Dünýä türkmenleri gutlaýarlar

21 Sentýabr 2021
931

Baş baýramymyz bolan Garaşsyzlyk güni dünýädäki ähli türkmenler üçin iň mukaddes seneleriň biridir. Çünki Garaşsyzlygymyza eýe bolmak bilen biz berkarar döwlete, bagtyýar durmuşa ýeten bolsak, daşary ýurtly türkmenler hem taryhy ata watanly boldular. Watanly bolmak bolsa ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň gözbaşydyr. Şonuň üçin, ata Watanyna buýsanyp, onuň erkinligine guwanýan daşary ýurtly doganlarymyz öz ýaşaýan ýerlerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi baýram edip, biziň bilen bile şatlanýarlar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmen döwletiniň bedew batly köpugurly ösüşlerine, halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň günsaýyn artyp barşyna, Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, ata Watanda bagtyýar ýaşaýan halkymyza ýürek buýsançlaryny sanly ulgam arkaly beýan edýärler.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uly ruhubelentlik bilen beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan günlerimiz sanly ulgam arkaly dünýä türkmenlerinden gelýän gutlaglaryň, hoşsözli namalaryň sany has-da artdy. Olaryň ählisinden Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana bolan buýsanç, «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmen döwleti dünýäniň ähli türkmenleriniň ata Watanyna öwrüldi» diýýän hormatly Prezidentimize hoşallyk duýgulary joşup dur.

«Türkmen dünýäsi».