"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Ylym — belentlige badalga

Parasatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmek, ýaşlarymyzyň häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryna erk edip bilmegini gazanmak ýaly meselelere uly ähmiýet berýär. Bu babatda milli Liderimiz: «Halkymyzyň «Okaýan il ozar» diýen ajaýyp pähimi bar. Şoňa görä-de, ylym we bilim ulgamlaryny düýpli özgertmek hem-de kämilleşdirmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu ulgamlar ýurdumyzyň täze belentliklere tarap öňe gitmeginiň, bilim bermegiň dünýä derejesine çykmagynyň hem-de ýaş nesilleri terbiýelemegiň düýpli esaslarynyň biridir» diýip belleýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň täze taryhy eýýamynda ylym ulgamyny ösdürmäge, ýaşlarymyzyň döwrebap derejede bilim we hünär öwrenmegine, ylmy işler bilen meşgullanmagyna, şeýle hem olaryň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşmagyna hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berilýär.

Ahlak kadalary

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem şol uly işleriň biridir. Bu Kanun döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine we işewür sypatlaryna talaplary ýokarlandyrmaga gönükdirilendir we döwlet gullukçysynyň hünär işini mynasyp amala aşyrmagy üçin onuň umumy etiki kadalaryny we özüni alyp baryş düzgünlerini belleýär diýlip, Kanunyň girişinde beýan edilýär. Kanun 2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilip, ol dört bapdan, on alty maddadan ybaratdyr. Kanunyň maddalarynda döwlet gullukçylarynyň gulluk özüni alyp barşynyň ýörelgeleri, düzgünleri, hünär etikasy, gulluk etikasy we başga-da birnäçe kadalar öz beýanyny tapýar. Milli kanunçylygymyzda döwlet gullukçysy — bu döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň sanawynda görkezilen wezipäni eýeleýän we döwlet gullugynyň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işi amala aşyrýan Türkmenistanyň raýaty hasap edilýär.  Bu Kanunda bellenilişi ýaly, döwlet gullukçylary wezipe borçlaryny ýerine ýetirenlerinde kanunylyk ýörelgesini, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarynyň we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna goldanmalydyrlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasatyna ygrarly bolmalydyrlar we ony yzygiderli durmuşa geçirmelidirl

Adam­za­dyň iň uly baý­ly­gy

Her bir ösen ýurduň ösüşiniň syry bilen gyzyklanyp göreniňde, ozaly bilen, ilkinji orunda ylmyň durandygyna göz ýetirýärsiň. Jemgyýetiň ruhy we ahlak medeniýetiniň ýokarylygy-da şu hakykat bilen baglanyşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ylym adamzadyň ähli ösüşleriniň hem-de özgerişleriniň özenini düzýän gymmatly baýlyklaryň biridir» diýen parasatly sözleri çuňňur many-mazmuny özünde jemleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýeňişler, ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün etmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli ylym ulgamynyň özünde uly mümkinçilikleri jemleýändigi şübhesizdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, dünýäde ylmyň soňky gazananlary esasynda döredilen innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alyp, ýurdumyzda bu ugurlara düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär. Şol bir wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ylmy-barlag institutlarynyň gurluşynyň täzelenmegi, innowasiýa ugurly t

Himiýa instituty: aýdyň maksatlar, giň mümkinçilikler, oňyn netijeler

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli ylym ulgamy dünýä derejesinde ösdürilýär. Öňdebaryjy tejribeler, ylmyň gazananlary ykdysadyýetiň pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda dünýä ülňülerine laýyk gelýän binýatlyk ylym ulgamynyň döremegi üçin ýurdumyzyň ähli ylmy-barlag edaralaryny iň kämil tehnologiýalar, kompýuter we barlaghana enjamlary bilen doly üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Muny TYA-nyň Himiýa institutynda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň mysalynda hem aýtmak bolar. Biz şular dogrusynda gyzyklanyp, Himiýa institutynyň alym kätibi Akjagül Saparowa bilen söhbetdeş bolduk. — Akjagül, ilki bilen, institutyňyzyň durmuşyndaky täzelikler hem-de alnyp barylýan işler bilen tanyşdyraýsaňyz!

