Geçen hepde Amerikanyň «Nike» kompaniýasy 2021-nji ýylyň dördünji çärýeginiň hasabatyny çap etdi. Oňa laýyklykda, «Nike» kompaniýasy 2020-nji ýylyň degişli döwrüniň ABŞ-nyň 1,4 milliard dollary (bir paýnama ABŞ-nyň 0,87 dollary) bilen deňeşdireniňde, ABŞ-nyň 1,45 milliard dollary möçberinde (bir paýnama ABŞ-nyň 0,90 dollary) girdeji gazandy. Hasabat döwri «Nike»-niň söwdalary ABŞ-nyň 10,36 milliard dollaryndan ABŞ-nyň 10,87 milliard dollaryna çenli ýokarlandy. Ýeri gelende aýtsak, kompaniýanyň söwdalary 17%, dükanynyň söwdalary 14%, sanly söwdalary 22% ýokarlandy.