Bilim – üstünlikleriň gözbaşy

2 Dekabr 2024
168

Ylym-bilim uçar ganata deňelýär. Halkymyz ir döwürlerden bäri ylym-bilimliligi döwletlilik saýypdyr. Hut şonuň üçin hem pederlerimiziň ylym-bilimde, edebiýatda goýan yzlary häli-häzirem dünýä ýalkym saçýar. Magtymguly atamyzyň: «Ylym-taglym alan seni unutmaz, Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy» diýmeginiň aňyrsynda-da uly many bar. Munuň özi diňe bir ylym-taglym beren ussada däl, şol baýlygy bagyş eden topraga-da hormatyň uly bolmalydygyny görkezýär. Abu Nasr Farabynyň: «Ýurtda alymlaryň köpelmegi ylmyň ösmegine getirer. Ylmyň ösmegi bolsa ýurduň abraýynyň zyýada bolmagyna we raýatlaryň ýaşaýşynyň has gowulaşmagyna getirer. Ylym hakynda ýa-da ylmyň adyndan gürleýän adam päk göwünli, terbiýeli, erjel we ylmy söýýän adam bolmalydyr» diýen sözlerinde halkymyzyň asyrlar içre geçen şöhratly ýolunyň keşbi görünýär.

Syrlardan doly ylym-bilim dünýäsine eltýän ýol her birimiziň bilim ojagymyzdan, çagalygymyzdan gözbaş alýar. Mähriban ojagymyzda ilkinji öwrenen harpymyza, alan oňat bahamyza, iň bir ýönekeýje üstünligimize ene-atamyz özümizden gowy begenýändirler. Bu ýöne ýerden däl. Sebäbi şol ilkinji ädimlerden başlan durmuş menzillerinde saňa üstünlikleriň, ýeňişleriň hemra bolmagynda ene-atanyň orny uludyr. Olaryň ýürekden çykýan şatlygy, egsilmez söýgi we yhlasy çaganyň kalbynda ynam döredýär, polat taplan ýaly taplaýar. Şonda ol ynam ýylsaýyn mäkämleşip, ynsany üstünlikden-üstünlige ýetirýär.

Oguljan ATAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 78-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mugallymy.