Ýaponiýanyň «Suzuki Motor» kompaniýasy esasy daşary ýurt bazary bolan Hindistanda elek-trik ulaglaryny öndürmek üçin, takmynan, 150 milliard ýen (ABŞ-nyň 1,25 milliard dollary) maýa goýmakçy bolýar. Täze meýilnamanyň çäginde kompaniýa Gujarat ştatynda täze batareýa zawodyny gurar. Häzir bu ştatda kompaniýanyň benzin hereketlendirijide işleýän awtoulaglary öndürýän bir kärhanasy işleýär. Onda 2025-nji ýyldan başlap elektromobilleri öndürmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de «Suzuki Motor» Hindistanda köne awtoulaglary täzeden işlemek üçin kärhanalar toplumyny gurar. «Suzuki Motor» Hindistanda 1982-nji ýyldan bäri işleýär. Ol häzirki wagtda ýurduň awtoulag bazarynyň, takmynan, 50 göterimini eýeleýär.