Ylym — ösüşleriň hereketlendirijisi

Ylym — häzirki zaman jemgyýetini ösüşlere iterýän güýç. Bu güýji artdyrmaga sarp edilen tagallalar döwletiň ynamly öňe gitmeginiň subutnamasy bolup durýar. Ulgamy ösdürmeklige aýratyn üns berlip, okgunly ylmy-tehnologik ösüş üçin zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz ylmyň we bilimiň üstünliklerimiziň binýadydygyny belläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe innowasiýalary we iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly giň möçberli maksatnamalaryň hem-de meýilnamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtaýar. Şunda biz öňdebaryjy tejribä hem-de ylmyň gazananlaryna daýanýarys. Biz olary halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna ornaşdyryp, özümiziň ykdysady, syýasy, medeni we bilim kuwwatymyzy artdyryp, ata Watanymyzy okgunly ösüş ýoly bilen öňe alyp barýarys. Hut şoňa görä-de, milli ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hususan-da, ýokary hünärli ýaş işgärleri ― täzeçe pikirlenýän alymlaryň neslini terbiýeläp ýetişdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz bilim ulgamyn

Ylym we tehnika — ösüşleriň hereketlendirijisi

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 16-njy iýunynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sanly ulgam arkaly geçirilen ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitinde çykyş etmegi halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň barha rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. XXI asyr ylym we tehnologiýalar asyry bolup, olar adamzat durmuşyna düýpli täsir edýär. Häzirki döwürde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ylmyň gazananlaryna uly orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, adamzadyň iň uly baýlygy ylym we bilimdir. Ylym-bilim kämilligiň, rowaçlygyň, bagtyýarlygyň, röwşen geljegiň açarydyr. Jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüdir. Şonuň üçin hem halkara guramalar ylym we tehnologiýalar boýunça agza döwletleriň hyzmatdaşlygyny ösdürmegi esasy maksatlaryň hatarynda kesgitleýärler.

Ilkinji menziliň üstünlikleri ýaşlary ylym älemindäki geljekki uly maksatlara ruhlandyrýar

Türkmenistan ylymlar ýurdy. Döwletimizde ylym-bilim ulgamy gülläp ösýär, has-da rowaçlanýar. Bagtyýarlyk döwrüniň üstünlikleridir. hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen degişli ulgamlarda ýetilen belent sepgitler muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ýokary hilli bilim almagyna hem-de ählitaraplaýyn kämil ösmegine, ylym bilen giňden meşgullanmaklaryna mümkinçilik berýär. Ylym kämillige ýol açýar. Muny adamzadyň geçen durmuş ýoly hem doly subut edýär. Çünki ynsanyýetiň bu günki gazananlarynyň ählisi ylmyň netijesi bolup durýar. Ylym — adamy kämilligiň çür başyna çykarýar. Bu bolsa häzirki zaman şertlerinde islendik bir döwletiň geljegi bolan ýaşlary ussat hünärmenler edip ýetişdirmekde ylmyň möhüm ornunyň bardygyny kesgitleýär. Degişli ugurda ata Watanymyzda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde türkmen ýaşlarynyň arasynda her ýylda geçirýän ylmy işler boýunça bäsleşigi hem doly güwä geçýär.

Alym bolsaň, Älem seniňki

Ata-babalarymyz «Alym bolsaň, älem seniňki» diýipdirler. Ylym dünýäsine girip alym diýen belent derejä ýetmek üçin öňüňde uly maksatlary goýýarsyň. Şol maksadyň hasyl bolmagy geljekde has uly üstünliklere ruhlandyrýar. Biz muny ýurdumyzda alymlaryň täze neslini — ýaş alymlary kemala getirmekde geçirilýän bäsleşikde hem aýdyň görýäris. Ýakynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini hormatly Prezidentimiziň adyndan Şahadatnamalar we gymmatbahaly sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Maňa hem bu bäsleşikde mediýada sanly ulgamyň ähmiýeti barada ýazan ylmy işim bilen ýeňiji bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Şu bagtyýar pursatlarda ylym dünýäsinde ilkinji ýeňişleri gazanan ýaş alymlaryň käbiriniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirýäris.

Nesilleriň aladasy

Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga, şeýle hem ýaşlaryň jemgyýetde özlerini doly ykrar etmeklerine gönükdirilen durmuş-ykdysady hem-de hukuk çäreleriniň ulgamy bolup durýar. Medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, nebitgaz, oba hojalygy, senagat ulgamlarynda zähmet çekýän, harby we hukuk goraýjy edaralarynda gulluk edýän ýaşlaryň zehinleri, başarnyklary, hünärleri we başlangyçlary, işjeňligi, jemgyýete zerur hünärleri özleşdirmäge bolan ruhy we maddy islegleri höweslendirilýär.

