«Approve.com»-yň barlaglaryna görä, Ilon Mask 2024-nji ýylda dünýäde 1 trillion dollarlyk sepgidi zabt eden ilkinji işewür bolup biler. Häzirki wagtda Ilon Maskyň baýlygy ABŞ-nyň 216 milliard dollary möçberindedir. «Bloomberg»-iň milliarderler indeksine görä, Maskyň baýlygy 2024-nji ýyla çenli trillioner bolmak üçin ýylda 129% ýokarlanmaly. «Approve.com» Maskdan soň Hindistanyň «Adani» toparynyň başlygy, baýlygy ABŞ-nyň 87,3 milliard dollaryna barabar bolan Gautam Adaniniň ikinji trillioner bolup biljegini çaklaýar. Şeýle-de «Bloomberg» milliarderler indeksinde 44,7 milliard dollar baýlygy bilen 28-nji orunda duran Hytaýyň «ByteDance» kompaniýasynyň başlygy Zhang Ýiming 2026-njy ýylda dünýäde üçünji trillioner bolup biljekdigi ýazylýar.