"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Gonkongdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Serbiýadan, Azerbaýjandan, Owganystandan, Ukrainadan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan, Türkiýeden we Şweýsariýadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, yşyklandyryjy kerosini, dizel ýangyjyny, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şol sanda türkmen telekeçileriniň kärhanalarynda we Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli  dokma önümleri hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen buýan köküniň guradylan ekstrakty satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 24 million 818 müň 800 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň statistika edarasy statistiki hasabatlary bermegiň sanly platformasyny işe girizdi

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti telekeçilere we ýuridiki şahslara statistiki hasabatlaryny elektron görnüşde bermäge mümkinçilik berýän «E-Stathasabat we işewür-registri» atly täze sanly platformasyny işe girizdi. Täze hyzmat sbr.stat.gov.tm web-saýtynda elýeterlidir. Onuň üsti bilen ulanyjylar «Şahsy otagy» döretmek arkaly statistika edaralaryna barmazdan özleriniň resminamalaryny ugradyp bilerler. Hasabatlary ibermek üçin degişli resminamalaryň skaner enjamyndan geçirilen elektron görnüşlerini ýüklemek ýeterlikdir. Sanlylaşdyrmanyň özi öňe gidişlige mümkinçilik berýär.

Mahabatyň esasy wezipeleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Islege gönükdirilen maksatlara görä, şu aşakdakylar tapawutlandyrylýar:

Marketingiň esaslary

Marketingi dolandyryjy kärhana tarapyndan öndürilýän ähli önümi bada-bat ýerlemek üçin gerek boljak müşderileri agtarýan hünärmen hökmünde öňe çykýar. Marketingi dolandyryjy diňe bir islegi döretmek we giňeltmek bilen meşgullanman, eýsem, ony üýtgetmegiň, käte bolsa gysgaltmagyň meseleleri bilen hem meşgullanýar. Marketingi dolandyrmak wezipesi islegiň derejesine, wagtyna we häsiýetine täsir etmelidir. Bu bolsa öňde durýan maksatlara ýetmäge ýardam edýär. Sada dilde aýdylanda, marketingi dolandyrmak munuň özi islegi dolandyrmakdyr. Gurama öz harytlary üçin islegiň derejesiniň ýokary bolmagyny gazanmaga çalyşmalydyr. Her bir aýratyn alnan islegiň derejesi islenilýänden pes, laýyk, ýokary bolup biler. Bu ýagdaýlaryň ählisi bilen marketingi dolandyryjy iş salyşmaly bolýar. Dolandyryjylar marketingiň ýagdaýyny seljermek, bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen meşgullanýan we gözegçilik wezipelerini amala aşyrýan kärhananyň wezipeli adamlarydyr. Muňa ýerlemek gullugynyň işgärleri, mahabat gullugynyň ýolbaşçy işgärleri, ýerlemegi höweslendirmek boýunça hünärmenler, marketingi barlaýjylar, harytlar boýunça dolandyryjylar hem-de nyrh emele getirmegiň meseleleri boýunça işleýän hünärmenler-de degişlidir.

Millionlaryň söýgüsini gazanan

Bir asyrdan gowrak wagt bäri, önümçiligi alnyp barylýan «Pepsi» wagtyň synagyndan geçen içgidir. Günde millionlarça adamyň söýüp içýän bu içgisi Ýeriň ähli yklymyna ýaýrandyr. Bu bolsa «Pepsi» markaly önümleriň dünýä bazaryndaky ornuny doly pugtalandyrandygyny aňladýar. 1893-nji ýylda Kaleb Bradham tarapyndan döredilen «Pepsi» ilkinji gezek ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynyň Nýu Bern şäherindäki dermanhanada satylyp başlanýar. Iýmit siňdiriş maksady bilen döredilen bu içgi ilki diňe dermanhanalarda satylypdyr. «Pepsi-Cola» markasy bilen satylyp başlanan bu önümiň ady 1898-nji ýylda «Pepsi» diýlip üýtgedilýär. Munuň sebäbi bolsa, Ýer ýüzünde meşhur brend bolan «Coco-Cola» markaly önümlere meňzemezlik, oňa dahylly bolan kola tagamyna degişli dispepsiýany aradan aýyrmak bolup durýar. 1898-nji ýylda bu önüm ABŞ-a golaý ýerdäki ýurtlarda satuwa çykarylyp başlanýar.

