Islendik hünäriň hakyky ussady bolmakda tejribe zerurlyk hasaplanýar. Ol kämillige ýetmegiň iň netijeli ýoludyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ýaşlaryň saýlap alan hünärleri boýunça nazary bilimlerini tejribe bilen utgaşdyrmaklary babatda uly aladalar edilýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň geljekki türkmen diplomatlaryny, halkaraçy hünärmenleri taýýarlaýan Halkara gatnaşyklary institutynyň 5-nji ýyl talyplarynyň önümçilik tejribeliklerini ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda geçmekleri olaryň saýlap alan hünärleriniň hakyky ussatlary bolup ýetişmeklerine uly itergi berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkaraçy hünärmenleri daşary ýurtlara tejribelige ugratmak baradaky asylly başlangyjynyň durmuşa geçirilip başlanmagy bilen, 2014-nji ýyldan bäri, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň 5-nji ýyl talyplarynyň ençemesi Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda önümçilik tejribeligini geçip gelýärler. Ýakynda hem institutyň halkara gatnaşyklary, halkara hukugy, halkara ykdysady gatnaşyklar, halkara žurnalistikasy fakultetleriniň 5-nji ýyl talyplarynyň 12-si ýurdumyzyň Eýran Yslam Respublikasyndaky, Gazagystandaky, Özbegistandaky, Täjigistandaky diplomatik wekilhanalarynda önümçilik tejribeliginde boldular. Talyplaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, syýasy sowatlylygyny artdyrmak, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen geçen tejribeligiň dowamynda olar diplomatik resminamalary taýýarlamak, alnyp barylýan işlere ýakyndan gatnaşmak arkaly nazaryýetde alan bilimlerini amalyýetde kämilleşdirdiler. Tejribeligiň dowamynda olar ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrýan maslahatlarda, brifinglerde, sergilerde işjeň çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasynda tejribelik geçen, halkara hukugy fakultetiniň talyby Aýna Babaýewa şeýle gürrüň berdi: