Käşir

26 Fewral 2021
2442

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda gök ekinleriň adam üçin dermanlyk häsiýetleri barada anyk maglumatlar berilýär. Olaryň dürli keseller üçin ulanylyş aýratynlyklary beýan edilýär.

Käşir dürli naharlarda ter we guradylan görnüşde, şeýle-de konserwa senagatynda ulanylýar. Käşiriň suwy gymmatly iýmit önümidir. Adaty käşiriň miwe şiresi bagyr, böwrek, holesistit, böwrekde we ötde daşyň emele gelmegi ýaly dertleri bejermekde peýdalydyr. Onuň düzüminde mämişi pigment-karotin saklanýar. Ondan bolsa bedende A witamini sintezlenýär. Ylaýta-da, ol çagalar üçin ähmiýetlidir. Adaty ekilýän käşirler dünýä ýurtlarynda giňden ýaýrandyr. Biziň ýurdumyzda medeni käşir bilen bilelikde ýabany käşire hem gabat gelinýär. Olar, esasan, ýaz, güýz aýlary ösdürilip ýetişdirilýär.

Begnazar RAHMANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.