SIRKULÝAR YKDYSADYÝETE GEÇMEGIŇ ÖSEN TEJRIBESI: NORWEGIÝA KOROLLYGY

Norwegiýanyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin bar bolan resurslara, gurallara we strategiýa esaslanyp, matrisada çözülmeli meseleleriň ileri tutulýan derejesi görkezilýär. Açyk gök reňkler — iň möhüm meseleler bolmadyk, ýöne olar çözülmäge degişlidir, açyk sarymtyl reňkler — aralyk möhüm meseleler hasaplanýar, goýy ýaşyl reňkler — has möhüm meselelerdir. Galyndylary abatlamak, gaýtadan ulanmak we işlemek meýilnamasy ulgamy has sirkulýar etmekde esasy orny eýeleýär. Şunda materiallary we önümleri ulanyşda saklamak hem-de olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak hereket edýän sirkulýar ykdysadyýet üçin möhümdir.

Ýeňillikli karzlar bilen ösüşlere tarap

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durmuşa geçirilýän giň möçberli işleriň çäklerinde bank ulgamynda hem yzygiderli maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar, muňa mysal edip, esasan hem banklarda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny we bank hyzmatlarynyň görnüşleriniň artmagyny aýtsa bolar. Raýatlar tarapyndan online görnüşinde bank karzlaryny almak üçin ýüz tutup bilmekleri, şeýle hem ýene-de karz üçin ýörite açylýan bank kartlaryny, zähmet haky kartlaryny, goýum we beýleki görnüşli kartlary online görnüşinde sargyt edip bolmagy hem ýurdumyzda bank ulgamyna sanly ulgamyň ornaşdyrylandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň hususyýetçileriniň hem sanly ulgamdan peýdalanyp online görnüşinde öz hasaplaryndan töleglerini menzilara töläp bilmek mümkünçilikleri hem buýsandyryjy ýagdaýdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlarymyza, telekeçilere, hem-de ýuridiki taraplara bir näçe görnüşli ýeňillikli karzlaryň berilmegi hem döwletimiz tarapyndan adam hakda alada edilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Olardan: 1. Türkmenistanyň Prezidentiniň 02.09.2011ý senedäki 11817 belgili «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda» kararyna laýyklykda ýyllyk 1 göterim derejesinde ýaş maşgalalara öý-goşlaryny satyn alm

Dünýä ykdysadyýetinden habarlar

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň taýýarlan habarlary Iň uly göwrümli

Bähbitli başlangyçlaryň badalgasy

Ajaýyp zamanamyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan durnukly we ygtybarly ösüş strategiýasy bolan ýurt hökmünde ykrar edilmek bilen, sebit, dünýä bähbitli başlangyçlaryň nokadyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňde goýan belent wezipelerinden ugur alnyp, beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, maglumatlary geçirmegiň köpugurly ulgamyny kämilleşdirmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu babatda ýurdumyzda geçirilýän halkara maslahatlardyr sergilere uly orun degişlidir. Düýn paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde öz işine başlan «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergi hem-de ylmy maslahat-da telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumat tehnologiýalary we teleradioýaýlymlar ulgamlarynyň şu günki ýeten sepgitleri, geljegi barada pikir alşylýan meýdança öwrüldi.

Önümlere isleg uly

Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşligindäki mermer we granit işlenilýän zawod «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen on aýyny guwandyryjy görkezijilere besledi. «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bu öňdebaryjy kärhanasynyň agzybir we zähmetsöýer işçi-hünärmenleri tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 5 million 660 müň manatlyga golaý önüm öndürildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 102,7 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini aňladýar. Şol döwürde kärhanada 22 müň inedördül metre barabar önüm öndürildi. Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň bu iri kärhanasynda işlenip taýýarlanylýan mermer we granit daşlaryna bolan islegiň artmagy önümleriň hiliniň ýokarydygy bilen baglanyşyklydyr. Kärhananyň önümçilik bölümlerindäki kämil tehnologiýalar köçeleri we ýanýodalaryň gyralaryny jäheklemek üçin dürli bezeg daşlaryny, arhitektura şekillerini we sütün üçin örtgi plitalary taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Geçen döwürde bu önümler sarp edijilere bökdençsiz ýetirildi.

Ýangyç-energetika ulgamynda

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl-de, sebit we dünýä halklarynyň bähbitlerine hem gönükdirmäge çalyşýar. Bu ugurda tagallalary birleşdirmek bolsa öňde goýlan maksatlara ýetmäge möhüm şert döredýär. Türkmenistan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýangyç-energetika ulgamynda toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Ekologik şertler, pudagyň gazyp alýan we gaýtadan işleýän kuwwatlyklaryny artdyrmaga, mawy ýangyjyň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýän öňdebaryjy tehnologiýalara we işläp taýýarlamalara daýanýan ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak şol strategiýanyň möhüm bölegidir. Şunuň bilen baglylykda, halkara energetika hyzmatdaşlygy, şol sanda arassa energiýa geçmek milli bähbitleri, taraplaryň özara jogapkärligini nazarda tutmak ýörelgeleri esasynda açyklyk syýasatyny amala aşyrýan döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Tagamlaryň dady

