"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Mani ýa-da pul harplygy

Bodo ŞEFER (Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

Döredijilik bäsleşigi üstünlikli geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni taryhy wakalara, ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenýär. Mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda giňden, uly ruhubelentlik bilen bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna barýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde şanly Garaşsyzlyk toýumyz mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreler baky bagtyýarlyga beslenip, mähriban halkymyzyň her birinde ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary galdyrýar. Toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýan eziz Diýarymyzyň her bir güni bolsa ajaýyp pursatlardan doly. Ine, şeýle ajaýyp günlerde, has takygy, 12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Magtymgulynyň arzuwlan zamany geldi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi mynasybetli dabara geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirilen dabara ýurdumyzyň mugallymlary, bilim işgärleri işjeň gatnaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň döredijiligi giňden wagyz edilýär, ýaş nesill

Yn­san­per­werlik kö­me­gi

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hal­ky­my­zyň dost-do­gan­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, yn­san­per­wer­lik ýa­ly asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­men-ow­gan ser­he­din­de Ar­ka­da­gyň ak ýo­ly bi­len Ser­he­ta­bat — Hy­rat gaz ge­çi­ri­ji­si­niň, elekt­rik, ulag we ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li, döw­let Baştu­ta­ny­my­zyň Buý­ru­gy­na la­ýyk­lyk­da, Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ha­sa­by­na goň­şy Ow­ga­nys­ta­na yn­san­per­wer­lik kö­me­gi­niň ibe­ril­me­gi hem mu­nuň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

Ge­ňeş­li bi­çi­len don gys­ga bol­maz

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Pe­der­le­ri­mi­ziň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­rin­den ugur al­nyp, il sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­ryň, kü­müş saç­ly ene­le­ri­mi­ziň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­nyň, röw­şen gel­je­gi­miz bo­lan ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň gat­naş­mak­la­ryn­da ge­çi­ril­ýän Halk Mas­la­ha­ty hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň, je­bis­li­gi­niň, bi­rek-bi­re­ge hor­mat-sar­pa­sy­nyň ýo­ka­ry­dy­gy­nyň ny­şa­ny­dyr. Hal­ky­myz­da uly­ny sy­la­mak, ola­ra sa­la sal­mak döw­let­li­lik sa­ýyl­ýar. «Ge­ňeş­li biçilen don gys­ga bol­maz», «Ge­ňeş­li sa­la­mat bo­lar», «Ýe­di öl­çäp, bir kes» diý­len na­kyl­lar türk­men hal­ky­nyň her bir işi mas­la­hat­ly ed­ýän­di­gi­ni aň­lad­ýar. Bir sup­ra­nyň ba­şyn­da jem­le­nip, mas­la­hat et­mek, bi­rek-bi­re­ge sa­la sal­mak il-ýurt bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li me­se­le­le­riň ag­zy­bir­lik bi­len çö­zül­me­gi­ne giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.

­«Ar­ka­dag­ly Ýaş­lar» žur­na­ly­nyň tä­ze sa­ny oky­jy­la­ra go­wuş­dy

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ýa­nyn­da­ky «Arkadag­ly Ýaş­lar» žur­na­ly­nyň 20-nji sa­ny çap­dan çyk­dy. Elekt­ron ne­şi­riň ýu­bi­leý sa­ny onuň şu ýyl­da­ky se­ki­zin­ji sa­ny­na ga­bat gel­di.

Ýol­lar asu­da — il­ler abadan

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 In­di bir­nä­çe ýyl bä­ri asyl­ly dä­be öw­rü­lip, do­wam edip gel­ýän «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» at­ly bi­raý­lyk çä­re «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­myz­da hem ba­dal­ga ber­lip, giň ge­rim­de do­wam ed­ýär. Bu çä­rä­niň her ýyl­da ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de, Aş­ga­bat we Arkadag şä­he­rlerin­de, we­la­ýat­la­ry­myz­da, şä­her­le­ri­miz­de, kö­çe­ler­de, ýol­lar­da ýol he­re­ke­ti­ne gat­naş­ýan dür­li ky­sym­ly ulag­la­ryň sü­rü­ji­le­ri, py­ýa­da ýo­lag­çy­lar ta­ra­pyn­dan ýol-he­re­ket düz­gün­le­ri­niň do­ly de­re­je­de ber­jaý edil­me­gin­de uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar.

