Kömelek — islegli nygmat

23 Mart 2022
1805

Ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynda türkmen telekeçileri möhüm orny eýeleýärler. Sarp edijileriň islegleriniň has döwrebap kanagatlandyrylmagy, köp babatda ykdysadyýetiň hususy böleginiň alyp barýan işleriniň netijeliligine baglydyr. Diýarymyzyň telekeçileri giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde uly tejribe toplaýarlar. Döwletimizde hereket edýän kanunlar bolsa türkmen ykdysadyýetiniň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem telekeçiligi depginli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle giň mümkinçiliklerden ruhlanýan Balkanabat şäherindäki telekeçi Ahmet Annaýewiň «Altynnur zamany» hususy kärhanasynyň kömelek ösdürilip ýetişdirilýän ýyladyşhanasynyň hünärmenleri hem şu günler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ruhuna mynasyp zähmet çekip, bu nygmatyň bol hasylyny ýetişdirmekde görelde alarlyk işleri bitirýärler.

Uly Balkan dagynyň alkymyndaky Düzmergen ýaýlasynda gurlan «Altynnur zamany» hususy kärhanasynyň kömelegiň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhanasynda şu günler bitirilýän işler döwrüň ösen talaplaryna doly laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde gelin kömelegi we «weşanka» görnüşleri köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.