Şu ýylyň 1-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Şol meseleleriň hatarynda döwlet Baştutanymyz dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli duzlaryň dürli görnüşlerini öndürmek üçin döwrebap önümçilikleri ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi we «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kombinatynyň çäginde ýokary hilli duzlary öndürýän täze önümhanany gurmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: — Togsan dürli tagam dursa gaşyňda, Ne lezzet içinde duz hem bolmasa, diýip jaýdar belleýşi ýaly, hakykatdan hem duzsuz tagamyň hiç birisi-de lezzetli bolmaýar. Ilçilikde köpçülik üçin nahar atarylanda aşpeze «Duzuny bir ýetireweri», «Duzy kem bolmasyn» diýip tabşyrylýar. Mal soýlanda eti duzlap goýmak türkmeniň öňden gelýän edähetleriniň biri. Türkmençilikde duza mukaddeslik hökmünde garalýar. Hatda çörek hem köp ýerlerde duz sözi bilen deň ulanylyp gelinýär. Myhmany duz-çörek bilen garşylamak türkmeniň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň biri.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda 9 aýda ulaglar arkaly söwda dolanyşyk $867,8 milliondan geçdi

2024-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygynyň möçberi 867,8 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda maglumat berildi. Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 780,6 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 87,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Olýa — Türkmenbaşy deňiz gatnawynyň operatory kesgitleniler

Sebitiň Söwda we senagat ministrliginiň habar bermegine görä, öňdebaryjy ýük daşaýan kompaniýalar gämilerini bu ugurda ulanmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu bolsa geljekde «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen ýük akymyny artdyrar. Täze ugruň açylmagy, Astrahan sebitindäki «Lotos» aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkeziniň döredilmegine goldaw bermek üçin gönükdirilendir. Ol ýerde rus bazary üçin niýetlenilen türkmen harytlaryny saklamak we gaýtadan işlemek meýilleşdirilýär.

10 aýyň jemleri: Durnukly ösüşiň oňyn netijeleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda geçirilen mejlisinde şu ýylyň 10 aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijeler baradaky meselelere seredildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy ýurdumyzda dürli ugurlarda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň oňyn netijelerinden habar berýär. Şonuň bilen birlikde-de, ol Türkmenistanyň halkara giňişlikde ykdysadyýeti durnukly ösýän ýurt hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýandygyna şaýatlyk edýär. Ykdysadyýet biri-birine bagly pudaklaryňdyr ulgamlaryň jemi hökmünde çykyş edýär. Olaryň arasynda sazlaşykly gatnaşyklaryň üpjün edilmegi bolsa durnukly ýagdaýyň gazanylmagyna itergi berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda dürli ugurlarda kabul edilen konsepsiýalardyr strategiýalar, maksatnamalardyr meýilnamalar, ilkinji nobatda, şol düzümleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ykdysady gurallar we serişdeler arkaly düzgünleşdirilmegine gönükdirilendir. Bu çemeleşme maksatnamalaýyn ösüşiň döredýän artykmaçlyklarynyň biri bolup, onuň oňyn netijeleri durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmeginde aýdyň beýanyny tapýar. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň on aýynda jemi öndürilen önümiň ösüş depgininiň 11,8 göterim artmagy tutuş ykdysady ulgamyň sazlaşykly hereketiniň netijesidir. Bu görkeziji

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit bitumyny we polipropileni satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Germaniýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine boýalan tüýjümek dokma önümleri, buýan kökünden taýýarlanylan çaý içgisi, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 257 müň dollaryndan gowrak boldy.

Belent sepgitlere ynam bilen

Taryhy wakalara, düýpli ösüş-özgerişlere beslenýän üstümizdäki ýylyň on aýy üstünlikli tamamlandy. Şanly ýylda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri hem yhlasly zähmet çekip, tebigy gazyň öndürilişini barha artdyrýarlar. Olar şu ýylyň geçen on aýynda tebigy gazyň 8 milliard 417,5 million kub metrden gowragyny öndürip, bu baradaky meýilnamany abraý bilen berjaý etdiler. Müdirlik boýunça Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisine berlen «mawy ýangyç» bolsa 4 milliard 821 million kub metrden hem gowrak boldy. Munuň özi on aýyň degişli meýilnamasynyň 130 göterimden gowrak berjaý edilendiginden habar berýär. Bu harytlyk önümiň aglaba bölegi bolsa dostana Hytaý döwletiniň sarp edijilerine bökdençsiz ugradylýar. — Baýlyk çykaryjylarymyz tebigy gaz bilen birlikde gaz kondensatynyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak ugrunda hem ýadawsyz alada edýärler. Şonuň netijesinde bu gymmatly çig malyň bolluk bilen öndürilmegi gazanylýar — diýip, müdirligiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetow gürrüň berýär.

