"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Bäsleşigiň jemi jemlenildi

Ýakynda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi. Bäsleşigiň maksady hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek syýasatyny durmuşa geçirmek, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işlere ýaş nesliň işjeň gatnaşmagyny gazanmak, olarda daş-töweregimizi gurşap alýan tebigata söýgini terbiýelemek hem-de ýaş nesliň ekologiýa medeniýetini ösdürmek bolup durýar. Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, umumybilim berýän mekdepleri we çagalar baglary bilim edarasynda bagy-bossanlyga degişli işiň ýola goýluşy; bilim edarasynyň howlusynda, daş-töwereginde, oýun meýdançalarynda arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişi; bilim edarasynyň howlusynda, daş-töwereginde miweli we saýaly baglaryň, bezeg ösümlikleriniň we gülleriniň ösdürilip ýetişdirilişi hem-de olara ideg edilişi; mekdep okuwçylarynda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça geçirilýän çäreler, çagalar baglarynyň körpeleri, mekdep okuwçylary, pedagogik, hyzmat ediş işgärleri bilen daşky gurşawy goramak we baýlaşdyrmak boýunça geçirilýän işler; bilim edaralarynda döredilen «Tebigat» burçunyň bezelişi; mekdep okuwçylarynyň, olaryň ata-eneleriniň gatnaşmagynda bilim edarasyny bagy-bossanlyga öwürmekde geçirilýän işler diýen ugurlar boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Netijeli işler üstünlige hemradyr

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän ekologiýa syýasatynyň baş maksadydyr. Şu nukdaýnazardan, ýylda iki gezek — ýaz we güýz pasyllarynda ýurdumyzda agaç nahallaryny köpçülikleýin ekmek asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän bu ekologiýa çäresine dürli ýaşdaky ildeşlerimiz bilen birlikde, ýaşlar hem işjeň gatnaşýarlar. Şonuň netijesinde paýtagtymyz Aşgabadyň daş-töweregi, ýurdumyzyň sebitleri, döwrebap binalaryň, şol sanda bilim ojaklarynyň töweregi bagy-bossanlyga bürelýär, ajaýyp tebigy gözellige eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek boýunça öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli çözülmegi olara zerur zähmet endiklerini öwretmek, zähmet terbiýesini bermek bilen berk baglanyşyklydyr. Ýaş nesilleriň zähmet terbiýesi ekologiýa terbiýesi bilen utgaşykly alnyp barlanda has-da oňyn netije gazanylýar, sazlaşykly ösýän ýaş nesiller kemala getirilýär.

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Başlangyç synplarda okamak endiklerini kemala getirmek Okuwçylarda okamak endikleri, harplary ýazmak ukyby başlangyç synplardan başlanýar. Munuň üçin başlangyç synplarda ene dili sapagynda elipbiýi has çuňňur öwretmeli. Bu işde okuw kitabyndan hem-de interaktiw tagtanyň hyzmatyndan peýdalanmak döwrüň talabydyr. Şeýle hem dürli gyzyklandyryjy oýunlary, harplara degişli goşgulary aýtdyrmak bolar. Okatmagyň öňdebaryjy usullaryny iş ýüzünde peýdalanmak bilen çagalarda başlangyç bilimi kemala getirmek bolar. Şunda çagalaryň bilimini, başarnygyny artdyrmak, kämilleşdirmek baş maksatlardyr.

Labyzly okuwyň ähmiýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak mekdeplerde ýaşlara bilim bermek üçin doly mümkinçilikler bar. Mugallymlar sapaklarynda işjeň usullardan, multimedia serişdelerinden, okuw-görkezme esbaplaryndan yzygiderli peýdalanýarlar. Bu bolsa sapagyň hiliniň ýokarlanmagyna, ýaşlaryň bilim derejeleriniň artmagyna, olaryň gözýetimleriniň giňemegine oňyn täsir edýär. Türkmen halkynyň baý we gadymy edebi mirasy bar. Halkymyzyň geçmişiniň medeni we umumy durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan bu ruhy baýlygymyz ylmy taýdan öwrenilende, birnäçe gyzykly we täsirli maglumatlaryň, başdan geçirmeleriň üstünden barýarys.

