Düýe maly — dünýe maly

16 Ýanwar 2022
3699

Ulgam—ulgam gum depeleriniň arasyndan uzalyp gidýän sähra ýodalaryny yzarlap, uzak örüden dolanyp gelýän arwana düýeler ak ýaýlanyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Garagumuň jümmüşinde ýaşaýan islendik hojalygy düýesiz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Düýe ir zamanlarda eldekileşdirilen jandar bolup, adamzat ýaşaýşynda, hojalyk işlerinde köp hyzmatlary ýerine ýetiripdir. Onuň bilen ýer sürüpdirler, däne döwüpdirler, çuň guýulardan, kärizlerden suw çykarypdyrlar. Ýük daşamak işlerinde bolsa düýä deň geljek jandar tapylmandyr, düýeleriň kömegi bilen ýurtlar arasynda söwda gülläp ösüpdir.

Halkymyzda «Düýeli baý — dünýeli baý», «Düýe — dünýä, goýun — gazna», «Düýe maly — dünýe maly» ýaly pähimler ýörgünli bolupdyr. Türkmen çarwadarlary gadymdan bäri düýeleri ösdürip ýetişdirýärler, düýe halkymyza parasatly atababalarymyzdan miras galan ajaýyp medeni gymmatlykdyr. Türkmen halkynyň ençeme asyrlaryň dowamynda ýetişdiren täsin arwana tohumynyň umumadamzat gymmatlyklaryna goşan ajaýyp goşandy dogrusynda dünýäniň ençeme alymlary ylmy maglumatlary ýazypdyrlar. 1910njy ýylda görnükli rus taryhçysy A.W.Kolosowskiý: «Bir örküçli düýeleri, garaköli goýunlary, goýun itleri, dünýä belli atlary bilen türkmen halky özüne müdimilik ýadygärlik dikeltdi» diýip ýazypdyr.

Bahar SADYKOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Mahabat we neşir işleri bölüminiň müdiri.