Söz sizden, ýaş alymlar!

14 Iýun 2021
2324

Mähri BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň inçekesel kafedrasynyň kliniki ordinatory:

— Ýurdumyzda ilatymyzyň saglygyny gorap saklamak babatda ýokanç keselleriň öňüni almak wezipesi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän saglyk syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu babatda ilatyň arasynda çalt ýaýrap biljek ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda degişli ugurda amala aşyrylýan işler we giň gerimli özgertmeler lukman Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda durmuşa geçirilýär. Men hem ýurdumyzda amala aşyrylýan şeýle giň möçberli işlerden ugur alyp, degişli ugurda dürli seljermelere baý ylmy iş ýazdym. Bu işim bilen men ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak, olaryň ýaýramagyna garşy göreşmek ugrunda alnyp barylýan işleriň ylmy esaslaryna täzeçil çemeleşmeleri kemala getirip, olaryň ylmy taraplaryny öwrendim. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna doly kybap gelmek bilen, ylmy esaslanmalaryň has-da kämilleşdirilmegine ýardam berýär. Bu işim bilen ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşikde ýeňiji bolmagym bolsa, meni geljekki ylmy gözleglere has-da ruhlandyrdy.

Taýýarlan Jumamyrat GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi, «Nesil».