Kämilligiň röwşen ýoly

Ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeler, milli gymmatlyklar häzirki döwürde mynasyp dowam edýär. Şeýle asylly ýörelgeleriň biri hem ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, watansöýüji ynsanlar edip ýetişdirmek bolup durýar. Munuň özi halkymyzyň milli ýörelgesiniň rowaçlanýandygyny aýdyň beýan edýär. Eziz Diýarymyzda ýaş nesliň okamagy, öwrenmegi, kämil ynsanlar bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil, Watana we il-halkymyza wepaly, milli medeni we ruhy-ahlak ýörelgelerimize ygrarly, häzirki zaman ylym-bilimlerinden we tehnologiýalardan baş çykarýan, sagdyn, ruhubelent we kämil ynsanlar bolup kemala gelmeklerine gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şeýle maksatnamalaýyn işleriň netijesinde ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamy has-da ösdürilýär. Munuň özi bilim işgärlerini öňküden-de döredijilikli zähmet çekmäge, ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegi üçin mynasyp işleri alyp barmaga ruhlandyrýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek arkaly durmuşa geçirilýän beýik işler ýaş nesillerimiz üçin bagtyýar geljegiň berk binýadyny döretmäge gönükdirilendir, çünki ýaşlar bagtyýar geljegiň, erkana Watanymyzyň röwşen geljegidir. Bu aýdyň hakykat biziň her birimizi buýsandyryp, ýaş nesilleriň röwşen geljegini üpjün edýär.

Bilim işgärleri Fransiýada saparda boldular

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlary we hünärmenleri «Emeli aň» tehnologiýalaryny, maglumat howpsuzlygyny ýakyndan öwrenmek hem-de olaryň okuw-usuly, ylmy-barlag işlerine ornaşdyrylyşy bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen Fransiýa Respublikasynda iş saparynda boldular. Iş sapary döwründe bu baýry ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Pariž şäherindäki Sorbonn uniwersitetine, Amerikan işewürlik ýokary okuw mekdebine, Pariž şäher uniwersitetine baryp, nazary we amaly bilimiň guralyşy, okuw işine «Emeli aňyň» ornaşdyrylyşy, inženerçilik we fizika ugurlary boýunça 3D modelirleme, robototehnika ulgamlary üçin ulanylýan ýörite programmalary okuw işine ornaşdyrmakda täze, döwrebap tehniki serişdeleriň mümkinçilikleri bilen tanyş boldular. Bu ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary we hünärmenleri bilen adamzadyň kämil paýhasynyň we tehnologiýalar babatda soňky gazananlarynyň önümi bolan «Emeli aň» tehnologiýalary bilen işleýän onlaýn okuw modelleri arkaly talyplaryň ukybyna görä okuw programmalaryny düzmegiň, okuw ulgamyny dolandyrmagyň döwrebap usullary barada özara pikir alyşdylar.

Dil bilmek – döwrüň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär, ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, beden taýdan sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, milli we dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullary esasynda okuw-tejribelik işlerini ýokarlandyrmak we bilime, ylma höwesli ýaşlary goldamak bilen baglanyşykly özgertmeler üstünlikli alnyp barylýar. Bu özgertmeler dünýä halklary bilen dost-doganlygy üpjün edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Şunda dünýäniň ylmy edebiýatyndan peýdalanmak, döwrebap ylymlary özleşdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Munuň üçin bolsa dünýä dillerini öwrenmek, suwara bilmek zerurdy

Daşoguzda sürüjiler üçin täze mekdep işläp başlar

Hazirki wagtda Daşoguzda täze sürüjilik mekdebini ulanylmaga bermek üçin taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Mekdep binasy «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň buýurmasy bilen Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz «Demirbetonönümleri» zawodynyň gurluşyk bölüminiň hünärmenleri tarapyndan guruldy. Oguz han köçesinde ýerleşýän täze binanyň umumy meýdany üç ýarym gektardan gowrak.

