"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Zehinli okuwçylaryň üstünligi

Welaýatymyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan zehinli okuwçylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy tarapyndan biologiýa we himiýa dersleri boýunça geçirilen açyk internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler. Olimpiada 10 ― 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirildi. Biologiýa boýunça geçirilen olimpiadada Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçysy Kerim Italmazow birinji orny eýeläp, welaýatymyz boýunça iň ýokary netijäni görkezdi. Şeýle hem bu olimpiadada 10-njy synp okuwçylarynyň arasynda ýene şol mekdepden Bägül Çaryýewa ikinji, welaýat merkezimizdäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepden Mährijemal Döwletgeldiýewa üçünji, 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçylary Mukam Döwletmämmedow bilen Jemal Allakowa ikinji, Dänew etrabyndaky 19-njy orta mekdepden Aýna Ahmedowa, ýene şol etrabyň 3-nji orta mekdebinden Jennet Arslanowa, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebinden Selbi Kerimberdiýewa üçünji; şu okuw ýylynyň ahyrynda ak mekdepden uçurym boljak ýaşlaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepden Maral Berdimyradowa ikinji, ýene şol mekdepden Mehri Suwhanowa bilen welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebinden Arslan Ýangibaýew üçünji orny eýelediler.

Kitap — ynsanyň baky hemrasy

Sakasynda hormatly Prezidentimiz duran bilim özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň kitaphanalarynyň kitap gory barha baýlaşdyrylýar. Şu okuw ýylynyň ilkinji günlerinden bäri kitaphanalarymyza okuw gollanmalarynyň birnäçesi gelip gowuşdy. Olar, esasan, 11-nji we 12-nji synplarda peýdalanylmaga niýetlenilen okuw kitaplarydyr. Aglabasy üstümizdäki ýylda çap edilen bu okuw kitaplary mugallymlaryň we okuwçylaryň maglumat üpjünçiliginiň üstüni ýetirýär.

Talyplar ― abraýly olimpiadanyň ýeňijileri

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan geçirilen himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasynda baýrakly orunlara eýe boldular. «A» we «B» derejelerinde geçirilen olimpiadanyň «A» derejesinde Türkmenabatdaky baýry ýokary okuw mekdebiniň talyby Nariman Nyýazow bürünç medala mynasyp boldy. «B» derejesinde bolsa Serdar Myradow kümüş, Gülşat Ereşowa bürünç medalyň eýeleri boldular.

Sanly bilim ulgamy - döwrebap ösüşleriň badalgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän bilim diplomatiýasynyň netijesinde milli bilim ulgamymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri, ýaş nesillerimiziň kämil bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bilim ulgamyna aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyzyň ýardamlaryndan hem-de sargytlarydyr öňde goýýan wezipelerinden ruhlanyp işleýän mugallymlar ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň bilim derejesini häzirki zamanyň ylmy gazananlaryna laýyk ösdürmek maksady bilen, zehin-ukyplaryny orta goýup işleýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amal edýän öňdengörüjilikli syýasatynyň esasy maksady ilatymyzy ýaşaýyş derejesi boýunça ösen döwletleriň hataryna goşmakdan ybarat. Döwletiň üstünlikli öňegidişligi ylmyň we bilimiň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Sebäbi ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdügi ikuçsuzdyr. Bu hakykaty göz öňünde tutup, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerine sanly bilimi ornaşdyrmak ugrunda giň möçberli işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpsanly çagalar baglary, o

Döwrebap bilim – mynasyp terbiýe

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär. Ýurdumyzda bu möhüm ulgamyň işini düýpli kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, sanly bilimi ornaşdyrmakda, dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda durmuşa geçirilen beýik işleriň her biri halkymyzyň eşretli şu gününi, röwşen geljegini üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda uly-uly üstünlikler gazanyldy, ýurdumyz guwandyryjy ösüşl

