Kitap – ylymlaryň hazynasy

24 Oktýabr 2021
2696

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim almaga, ylym öwrenmäge, ýaşlary terbiýelemäge, milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Milli ýörelgelerimiziň esasy ugurlarynyň biri hem bilim almak, sowatly bolmakdyr. Çünki pähimdar pederlerimiz bilimli adamlara belent hormat goýupdyrlar, kitap okamagy asylly ýörelgä öwrüpdirler. Hut şonuň üçin türkmen halkynyň şöhratly taryhynda umumadamzat gymmatlygyna uly goşant goşan alymlar kemala gelipdir. Olaryň ýazan kitaplary, ajaýyp eserleri häzirki günlerde hem gymmatly golýazma çeşmesi hökmünde öwrenilip gelinýär.

Gadym döwürlerden bäri taryhy kitaplar, golýazmalar saklanyp galypdyr. Olaryň içinde dilimize degişli bolan kitaplaryň hem, ylmy kitaplaryň hem, çeper döredijilige degişli kitaplaryň hem bolmagy diýseň buýsandyryjydyr. Çünki türkmen ylmynyň taryhyny şol golýazma çeşmeleriň, kitaplaryň üsti bilen öwrenip bilýäris. Görnüşi ýaly, kitap döwürleri birleşdirýär. Şunuň bilen bir hatarda kitaplar diliň baýlygyny özünde jemleýär. Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat at-türk» eseri diliň taryhynda möhüm ylmy çeşme hasaplanylýar. Şeýle hem bu eserde dilimizde aýdylyp gelýän paýhasly sözler, nakyllar hem beýan edilýär. Munuň özi halkymyzyň ruhy baýlyklaryny öwrenmekde kitabyň uly ornunyň bardygyny beýan edýär.

Aýjan GYLYÇTAGANOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň müdiri.