Küşt oý­nu­nyň ta­ry­hy­na ser sal­sak

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Küşt oý­ny öz göz­ba­şy­ny ta­ry­hyň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýar, ýag­ny ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra gö­rä küşt oý­ny dür­li dö­wür­ler­de dür­li dil­ler­de dür­li at­lar bi­len at­lan­dy­ry­lyp­dyr, onuň oýun hök­mün­de ýü­ze çyk­ma­gy­na, tak­my­nan, 2000 ýyl tö­we­re­gi wagt ge­çen­dir diý­lip çak­la­nyl­ýar. Küşt oý­ny Hin­dis­tan­da dö­räp­dir diý­len çak­la­ma­lar öz göz­ba­şy­ny V-VI asyr­lar­da Hin­dis­tan­da küşt oý­nu­na ça­lym­daş oý­na­lan «ça­tu­ran­ga» oý­nun­dan alyp gaýd­ýar, şol dö­wür­ler­den bä­ri bu oý­nuň dür­li ýurt­lar­da we dür­li dö­wür­ler­de dür­lüçe at­lan­dy­ry­ly­şy bo­lup, bu­la­ryň äh­li­si hem soň­ra dün­ýä ýü­zün­de spor­tuň bir gör­nü­şi hök­mün­de oý­na­lyp baş­la­ýar. Ol adam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ryl­maz bir bö­le­gi­ne öw­rül­di.

Ynam hyýallary hakykata öwürýar

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Hemme üstünlikleriň gözbaşy ynamdan başlanýar. Her bir herekediň, her bir işiň, bu işiň netijeliligine, bu işiň peýdalylygyna ynanan adam bu ýolda uly üstünliklere eýe bolýar. Muňa mysal, türgen sportdan baş alyp çykjagyna ynanmasady, türgenleşige başlamazdy. Eger, bu ynam bolmasady, biz sportda dünýä rekordlaryny görmezdik. Basketbol sportunyň ýyldyzy Maýkl Jordan egindeşleriniň arasynda özüniň bökmek we topy tora düşürmek ukyby bilen däl-de, ilki bilen, özüniň örän agyr türgenleşikleri bilen tanalardy, sebäbi onuň özüne bolan ynamy güýçlüdi. Bu ýolda üstünliklere ýetjegine aňryýany bilen ynanýardy we munuň üçin oňa uly hormat goýýardylar. Hatda ýyldyz basketbolçy hökmünde tanalmaga başlanandan soňam, bu beýik basketbolçy agyr türgenleşiklerini birjigem goýan däldir. Çünki ara sähelçe müňkürligiň ýa-da sähelçe kynçylygyň düşmegine ýol bermeýärdi. Sebäbi ynam her kimde deň bolmaýar, adamlar sähelçe kynçylygyň netijesinde ynamlaryny ýitirmek bilen bolýarlar, dessine ruhdan düşüp, niýetlerinden we maksatlaryndan el çekýärler. Ynamly adamy beýlekilerden tapawutlandyrýan ilkinji zat bolsa, olaryň ynamlarynyň ägirt uly, hatda çäksiz bolmagydyr.

Nädip üstünlik gazanmaly?

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 «Adam ar­zuw­syz bol­maz, guş ga­nat­syz» diý­li­şi ýa­ly, adam dün­ýä inen­de ar­zuw­la­ry bi­len dün­ýä in­ýär diý­sek ha­ky­kat­dan daş düş­me­ris. Di­ňe ça­ga­lar däl, eý­sem uly ýaş­ly­lar hem öň­de go­ýan mak­sat­la­ry­na ýet­mek üçin ar­zuw ed­ýär­ler. Üs­tün­lik ga­zan­mak bol­sa ada­myň ar­zuw­dyr-is­leg­le­ri­niň ädim-ädim ama­la aşyp bar­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň gör­ke­zi­ji­si­dir.