Tejribe — kämillige ýol

Islendik hünäriň hakyky ussady bolmakda tejribe zerurlyk hasaplanýar. Ol kämillige ýetmegiň iň netijeli ýoludyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ýaşlaryň saýlap alan hünärleri boýunça nazary bilimlerini tejribe bilen utgaşdyrmaklary babatda uly aladalar edilýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň geljekki türkmen diplomatlaryny, halkaraçy hünärmenleri taýýarlaýan Halkara gatnaşyklary institutynyň 5-nji ýyl talyplarynyň önümçilik tejribeliklerini ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda geçmekleri olaryň saýlap alan hünärleriniň hakyky ussatlary bolup ýetişmeklerine uly itergi berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkaraçy hünärmenleri daşary ýurtlara tejribelige ugratmak baradaky asylly başlangyjynyň durmuşa geçirilip başlanmagy bilen, 2014-nji ýyldan bäri, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň 5-nji ýyl talyplarynyň ençemesi Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda önümçilik tejribeligini geçip gelýärler. Ýakynda hem institutyň halkara gatnaşyklary, halkara hukugy, halkara ykdysady gatnaşyklar, halkara žurnalistikasy fakultetleriniň 5-nji ýyl talyplarynyň 12-si ýurdumyzyň Eýran Yslam Respublikasyndaky, Gazagystandaky, Özbegistandaky, Täjigistandaky diplomatik wekilhanalarynda önümçilik tejribeliginde boldular. Talyplaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, syýasy sowatlylygyny artdyrmak, ýokary de

Baş maksadymyz nesil terbiýesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ylym, bilim ulgamy belent sepgitleri nazarlap, uly üstünliklere beslenýär. Okamak, bilim almak - bize ata-babalarymyzdan galan mirasdyr. Pederlerimiz okamak, ylym öwrenmek bilen dünýä akyl ýetiripdirler. Dana atamyz Magtymguly Pyragynyň “Kitap okan gullar magnydan dokdur” diýen setirlerini okanymyzda hem geçmiş pederlerimiziň kitaba, ylym-bilime hormatynyň uludygyny bilmek bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem ata-babalarymyzdan gelýän ýoly dowam etmek, olara sarpa goýmak barada yzygiderli tagallalary edýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bilim-terbiýäniň esasy ojagy hasaplanylýan mekdeplerde çagalara ýaşlykdan başlap, asylly terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda ähli zerur şertler döredilendir. Bilşimiz ýaly, Garaşsyz Türkmenistanyň ýagty geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesile bilim bermekde, milli ýörelgelere laýyk terbiýe bermekde, aň we beden taýdan sagdyn ösdürmekde bilim edaralarynyň ýokary ähmiýeti bar. Bu ýerde okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna görä edep-terbiýe ulgamy sazlaşykly alnyp barylýar. Okuw-usulyýet işleriniň göwnejaý guralmagy, sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden giň gerimde peýdalanylmagy netijesinde ýaş nesilleriň kämil ylymly, bilimli bolup ýetişmekleri gazany

Bilimli ýaşlar — buýsanjymyz

Hormatly Prezidentimiziň aýratyn nygtaýşy ýaly, ýaş nesillerimiziň döwrebap ylymly, bilimli bolmaklary, olaryň yhlasly we döredijilikli zähmet çekmekleri ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere kuwwatly itergi berýär. Ylymly, bilimli nesil jemgyýetiň ösüşini dowam etdirýär, onuň ösüşine özüniň goşandyny goşýar. Hut şu maksat bilen hem häzirki wagtda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, dünýäniň iň öňdebaryjy tilsimatlaryndan baş çykaryp bilmekleri, bilimleri başarnykly özleşdirmekleri üçin ýurdumyzyň orta mekdeplerinde uly mümkinçilikler döredilýär. Täze gurulýan mekdepleriň ählisinde döwrebap kitaphanalar bar, öňden bar bolan mekdepleriň durky täzelenilip, olardaky kitaphanalar hem doly döwrebaplaşdyrylýar. Paýtagtymyzyň beýleki umumybilim berýän orta mekdeplerinde bolşy ýaly, 46-njy orta mekdepde hem kitaphana işi döwrebap alnyp barylýar. Okalga eýwanlary üçin enjamlaryň, dürli bezegleriň üpjün edilmegi, düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmegi, kitap tekjeleri kitaphanalaryň işleriniň kämilleşmegine uly ýardam edýär. Okuwçylaryň kitap okamaga höwesini artdyrmak, olaryň işjeňligini ýokarlandyrmak üçin alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Täze gelip gowuşýan kitaplar bilen tanyşdyrylyş dabaralarynyň, ýazyjy-şahyrlar, alymlar, öňdebaryjy zähmet ussatlary bilen duşuşyklaryň guralmagy okuwçylarda uly täsir galdyrýar.

