Zemin üsti aman dursun!
Ynsan balasy bagtly ýaşamak, uzak ömür sürmek üçin jägildäp dünýä inýär. Gadymy ýazgylarda, keramatly kitaplarda aýdylyşy ýaly, dogulmak, ýogalmak, nika ezelden Alla tarapyn ýazgytdyr, ömürdäki galan zatlar bolsa nesibedir. «Nesibäňe ýagşy zatlar ýazylsyn!» diýlip, doga-dileg edilmegem hut şol sebäplidir. Zemin üstünde aman ýaşasaň, aýdylyşy ýaly, dokuzyň düzüw ömür sürseň, şondan uly bagt ýok. Käte teleýaýlymlarda, gazetlerde, saýt sahypalarynda, elektron neşirlerde Ýer togalagynyň haýsydyr bir künjeginde suw joşmasy, toprak süýşmesi, yzygider çabga ýagmasy, ýer titremesi ýaly pajygaly tebigy hadysalar baradaky habarlar göze ilse ýa-da gulaga degse, iniň tikenekläp gidýär. Şu ýerde «Eşideniňe ynanma, göreniňe ynan!» diýlişi ýaly, bir waka ýadyma düşýär.