Ylym ulgamy döwrebap ösüş ýolunda

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ylym ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly üns berilýär. Ylmyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenip, bu ugurlarda ylmy-barlag işlerini kämilleşdrmek, dünýä derejesine laýyklykda giňeltmek wezipesi öňde goýuldy. Jemgyýetçilik aňynyň iň çalt ösýän görnüşi bolan ylmyň gazananlarynyň durmuşa giňden ornaşdyrylmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny berkidip, medeni derejesini baýlaşdyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ylym ulgamynyň hukuk binýady berkidilýär. Ylmyň ileri tutulýan ugurlaryna nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary degişlidir. Döwletimizde ylym we innowasiýa işleriniň ösdürilmegi, ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlarynyň tapgyrlaýyn durmuşa ornaşdyrylmagy, tebigy, takyk hem-de durmuş-ynsanperwer ylymlarynyň ösdürilmegi we bilimleriň özleşdirilmegi üçin zerur şertler döredilýär. Bu babatda ylmy-barlag işleriniň alnyp barylmagy döwletimiziň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge, täze üstünlikleriň gazanylmagyna, dünýä ylmynyň ösüşi bilen aýakdaş gitmegine ýardam berýär.

Şu günüň we geljegiň şamçyragy

Mähriban Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ylym ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler, bildirilýän talaplar ýokary derejededir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň tagallalary bilen bu ulgamda uly özgertmeler amala aşyryldy. Şolaryň ählisiniň maksady bolsa ýurdumyzda dünýä derejesindäki mümkinçilikleriň örän elýeterli bolmagyny üpjün etmegi gazanmakdan ybaratdyr. Türkmenistanda durmuşa geçirilen we ýerine ýetirilýän işler şu aýdylanlaryň subutnamasydyr. Şunda ylmyň ösdürilmegine we ylmy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn uly üns berilýär. Bu babatda ýerine ýetirilen ençeme beýleki işler bilen bir hatarda, paýtagtymyzdaky Tehnologiýalar merkezi ajaýyp mysaldyr. Bu merkez ylmyň ösdürilmegini höweslendirmäge, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda innowasion tehnologiýalary iş ýüzünde giňden ornaşdyrmaga hem-de işläp düzmäge ýardam etmäge gönükdirilen ylmy-barlag edaralaryny we okuw binalaryny, senagat desgalaryny hem-de işewür merkezleri, sergi meýdançalary we degişli edaralary birleşdirýän toplum bolmaga hyzmat etmegine niýetlenendir.

Ylym ähli ösüşiň özenidir

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda rowaçly menziller bilen öňe barýan mähriban Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşleri halkymyzy çäksiz buýsandyrýar. Ýetilen belent sepgitler, gazanylan uly üstünlikler döwletimiziň aýdyň maksatly geljeginden habar berýär. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ylym ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyna, ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki zaman ösen ylym-bilimden habarly zehinli hünärmenleriň, inženerleriň, tehnologlaryň we alymlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem, bu ugurda kabul edilen resminamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olardan «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işi hakynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakynda», «Bilim hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda» Kanunlaryň kabul edilmegi türkmen ylmynyň aýdyň geljegini kepillendirýär.

Türkmen dilinde deňizçilik leksikasy

Halkyň milli gymmatlyklarynyň esasyny, onuň özenini ene diliniň baýlyklary düzýär. Diliň söz baýlygy bolsa halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli bolan leksikalarynda, adalgalarynda jemlenendir. Halkymyzyň sözlük gory ylmyň, bilimiň, terbiýäniň üsti bilen nesilden-nesle geçip, bagtyýarlyk döwrümizde ulanylýar. Türkmen diliniň deňiz we derýa leksikasy dilimiziň iň gadymy gatlaklarynyň birini emele getirýär. Bu ugra degişli dil maglumatlary, ýagny suw, balyk, gämi, gaýyk, naw, köl, deňiz ýaly ençeme leksik birlikler gadymy ýazuw ýadygärliklerinde hem duş gelýär. Sözüň köküni öwrenmek babatynda dilçi alym H.Bagyýew şeýle diýýär: «Diliň taryhy ösüşinde fonetik, semantik özgerişlere sezewar bolan sözleriň ilkibaşdaky ses formalaryny, aňladýan manylaryny anyklamak, ýitip giden esaslanmalaryny ýüze çykarmak örän möhüm we ünsüňi özüne çekýän gyzykly meseleleriň biri bolupdyr. Leksikologiýanyň şular ýaly örän möhüm we gyzykly meselelerini öwrenýän pudagyna etimologiýa diýilýär». Muny sada dilde aýtsak, etimologiýa, dil biliminde sözüň gelip çykyşyny öwrenýän bölümdir (grekçe etymologia-etymon — çyn, hakykat, hakyky, logos — taglymat). Käbir sözleriň köküni yzarlamakda alymlar

Ylym dünýäsiniň altyn gapysy çuňňur zehin, irginsiz yhlas, dowamly gözlegler netijesinde açylýar

Döwlet Baştutanymyz: «Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleri amala aşyrýarys» diýip belleýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň bilim, ylym, ýaşlar syýasatynda bu meselä aýratyn üns berilýär, degişli kanunçylyk namalary arkaly berkidilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky», şeýle hem şol ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran Kararlaryna laýyklykda her ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşik hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 11-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ylmy bäsleşik ylmyň hem-de tehnologiýalaryň ileri tutulýan 6 ugry boýunça geçirildi. Şolaryň hatarynda nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk

Söz sizden, ýaş alymlar!