Sanly ykdysadyýet — üstünlikleriň kepili

Mähriban Watanymyz bu gün sazlaşykly ösýän hem-de özgerýän kuwwatly, berkarar döwlet hökmünde bütin dünýäde giňden tanalýar. Adamzat jemgyýetiniň ösüşleri we özgerişleri bolsa ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli nesiller bolup ýetişmekleri, dünýä ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmaklary üçin ýurdumyzda döredilýän şertler giň gerimliligi hem-de netijeliligi bilen tapawutlanýar. Bu babatda berkarar döwletimizde yzygiderli geçirilýän dürli dabaralar we ylmy bäsleşikler zehinli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn, sowatly ýaşlary ýüze çykarmakda, olaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ykdysadyýet ulgamynda innowasion ösüşi çaltlandyrmak, şol bir wagtda internetden peýdalanmak we maglumat-tehnologiýalar ulgamyny işjeňleşdirmek arkaly, sanly ykdysadyýeti giň gerimde ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiz turuwbaşdan ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi baş ýörelge hökmünde kabul etdi. Munuň özi ykdysadyýetimizi köpugurly ösdürmegiň, şeýlelikde ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmagyň iňňän ygtybarly ýoludyr. Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna döwrebap halkara tejribäniň we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, halkara we sebit derejeli ulag düzüminiň döredilmegine, döwletimizi

Mertlik mekdebiniň perzentleri

Döwürlerden ötüp, heňňamlarda syzylyp, biziň günlerimize ýetip gelen milli gymmatlyklarymyz sanardan kän. Şeýle gymmatlyklaryň naýbaşysy hem nesil terbiýesidir. TGM-niň Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde hem harby okuwçylara harby, ýörite we beýleki jemgyýetçilik bilimleri bermekde pederlerimizden miras galan nusgalyk ýörelgelere eýerilýär. Ýakynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk toýuna bagyşlanyp geçirilen döredijilik duşuşygynda hem şu nukdaýnazardan ugur alnyp, beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ähmiýeti, ondaky pelsepewi pikirleriň düýp manysy hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Çünki şygyr bilen asudalygyň, agzybirligiň, jebisligiň manysyny adamzada düşündirmekde dana Pyragynyň döredijiligi gymmatly gollanmadyr. Mundan başga-da, harby okuwçylara asly merdana halkymyzyň şöhratly taryhynda Oguz han Türkmen, Görogly beg Türkmen, Soltan Sanjar, Alp Arslan Türkmen ýaly gaýduwsyz gerçekleriň-de asudalyk ugrunda jan aýaman Watan topraklaryny gorandygyny rowaýatlaryňdyr hikmetleriň üsti bilen düşündirilýär. Biziň harby mekdebimiziň hut türkmeniň görnükli gerçek ogly Alp Arslanyň adyny göterýändigi hem aýratyn buýsanja mynasypdyr. Beýik serkerdäniň şöhratly ýoly, asudalyk ugrunda alyp baran işleri harby okuwçylarymyzda ýakymly täsir galdyrýar. Netijede, geljekki ýurt goragçylary mert pederlerimiziň öwütlerine kalplarynda orun berip, Wat

