Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergide öňdebaryjy kärhanalaryň 200-e golaýynyň pawilýonlary görkezilýär. Şolaryň arasynda «Bereketli» hojalyk jemgyýeti-de bar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hojalyk jemgyýetiniň döredilmegine 30 ýyl dolýar. Bu barada «Bereketli» hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni Gülmerjen Kazakowa şeýle gürrüň berdi:
— «Bereketli» hojalyk jemgyýeti 1992-nji ýylda döredildi. Soňky 30 ýylyň içinde hojalyk jemgyýetimiz özüniň öndürýän ýokary hilli önümleri bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň uly ynamyna mynasyp bolmagy başardy. Şu günki günde biziň zawodymyzda hünärmenleriň uly topary zähmet çekýär. Işleýänleriň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda hereket edýän kanunlara esaslanyp, hojalyk jemgyýetimiz birnäçe işleri amala aşyrýar.