Alym Arkadagymyzyň 1-nji sentýabrda geçiren umumy okuw sapagy mynasybetli ýürek buýsanjy
Makalamyzyň sözbaşysy hökmünde alnan bu mukaddes düşünje hormatly Prezidentimiziň 1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy okuw sapagynyň özenini düzdi. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzy mundan beýläk hem täze belentliklere çykarmak maksady bilen döwlet Baştutanymyz giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli, ýokary bilimli häzirki zaman ýaşlary kemala getirmek üçin yzygiderli alada edýär. Şonuň netijesinde mukaddes Watanymyza we eziz halkyna wepaly, maksada okgunly, zähmetsöýer, zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek we kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzda beýik işler amala aşyrylýar. Muny nobatdaky gezek döwlet Baştutanymyzyň geçiren watansöýüjilik sapagy doly tassyklady.