Mähri BERDIÝEWA, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň inçekesel kafedrasynyň kliniki ordinatory: — Ýurdumyzda ilatymyzyň saglygyny gorap saklamak babatda ýokanç keselleriň öňüni almak wezipesi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän saglyk syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu babatda ilatyň arasynda çalt ýaýrap biljek ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda degişli ugurda amala aşyrylýan işler we giň gerimli özgertmeler lukman Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda durmuşa geçirilýär. Men hem ýurdumyzda amala aşyrylýan şeýle giň möçberli işlerden ugur alyp, degişli ugurda dürli seljermelere baý ylmy iş ýazdym. Bu işim bilen men ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak, olaryň ýaýramagyna garşy göreşmek ugrunda alnyp barylýan işleriň ylmy esaslaryna täzeçil çemeleşmeleri kemala getirip, olaryň ylmy taraplaryny öwrendim. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna doly kybap gelmek bilen, ylmy esaslanmalaryň has-da kämilleşdirilmegine ýardam berýär. Bu işim bilen ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşikde ýeňiji bolmagym bolsa, meni geljekki ylmy gözleglere has-da ruhlandyrdy.

Türkmen ylmynyň röwşen geljegi

12-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guran bu çäresi Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda bu bäsleşige öz işläp taýýarlamalaryny, döredijilik gözleglerini we ylmyň hem-de tehnologiýanyň möhüm ugurlary boýunça barlaglaryny görkezýän ýaş alymlaryň we talyplaryň 1 müň 53-si gatnaşdy. Bäsleşige hödürlenen işleri seljeren emin agzalary ýeňijileriň 57-sini kesgitlediler. Olaryň 32-si talyplar, 25-si bolsa ýaş alymlardyr. Hödürlenen taslamalarda we işlerde ylmy täzeçillik, onuň wajyplygy, iş ýüzünde durmuşa geçirmek nukdaýnazaryndan ähmiýeti hem-de taslamalary önümçilige ornaşdyrmagyň geljegi esasy talap boldy.

Gadamy batly bagtyýar nesiller

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar, berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly bolmaklary ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Geçen hepde ýurdumyzda bellenilen Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilmegi hem bu aýdylanlara aýdyň mysaldyr. Ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň dürli ýerlerinde okaýan we zähmet çekýän ýaşlarymyz gatnaşdylar. Şol dabara gatnaşyp, hünär başarnyklaryny kämilleşdirip, ýurdumyzyň ösüşlerine öz açyşlary, täze oýlap tapyşlary bilen goşant goşýan, ylmy işleri boýunça ýeňiji bolan ýaşlarymyzyň ýürek buýsançlaryny ildeşlerimize ýetirmegi makul bildik.

Täzeçil tehnologiýalar — ösüşiň binýady

Ylymlar gününe bagyşlanan halkara maslahat Türkmenistanda alymlaryň, ylmy guramalaryň işgärleriniň güni bolan Ylymlar güni bellenildi. Şu mynasybetli paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan «Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi» atly iki günlük halkara ylmy maslahat boldy. Forumy Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ylymlar akademiýasy gurady.

Milli ylmy mynasyp dowam etdirijiler sylaglandy

AŞGABAT, 12-nji iýun (TDH). Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, asylly däbe görä, Ylymlar güni mynasybetli guralýar. Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guran bu çäresi şu gün Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esaslandyrylan bu bäsleşik ýurdumyzyň ylym ulgamynyň ösdürilmegine hem-de onuň häzirki zaman jemgyýetinde eýeleýän ornunyň berkidilmegine, ägirt uly döredijilik ukyby bolan alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine, has zerur we wajyp ugurlarda alnyp barylýan ylmy işleriň höweslendirilmegine gönükdirilendir. Her ýylda geçirilýän bu ylmy bäsleşige ýaş alymlar, ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki edaralaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylary we ylmy iş bilen meşgullanmaga aýratyn uly gyzyklanma bildirýän dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşýarlar.

Röwşen geljegiň ýoly

12-13-nji iýunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçirilen maslahat halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň barha rowaçlanýandygyna şaýatlyk etdi. Oňa sanly ulgam arkaly dünýäniň çar künjeginden alymlar gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlaryň käbirinden bölekleri okyjylaryň dykgatyna ýetirýäris. Murat ŽURINOW,Gazagystan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti, akademik: