Käşir
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda gök ekinleriň adam üçin dermanlyk häsiýetleri barada anyk maglumatlar berilýär. Olaryň dürli keseller üçin ulanylyş aýratynlyklary beýan edilýär. Käşir dürli naharlarda ter we guradylan görnüşde, şeýle-de konserwa senagatynda ulanylýar. Käşiriň suwy gymmatly iýmit önümidir. Adaty käşiriň miwe şiresi bagyr, böwrek, holesistit, böwrekde we ötde daşyň emele gelmegi ýaly dertleri bejermekde peýdalydyr. Onuň düzüminde mämişi pigment-karotin saklanýar. Ondan bolsa bedende A witamini sintezlenýär. Ylaýta-da, ol çagalar üçin ähmiýetlidir. Adaty ekilýän käşirler dünýä ýurtlarynda giňden ýaýrandyr. Biziň ýurdumyzda medeni käşir bilen bilelikde ýabany käşire hem gabat gelinýär. Olar, esasan, ýaz, güýz aýlary ösdürilip ýetişdirilýär.