Sanly ulgam — döwrüň talaby

3 Noýabr 2021
1541

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna «Sanly Türkmenistan» atly täze döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrmagy bu ugurda möhüm ädim boldy. Maksatnama ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, jemi içerki önüminde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynyň goşmaça ösüşini üpjün etmekden, sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmagy göz öňünde tutýar. Islendik ýurduň ösüşi, ilki bilen onuň ylym-bilim ulgamynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Şonuň üçin jemgyýetiň arasynda ylmyň häzirki zaman gazanan netijelerini durmuşa ornaşdyrmak, döwrebap tehnologiýalary netijeli peýdalanmak möhüm işleriň biri bolup durýar. Ylym-bilimiň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Şunda sanly bank ulgamynyň ösüşini aýratyn nygtamak gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň golaýda geçiren mejlisinde belleýşi ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýetiň sanly ulgama geçmegini çaltlandyrmak wajyp bolup durýar. Munuň özi dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, döwlet ösdügiçe, onuň durmuşynda maglumat tehnologiýalary möhüm orun eýeleýär diýip belleýän milli Liderimiz sanly ulgamy ählumumy babatda okatmagyň we bu ugurdaky bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekýär.

Aknabat ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we Informatika institutynyň öwreniji mugallymy.