Balkan welaýaty: täze üstünliklere ynamly badalga
Ýurdumyzyň Balkan welaýaty dünýäniň ähli künjeklerine uzaýan polat, howa, deňiz-derýa we gara ýollaryň, uglewodorod çig mallaryny akdyrmaga niýetlenen turbageçirijileriň künjegidir. Welaýat bilen içgin tanşanyňda, ummasyz uly giňişlikde asuda çaýkanyp ýatan mawy deňizde, ululy-kiçili derýalardyr çeşme-çaýlarda, belent başly daglaryň aýagujundan ýaýlyp gidýän uç-gyraksyz sähralardyr mes toprakly ýaýlalarda, ýokumly ot-çöplere baý bolan öri meýdanlarda nazaryň eglenýär. Çar ýany beýik dag gerişleri bilen gurşalan Margyz, Sumbar, Çendir jülgeleriniň okgeçmez jeňňellikleridir gyrymsy tokaýlyklary, çeşme-bulaklary, Hazar deňziniň durnanyň gözi ýaly arassa suwly hem çägesöw kenary, uç-gyraksyz Garagum sährasynyň pasly-baharlarda läle-reýhana gark bolýan giňişlikleri özüne jennetiň bir künjegidir diýdirýär. Diňe bir Garabogaz köli sözüň doly manysyndaky hazynalar ojagydyr. Guwlyduzuň ätiýaçlyk gorlary hem tapylgysyz baýlyklarymyzyň hatarynda durýar. Ýurdumyzda çykarylýan nebitiň esasy bölegi, tebigy gazyň milliardlarça kub metri, balyk we balyk önümleriniň köp bölegi, şonuň ýaly-da nahar duzunyň, tehniki ýoduň, uglerodyň, bromuň ähli möçberleri sebitde jemlenendir. Sapaly dynç alşyň merjenine öwrülýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň, Demirgazyk — Günorta demir ýol geçelgesiniň, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň, Gündogar — Günbatar gaz geçirijisiniň, Garabogazdaky karbamid zaw