«Samsung Electronics» kompaniýasy «Interbrand» halkara konsalting kompaniýasy tarapyndan taýynlanan «Dünýäniň iň gowy brendleri» sanawynyň bäşinji ornuny eýeledi. Häzirki wagtda «Samsung» brendi ABŞ-nyň 74,6 milliard dollary möçberinde bahalanýar. «Samsung» brendi 2012-nji ýyldan bäri sanawyň birinji onlugynda saklanyp gelýär. Ýöne bu ýylky görkeziji kompaniýanyň 2013-nji ýyldan bäri ösüşiniň iň ýokary derejesidir. Kompaniýanyň sanawda ilkinji gezek 20 ýyl mundan ozal peýda bolandygyny we şonda onuň 43-nji orny eýeländigini bellemek gerek. 2010-njy ýylda bolsa kompaniýa 19-njy ýere çykmagy başarypdy.