Dünýäni bezeýän Watan waspy

Şu gün — 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХV maslahaty boldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň 33 ýyllygyna  bagyşlanyp geçirilýän maslahata daşary ýurtlardaky türkmen kowçumlaryndan wekiller hem gatnaşdylar.

Umumytürkmen maslahaty geçirildi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, döredip berýän giň mümkinçilikleri netijesinde şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik Guramalary merkeziniň mejlisler zalynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky ХХV maslahaty geçirildi. Oňa Birleşigiň daşary ýurt bölümleriniň wekilleri, ýerlerdäki şahsy we köpçülikleýin agzalary, ýurdumyzyň syýasy jemgyýetçilik, medeniýet... ulgamlarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýän ildeşlerimiz hem-de talyp ýaşlarymyz gatnaşdy.

Adamzadyň geljegi kitaby köp okaýanlaryň elinde bolar

Kitap ynsany, ynsan bolsa dünýäni özgerdýär. Okumyş adamyň dünýägaraýşy hemişe giň, içki pikirleri has-da baý, söz baýlygy bolsa diýseň ösendir. Şoňa görä-de, dünýäniň islendik künjeginde kitabyň iň gowy sowgat hasap edilýändigini, hatda käbir döwletlerde munuň milli däplere, hormat nyşanyna öwrülendigini hem aýtmak bolar. Bu hakykata 10-njy sentýabrda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Türkmenkitap» lomaý-bölek birleşiginiň durky döwrebap görnüşde täzelenen 3-nji kitap dükanynyň açylmagy mynasybetli guralan kitap şüweleňinde aýdyň göz ýetirdik.

«Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik

Berkarar döwletimizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň sentýabr aýynda geçiriljek taryhy mejlisine ýokary guramaçylykly taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik guraldy. Welaýat kitaphanasynda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bagtyýar ildeşlerimiziň eşretli durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Şeýle hem çykyşlarda halkymyzyň geňeş etmek däbiniň täze taryhy eýýamda has-da rowaçlanýandygyny buýsanç bilen nygtadylar.

Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle mazmunly wagyz-nesihat çäresi Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde hem geçirildi. TDP-niň welaýat we Daşoguz şäher komitetleriniň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen çärede türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň jemgyýetçilik ähmiýeti hakynda täsirli söhbet edildi. Çykyşlarda raýatlaryň, esasan hem, ýaşlaryň we çagalaryň ýol hereketiniň kadalaryna jogapkärçilikli çemeleşmegini gazanmak babatda durmuşa geçirilýän zerur çäreler öz beýanyny tapdy.

Maslahat geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda howanyň üýtgemegi meselelerine bagyşlanan ýaşlar maslahaty ýokary derejede geçirildi. Ýaşlar maslahatyna Birleşen Milletler Guramasynyň, Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň wekilleri we Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýaş ilçileri hem gatnaşyp, talyp ýaşlaryň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly sowallaryna jogap berdiler, özara pikir alyşdylar. Ýaşlar maslahatyna gatnaşan talyplar häzirki wagtda dünýä boýunça esasy mesele bolup durýan howanyň üýtgemegine, Aralýaka zolaklarda topraklaryň şorlaşmagy bilen bagly çözülmeli meselelere degişli özleriniň tekliplerini aýtdylar. Täsirli geçen ýaşlar maslahaty talyplarda ýurdumyzyň ösüşine goşant goşjak ylmy işleri alyp barmaga höwes döretdi.