Çuň gatlaklar ynamly özleşdirilýär

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň müdirlikleriniň hünärmenleri şu günler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda has-da gaýratly zähmet çekýärler. Tutuş trest boýunça geçen dokuz aýda gazuw işleri tamamlanyp, uglewodorod çig mallaryny çykaryjylara tabşyrylan jemi 20 sany guýynyň 19-synyň ulanyş maksatly guýulardygy hem bu ugurda has belent sepgitlere ynamly gadam urulýandygyndan habar berýär. Şu ýylyň geçen hasabat döwründe «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça senagat taýdan özleşdirilýän ýataklardan «gara altyn» çykarmagyň meýilnamalarynyň artygy bilen berjaý edilmeginde hem burawlaýjylaryň mynasyp paýy bar. Soňky ýyllarda konserniň buraw işlerini alyp barýan müdirlikleri Germaniýada, ABŞ-da, Hytaýda we Russiýada öndürilen iň täze enjamlardyr desgalara eýe boldular. Bu kämil enjamlardyr kuwwatly buraw desgalarynyň 7 müň metre çenli çuňluk geçmäge ukyplydygyny aýratyn nygtamak gerek. Hut şu ýagdaýyň özi miosen gatlaklaryndaky nebitiň täze, çuň ýataklaryny açmaga we özleşdirmek üçin elýeterli gorlaryň möçberlerini ep-esli giňeltmäge ygtybarly esas döredýär. Konserniň düzüminde 1998-nji ýylda döredilen «Nebitgazburawlaýyş» tresti nebit, gaz, ýodbrom hem-de ýörite guýulary gazmak üçin ýöriteleşdirilen kärhanadyr. Trestiň degişli müdirlikleri:

Ulanyş-baha beriş guýusy Çartak gaz käniniň geologik gurluşyny we gaz gorlaryny takyklady

Çartak gaz käni Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Sakar etrabynda ýerleşýär. Ol iri gaz käni bolan Malaý bilen birleşip, demirgazyga uzalyp gidýär. Çartak käni bilen bagly gurluş 1967-1968-nji ýyllarda geçirilen seýsmiki barlag işleriň netijesinde ýüze çykarylýar. Bu belentlikde ilkinji gözleg guýusy 1980-nji ýylda oturdylyp, burawlaýyş işleri başlanýar. Çartak käninden ilkinji gaz akymy 5-nji belgili gözleg guýusyndan alynýar. 1987-nji ýylda Çartak meýdanynda burawlanan 16 sany guýynyň netijeleri boýunça gaz gorlary hasaplanýar we şol wagtky SSSR-iň Gorlar döwlet topary tarapyndan tassyklanýar. Meýdanda goşmaça burawlanan 2 sany gözleg-barlag, 3 sany ulanyş guýularyndan alnan maglumatlar boýunça Malaý we Çartak känleriniň gaz gorlary gaýtadan hasaplanýar. Çartak gurluşy aşaky goteriwiň şatlyk gorizontynyň çökündileri boýunça «kesilip-düşme» görnüşli tektoniki bozulma bilen özbaşdak 3 sany kerçe (Günorta — Günbatar, Demirgazyk — Gündogar we Merkezi) bölünýär. Ol kerçlerdäki gaz ýataklarynyň her biri özbaşdak gaz-suw galtaşmasy bilen çäklendirilen. Kän 2002-nji ýylyň aprel aýynda senagat taýdan ulanyşa goýberilýär.

Nebitgazlylygyň mesgeni

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Keýmir» nebitgaz çykaryş müdirligi (NGÇM) Balkanabat şäherinden 210 kilometr daşlykda ýerleşen, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň günorta sebitindäki nebitgaz känlerini — Ekerem, Gündogar Ekerem, Akpatlawuk, Keýmir we Kemer (Günorta Kemer) meýdançalaryny özüne birleşdirýär. Bu önümçilik kärhanasynda hereket edýän guýularyň 182-si bolup, olaryň 153-si nebit önümli we 29-y gaz önümli guýulardyr. nebit önümli guýularyň 28 göterimi çüwdürim we 72 göterimi gazlift usulynda işleýär. Bu müdirligiň çuň ştangaly sorujy usulynda işleýän guýusy ýokdur. Esasan, Keýmir we Akpatlawuk känlerinde gazlift ulgamlarynyň bardygy we Keýmir käninde ýörite gazlift guýulary üçin gaz gysyjy bekediniň gurulmagy bilen baglydyr. Keýmir gazlift gaz gysyjy desgasy 2013-nji ýylda ulanmaga berildi. Desgada, esasan, nebit bilen bile çykýan ugurdaş gaz toplanyp, soňra gazlift guýulary gerek bolan gaz basyşy bilen üpjün edýär. «Keýmir» NGÇM-de şu ýylyň 10 aýynyň jemi boýunça meýilnama ortaça 101 göterim ýerine ýetirildi.