Dil öwrenmegiň innowasion usullary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilim we ylym ulgamynda düýpli özgerişlikler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda okatmagyň iň kämil usullary, döwrebap ugurlary durmuşa geçirilýär, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ornaşdyrylýar. Şonuň üçin hem sapakda kompýuter enjamlary, multimedia tehnologiýalary giňden peýdalanylýar. Munuň özi usulyýetiň döwrebap görnüşi bolmak bilen bir hatarda, okuwçylaryň okamaga, öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Netijede, okuwçylar bilimleri tiz özleşdirip guralýan sapaklara oňat düşünýärler. Daşary ýurt dilleri okadylanda okuwçylaryň gyzyklanmasyny artdyrmak, olaryň iňlis diline bolan söz baýlygyny gazanmak mugallymlaryň baş maksadydyr. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz halkara giňişliginde mynasyp orny eýeläp, dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli işleri alyp barýar. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlary taýýarlamak zerur bolup durýar. Häzirki wagtda sapaklarda multimedia tagtalar, kompýuterler işjeň ulanylýar. Bu işleriň çagalar baglaryndan başlap, orta mekdeplerde has-da çuňlaşdyrylyp amala aşyrylmagy ýaşlaryň daşary ýurt dillerini has-da içgin öwrenmekleriniň kepilidir. Daşary ýurt dilini okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen tanyş, okuwçyny

Çagalaryň sesi — bagtyň mukamy

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda geçirilen «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy boldy. Bäsleşigi Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde gurady. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden mekdep okuwçylary gatnaşdy.

Ýaş zehinleriň halkara üstünligi

Täze taryhy döwrümizde türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmegi, şeýle-de ýurdumyzda halkara olimpiadalaryň yzygiderli geçirilmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Şunuň bilen baglylykda, 25 — 30-njy noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadanyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipelerden ugur alnyp geçirilen halkara olimpiada biziň döwletimizden we daşary ýurtlardan talyplaryň 220-ä golaýy gatnaşdy.

Röwşen geljegiň çyragy

Ylym-bilime söýgi, öwrenmäge bolan hyjuw milli aýratynlyklarymyzyň biridir. Bu biziň ýaşlarymyzyň okamaga bolan höwesini, bilimli bolmak ukybyny kämilleşdirýär. Häzirki zaman dünýäsinde kitabyň, ylym-bilimiň tutýan orny örän uludyr. Ösüşlerdir täze-täze maglumatlar ýaşlaryň bilimli bolmak ukybyny has-da artdyrýar, maglumatlary öwrenmegiň täze usulyny, dünýägaraýşy giňeltmegiň täze görnüşini kemala getirýär. Döwrüň talap edýän ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak wezipesi häzirki zaman ylym we bilim ulgamyny mundan beýläk-de özgertmegiň esasy ugry bolup durýar we bu täze garaýyşlar ýaş nesliň okadylyşynyň mazmunyna düýpli täsirini ýetirýär. Milli we halkara ders olimpiadalarynda, abraýly ylmy bäsleşiklerde ýeňiş gazanýanlaryň arasynda ýaş watandaşlarymyzyň sanynyň barha artmagy bu ugurda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Zehin. Ylym. Sport (Siziň deň-duşuňyz)

Zehin — ylahydan berilýän peşgeş. Zehiniň derejesi ummasyz beýiklige deňelýär. Şu ýylyň 4 — 11-nji noýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä zehin sportlary federasiýasynyň olimpiadasyna (MEMORIAD — 2024) «Anzan Mega Arithmetic» maksatnamasy boýunça gatnaşan türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň gazanan netijeleri dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Olimpiada ýurdumyzda hereket edýän «Kämil bilim», «Bilim ýoly» hem-de «Altyn göreç» okuw merkezlerinde bu maksatnama boýunça okaýan mekdep okuwçylarynyň ençemesi gatnaşdylar. Olar dünýä döwletleriniň 60-dan gowragyndan gelen iň zehinli türgenleriň 150-ä golaýy bilen ýaryşdylar.