Milli jebisligiň mizemez binýady

Il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen geňeşip çözmek ýaly türkmeniň gadymdan gelýän asylly ýörelgesiniň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilmegi milli döwletliligiň binýadyny berkidýär. Döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň köpasyrlyk tejribesine daýanýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň mysalynda hem bu hakykat aýdyň ýüze çykýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň asyrlarboýy toplan baý tejribesine, ruhy gymmatlyklaryna we däp-dessurlaryna esaslanyp, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge halkyň gatnaşmagyny üpjün etmek bilen, jemgyýeti dolandyrmagyň iň kämil institutlarynyň birine öwrüldi. Halk Maslahatynyň mejlislerinde ýurdumyzy syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösdürmäge degişli wezipeleriň halkyň ygtyýarly wekilleriniň gatnaşmagynda, dürli ýaşdaky we kesp-kärdäki ildeşlerimiz bilen maslahatlaşylyp çözülmegi milli demokratiýamyzyň nusgalyk ýörelgelerine esaslanýar. Köpasyrlyk milli däp-dessurlaryň dowam etdirilmeginiň jemgyýetiň binýadynyň berkliginiň esasy şertleriniň biridigi taryhy tejribe arkaly tassyklanan hakykatdyr. Halkymyzyň demokratik däpleriniň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda mynasyp orun eýelemegi döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, agzybir we jebis halkymyzyň milli gymmatlyklaryna we ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine üýtgewsiz ygrarlydygyny äşgär edýär.

Baýramçylyk dabarasy geçirildi

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenabat şäherindäki «Goşa çyrag» toý mekanynda aýdym-sazly dabara geçirdik. «Garaşsyzlyk baýramy — ata Watanymyzyň berkararlyk toýy» diýen at bilen guralan bu baýramçylyk çäresine halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy işgärler, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi, ýurdumyzyň gün-günden beýgelýän ykdysady galkynyşy, ulus-iliň bagtyýarlygy dogrusyndaky buýsançly gürrüňler dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk gutlaglarynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Baýramçylyk dabarasy welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Hoş owazly çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň waspy belentden ýaňlandy.

Täsirli geçen duşuşyk

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde Bäherden etrabynda geçirilýän wagyz-nesihat we öwüt-ündew çärelerine ýaşlar höwes bilen gatnaşýarlar. Etrapdaky 30-njy orta mekdepde geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda hem okuwçy ýaşlaryň işjeňligi turuwbaşdan duýuldy. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň, etrap bilim bölüminiň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guran duşuşygynda ýurdumyzy gurşap alan ösüş-özgertmeler, ýaşlar hakynda edilýän alada dogrusynda gürrüň edildi, döwrebap keşbe beslenýän ýollarda hereket howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmegiň möhümdigi hakda aýdyldy. Köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygynyň düzgünlerini, kadalaryny doly we dogry berjaý etmek bilen bagly aýdylan öwüt-ündewler ýaşlarda uly täsirleri döretdi.

Täsirli geçen duşuşyk

Welaýat kitaphanasynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet berkararlygynyň iň ygtybarly sütünidir» atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdik. Pudak edaralarynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda geçirilen duşuşykda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine guramaçylykly taýýarlyk görülýändigi, ýurdumyzda jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny özgertmäge gönükdirilen maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri aýdyldy.

Belentden-belent sepgitler

Şeýle at bilen Gyzylarbat etrabynyň Janahyr şäherçesiniň medeniýet öýünde jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlap  dabaraly çäre geçirdik. Oňa edara-kärhanalarda  zähmet çekýän ýaşlar, orta hünär okuw mekdebiniň talyplary hem-de ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Çärede şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleriniň giň gerime eýe bolýandygy, Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan ösüşleri has-da pugtalandyrmak babatda raýatlarymyzyň, jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň oý-pikirleriniň, teklipleriniň öwrenilýändigi, munuň bolsa wekilçilikli forumda il-ýurt bähbitli çözgütleri kabul etmäge ýardam berjekdigi buýsanç bilen bellenildi. Çärä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny,  döwlet we adamzat bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.