçmişde uly yz goýan taryhy şahsyýetlerine, milli gymmatlyklaryna aýratyn orun berilýär. Taryhy romanlarda ýazyjylarymyzyň türkmen halkynyň geçmişindäki taryhy şahslaryň keşplerini arhetipleriň (grekçe, arche — başlangyç, typos — obraz), ýagny türkmen edebiýatynda dürli döwürlerde döredilip, döwürleriň synagyndan geçen, watançylyk, mertlik, harby-gahrymançylyk, ynsa

Şirgazy medresesi

Horezmşalar döwleti Merkezi Aziýada giň oazisli Amyderýanyň aşaky akymynda ýerleşýän siwilizasiýanyň we ekerançylygyň gülläp ösen ýurdy bolupdyr. «Horezm» sözi «Güneşli ýurt» diýen manyny aňladypdyr. Abu-Reýhan Birunynyň «Geçen nesilleriň ýadygärlikleri» diýen işinde horezmliler miladydan öňki XIII asyra degişli edilýär. Muňa suwaryş desgalarydyr arheologik ýadygärlikleriň galyndylary hem şaýatlyk edýär. Horezmiň topragynyň köp böleginde çylşyrymly suwaryş desgalary, akabalar, ýaplar bolupdyr. Oba hojalygynda, esasan, pagtaçylyga, şaly ekmäge üns berlipdir. Bagçylyk we üzümçilik ep-esli orny eýeläpdir. Horezm döwleti ykdysady, medeni galkynyşlar bilen birlikde, gowgaly döwürleri hem başdan geçiripdir. Talaňçylykly uruşlar, guraklyk, açlykdyr ýokanç keseller şäherleriň gülläp ösmegine ýaramaz täsir edipdir. Emma şeýle-de bolsa, halk Horezmi gaýtadan dikeltmek üçin güýç tapypdyr. Ürgenç, Hywa şäherleri belli bir wagtyň dowamynda gür ilatly, medeni-ykdysady merkezlere öwrülipdir.

Oguz han asylly türkmen

Takyk ylmy çeşmeler, antropologik maglumatlar türkmenleriň ata-babalarynyň häzirki Türkmenistanyň çäginde müňlerçe ýyllaryň dowamynda ýaşandyklaryna şaýatlyk edýär. Türkmenistan adamzat siwilizasiýasynyň kemala geliş merkezleriniň biridir, biziň halkymyz bolsa dünýä medeniýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan halkdyr diýip, buýsanç bilen aýdyp bolar. Türkmenler Zemindäki iň gadymy halklaryň biri bolup, oguzlaryň nesilleridir. Halkymyz öz nesilbaşysy, at-owazasy dünýä ýaýran Oguz hanyň adyny guwanç bilen tutýar. Watany söýmek, halka wepaly bolmak, bellenilen maksada ýetmekde tutanýerlilik görkezmek, batyrlyk we edermenlik ýaly milli häsiýetler Oguz hanyň ady bilen baglanyşyklydyr.