Raýat goranyşyň ezberleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bilim özgertmeleriniň netijesinde kemala gelýän Watan goragçylaryny ylymly-bilimli, ýokary hünär ussatlygy esasynda okatmak we terbiýelemek döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Şu nukdaýnazardan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetinde okaýan harby talyplaryň harby-amaly endiklerini we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny ýokarlandyrmaga hem-de kämilleşdirmäge gönükdirilen «Ussat raýat goragçysy» atly bäsleşik guraldy. Bu bäsleşikde harby talyplar düzümi boýunça atyjylyk ýaragyny doly däl sökmek we düzmek, umumygoşun goranyş toplumyny kada laýyk geýmek, ejir çekeni howpsuz ýere getirmek we gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek, päsgelçilik ýodasyndan geçmek hem-de raýat goranyşy ulgamy boýunça taýýarlanan test sowallaryna jogap bermek boýunça özara ýaryşdylar. Bäsleşigiň netijesi boýunça Raýat goranyşy fakultetiniň binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşyny meýilleşdirmek hünäriniň harby talyplary üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolmagy başardylar hem-de Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Synmaz ynamyň, egsilmez hyjuwyň eýeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen ýaşlarynyň jemgyýetiň işjeň agzalary hökmündäki hukuk-mertebesini Arşa göteren beýik döwür boldy. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaş nesil hakdaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürülýär we türkmen ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri, ösen dünýä ylmynyň ähli ugurlaryndan baş çykarmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen ýaşlary hem özleri barada edilýän bu tutumly aladalardan ýerlikli peýdalanyp, jemgyýetçilik durmuşymyzyň öň hatarlarynda bolmaga çalyşýarlar. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen ýaşlaryna bagyşlan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda juda parasatlylyk bilen belläp geçýär.

Beýik akyldara bagyşlap

Ýaşlaryň, şol sanda harby talyplaryň watançylyk terbiýesini ösdürmekde nusgalyk edebiýatyň örän uly täsiri bardyr. Ýörite hünär bilimleri bilen birlikde edebiýat dünýäsiniň çuňluklaryna aralaşýan, kitaby özüniň ebedilik hemrasyna öwürýän ýaşlaryň diňe bir ezber hünärmenler hökmünde tanalman, eýsem, şahsy häsiýetleriniň kämilligi, Watana wepalylygy, il-güne haýyrly işlerde aýratyn işjeňligi bilen tapawutlanýandygyny durmuşda mydama görmek bolýar. Şu hakykatdan ugur alyp, TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymlarynyň guramagynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, edebi agşam guraldy. Dabarada akyldarymyzyň kitaplarynyň dürli döwürlerde dürli dillere terjime edilişiniň we çap edilişiniň taryhy bilen baglanyşykly örän baý maglumatlar bilen tanyşdyryldy. Nusgawy şahyrymyzyň pelsepewi garaýyşlary, ol garaýyşlara düşündiriş berýän dürli alymlaryň işleri hakynda täsirli çykyşlar edildi. Harby talyplar tarapyndan akyldar şahyrymyzyň watançylyk, harby-gahrymançylyk temalaryna degişli şygyrlary çeper okaldy.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Çagalar we sungat Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň mekdebe çenli edaralarynda körpelere berilýän bilimiň we terbiýäniň hilini kämilleşdirmekde uly işler alnyp barylýar. Şeýle wezipeleri döwrüň talabyna laýyk derejede guramakda biziň çagalar bakja-bagymyzda ähli mümkinçilikler bar.

Watanymyzyň daýanjy hem guwanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar nesillerimiz asuda Watanymyzda erkana ösüp-ulalýarlar. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde geçirilen «Merdana nesil — 2024» atly şadyýan bäsleşik hem munuň aýdyň subutnamasy boldy. Oňa welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde geçirilen deslapky bäsleşiklerde ýeňiji bolan, 3-5-nji synplarda okaýan okuwçy oglanlar gatnaşdylar.