Taryhçy bolasym gelýär (Kim bolasyň gelýär?)

Adam öz gyzyklanmasyny geljekki hünäri bilen utgaşdyrsa, onuň üstünlik gazanjakdygy ikuçsuz. Şonuň üçin bolsa gerek, kiçiligimden bäri taryh dersini aýratyn gowy görýärin. Bu ylmyň baş wezipeleriniň biri hem adamzat jemgyýetiniň döreýşini we ösüşini öwrenmek bolup durýar. Täze taryhy döwrümizde her bir ýylymyz buýsançly wakalara beslenýär. Geçen okuw ýylynda taryh dersinden «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda 1-nji orna, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda ýurdumyzyň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Watanyň daýanjy — bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!» atly olimpiadada bolsa 3-nji orna mynasyp bolmagym indiki gazanjak ýeňişlerimiň badalgasy boldy.

Parahatçylyk: çagalaryň sesi

Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda geçirildi.

Mähriban çagalar, suratlardaky 10 tapawudy tapyň!

Döwrebap tehnologiýalar – täzeçil bilimiň badalgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň ylym-bilim öwrenmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ählitaraplaýyn ösýän Watanymyz bu gün ylym ýolunda hem täze şöhle saçýan ösüşleriň, özgerişleriň gujagynda ýaşaýar. Ajaýyp zamanamyzyň eşretli döwrana beslenen günlerinde “Ylymly il ozar” diýen paýhasa uýýan halkymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň öz höwes edýän hünäriniň ussady bolmaklary üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilendir. Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem her bir döwletde ylym-bilimiň ösmegi zerurdyr. Türkmen ýaşlaryna dünýä ülňülerine laýyk derejede ylym-bilim berilmegini üpjün etmek meselesi ýurdumyzda esasy wezipe bolup durýar. Biziň häzirki ýaşaýan döwrümizde ylym-bilim iň bir wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Ýokary bilimlilik we öz kesbiňde kämillik bolsa bu jemgyýetde öz ornuňy tapmak üçin girewdir. Şol sebäpli hem öz ukybyňa görä kämilleşmek häzirki zaman tehnologiýalaryndan habarly bolmak gerekdir. Ýaşlar bilen işlemekde bu serişdelerden has-da netijeli peýdalanmagyň, olaryň hünär taýýarlygyna aýratyn üns bermek aýratyn zerurdyr. Tehnologiýanyň islendik görnüşinden baş çykarmak bolsa häzirki döwrüň hökmany talaby bolmak bilen özboluşly çylşyrymly ulg

Ertirimiz nurana – geljegimiz ýagty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ähli ugurlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitleriň guwandyryjy netijeleri halkymyzy ruhlandyrýar. Geljegimiziň ýagty hem-de nurana ertelerimiziň eşretli boljakdygyna ynamymyzy berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Eziz Diýarymyzda ýaş nesillerimize bilim hem-de terbiýe bermek bilen bagly jogapkärli işlerde bilim işgärleri yhlaslaryny gaýgyrman, ýokary derejede öndürijilikli zähmet çekýärler. Hut şonuň netijesinde hem türkmen ylmy, bilimi täze basgançaklara çykyp, uly ösüşlere eýe bolýar, bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady mäkäm tutulyp, ol halkyň eşretli ýaşaýşyna, bagtyýar durmuşyna gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik işleriň durmuşa geçirilýän zamanasynda ýurdumyzyň her bir ulgamyna aýratyn üns berilýär. Şu nukdaýnazardan, ylym-bilim ulgamy, galyberse-de, ýaş nesiller baradaky mesele döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde paýtagtymyz Aşgabatda we ähli welaýatlarymyzda ýaşlarymyzyň dünýä derejesinde ylymly, bilimli bolmagy üçin ähli şe

