Keýik — tebigatyň bezegi

10 Ýanwar 2023
2101

Türkmen tebigaty gözelliklere baýdyr. Tebigatda mesgen tutunan dürli görnüşli haýwanlar onuň bezegini has-da artdyrýar. Keýik hem tebigatymyzyň özboluşly bezegidir. Bu owadan jandaryň meýdan alamatlary barada gysgaça aýtsak, onuň ululygy öý geçisi ýaly bolup, bedeni irimçikdir. Keýikler çägesöw-goňur reňkde bolýar. Boýnunyň aşagy, döşi, garny we aýaklarynyň içki taraplary ak reňkdedir. Guýrugynyň ujy gara bolup, uzynlygy 14-18 santimetre barabardyr. Keýik gataňsy toprakly çöllükde, dag eteklerinde we berkän çägeliklerde ýaşaýar. Dagyň uçut gaýaly ýerlerine barmagy halamaýar.

Keýik ösümlikleriň 80-den gowrak görnüşi bilen iýmitlenýär. Otjumak ösümlikler, gyrymsy agaçlaryň ýapraklary onuň esasy iýmitidir. Keýik bir gije-gündizde 3,1-5,5 kilogram, ortaça 4,1 kilograma çenli ot iýýär, ýaz aýlarynda bolsa onuň düzüminde 70-80% suw saklaýan gök otlaryň 6 kilograma çenlisini iýýändigi anyklanyldy.

Gülälek AŞIROWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň gözegçisi.