Sebitiň Söwda we senagat ministrliginiň habar bermegine görä, öňdebaryjy ýük daşaýan kompaniýalar gämilerini bu ugurda ulanmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu bolsa geljekde «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen ýük akymyny artdyrar.
Täze ugruň açylmagy, Astrahan sebitindäki «Lotos» aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkeziniň döredilmegine goldaw bermek üçin gönükdirilendir. Ol ýerde rus bazary üçin niýetlenilen türkmen harytlaryny saklamak we gaýtadan işlemek meýilleşdirilýär.