Bilim – üstünlikleriň gözbaşy

Ylym-bilim uçar ganata deňelýär. Halkymyz ir döwürlerden bäri ylym-bilimliligi döwletlilik saýypdyr. Hut şonuň üçin hem pederlerimiziň ylym-bilimde, edebiýatda goýan yzlary häli-häzirem dünýä ýalkym saçýar. Magtymguly atamyzyň: «Ylym-taglym alan seni unutmaz, Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy» diýmeginiň aňyrsynda-da uly many bar. Munuň özi diňe bir ylym-taglym beren ussada däl, şol baýlygy bagyş eden topraga-da hormatyň uly bolmalydygyny görkezýär. Abu Nasr Farabynyň: «Ýurtda alymlaryň köpelmegi ylmyň ösmegine getirer. Ylmyň ösmegi bolsa ýurduň abraýynyň zyýada bolmagyna we raýatlaryň ýaşaýşynyň has gowulaşmagyna getirer. Ylym hakynda ýa-da ylmyň adyndan gürleýän adam päk göwünli, terbiýeli, erjel we ylmy söýýän adam bolmalydyr» diýen sözlerinde halkymyzyň asyrlar içre geçen şöhratly ýolunyň keşbi görünýär. Syrlardan doly ylym-bilim dünýäsine eltýän ýol her birimiziň bilim ojagymyzdan, çagalygymyzdan gözbaş alýar. Mähriban ojagymyzda ilkinji öwrenen harpymyza, alan oňat bahamyza, iň bir ýönekeýje üstünligimize ene-atamyz özümizden gowy begenýändirler. Bu ýöne ýerden däl. Sebäbi şol ilkinji ädimlerden başlan durmuş menzillerinde saňa üstünlikleriň, ýeňişleriň hemra bolmagynda ene-atanyň orny uludyr. Olaryň ýürekden çykýan şatlygy, egsilmez söýgi we yhlasy çaganyň kalbynda ynam döredýär, polat taplan ýaly taplaýar. Şonda ol ynam ýylsaýyn mäkämleşip, ynsany üstün

Bilim ulgamy: ösüş we halkara hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda kabul edilen milli maksatnamalardyr meýilnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, bu ulgamy sanlylaşdyrmak, onuň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, dünýäniň bilim giňişliginde eýeleýän ornuny has-da berkitmek boýunça möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijesinde bilim edaralarynyň innowasion mümkinçilikleri ýokarlanýar, täze hünärler we taýýarlyk ugurlary açylýar, okuwa kabul edilýän talyplaryň sany artýar, okuwlaryň hili düýpli kämilleşýär, uzak aralykdan bilim bermek işi ýola goýulýar, ýokary hünär mekdepleri dünýä tejribesinde giňden ýaýran iki derejeli ulgama geçirilýär, bilim çygrynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň amala aşyrylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýokary hünär bilimi edaralarynda bilimiň, ylmyň we önümçiligiň arabaglanyşygyny üpjün edýän täze düzüm birliklerini girizmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlendi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda bilim ulgamyny, şol sanda ýokary hünär bilimini berýän okuw mekdepleriniň işini düýpli özgertmegi ugur edinýän strategiýa durmuşa geçirilýär. Bu döwlet strategiýasynyň çäklerinde bilimiň özgerdiji güýjüni innowasion ösüşiň bähbidine ulanmak wezipesine aýratyn ähmiýet berilýär. «Bilim hakynda» rejelenen gör