Sanly bilim ulgamy – kämillige badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda uly ösüşler gazanylýar, beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän işler uly üstünlige eýe bolýar. Her bir ösüşiň gözbaşynda bolsa hormatly Prezidentimiziň ylma esaslanýan başlangyçlary, döredýän giň mümkinçilikleri bar. Hut şonuň üçin hem ylym-bilim döwrebap ösdürilip, kämil hünärmenler bilen milli ykdysadyýetimiz üpjün edilýär. Kämil hünärmenleriň kemala gelmegi sanly ulgamyň hem ösdürilmegine oňat mümkinçilikleri döredýär. Döwrebap ösüşleriň üpjün edilmegi bolsa sanly ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda täze tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga we peýdalanmaga, olaryň esasynda dolandyryşyň hem-de halkymyza edilýän dürli hyzmatlaryň halkara ülňülerine laýyk getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” hem-de “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Sanly ykdysadyýet, ylmy dild

Dil öwrenmek – döwrüň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ösüşiň we döredijiligiň, gurmagyň we kämilleşmegiň aýdyň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlarymyzy dünýä derejesine laýyk gelýän ylymly-bilimli nesiller edip ýetişdirmek, giň gözýetimli ýaşlar edip terbiýelemek meselesi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki döwürde alnyp barylýan netijeli işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna, ýaşlarymyzyň sagdyn, bilimli bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýan dostluk-doganlyk, parahatçylyk, bagtyýarlyk ýollarynyň dünýäniň çar künjüne uzamagy halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar. Daşary döwletler bilen halk hojalygynyň dürli pudaklary boýunça aragatnaşygy mundan beýläk hem giňeltmek we ösdürmek üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil ýaşlary taýýarlamagyň zerurlygy ýüze çykýar. Halklaryň özara düşünişmegi üçin diliň ähmiýeti örän uludyr. Islendik adama saýlan ugry boýunça daşary ýurt dillerini öwrenmegiň zerurlygyny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa ene dilimiz bilen birlikde dünýä dillerini öw

Innowasion usullaryň işjeňligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri döwrebap ösdürip, öz milli köklerimiz esasynda guramak, ösüp gelýän ýaş nesli ata-babalarymyzyň göreldesinde terbiýelemek mugallymlaryň öňündäki esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda sanly bilim esasynda üznüksiz bilim üçin giň mümkinçilikler döredilip, okatmagyň usullary yzygiderli baýlaşdyrylýar. Innowasion usulda sanly bilim we dünýä tejribesi okuw işine ornaşdyrylýar. Bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalary ýokary hilli elektron göterijilerdäki maglumatlar esasynda kämilleşdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” hem-de “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işiniň gerimi barha giňeýär. Innowasion tehnologiýalardan işjeň peýdalanmak biologiýa sapaklarynda berilýän bilimiň okuwçylar tarapyndan aňly-düşünjeli özleşdirilmeginiň bir serişdesidir. Olar sapagyň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga, okuwçylaryň işjeňligini artdy

Halal zähmet — döwletliligiň gözbaşy

Her bir ynsan durmuşda öz ornuny tapmaga ymtylýar. Bagtyýar maşgala gurup, ilhalar perzentleri terbiýelemek, halal zähmet çekip, ata Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmak her birimiziň baş maksadymyzdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ýaşlarynyň kemally adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan mekdeplerdir bilim-terbiýeçilik edaralary gurlup, okuw meýilnamalaryna okatmagyň täze usullary girizildi. Ata-babalarymyz nesil terbiýesinde zähmetiň ornuna uly ähmiýet beripdirler. «Hünärli zor, hünärsiz hor», «Senet — eliň altyn bezegi», «Çekseň zähmet ýagar rehnet» ýaly parasat siňen setirleri döreden halkymyzda ýaş oglan-gyzlara çagalygyndan zähmet barada düşünje berlip, hünär eýeleri bolmaklary ugrunda elinden geleni gaýgyrylmandyr. Oglanlara hojalyk işleri bilen birlikde ekin-dikin, dowarlary bakmak, seýisçilik, ussaçylyk öwredilen bolsa, gyzlara öýi tämiz saklamak, dürli tagamlary taýýarlamak, tikin-çatyn, haly dokamak ýaly el işleri öwredilipdir. «Ata kesbi ogla halal», «Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter» diýlenden ugur alnyp, işbaşarjaň nesiller tarapyndan hünärler dowamat bolup, kämillik derejesine ýetirilipdir.

Bilim hakynda dürdäne setirler

Mugallym öwreden sapaklaryny öwrenijileriniň ýatlamagyny däl-de, olaryň düşünmegini gazanmalydyr. * * *