Ýiti respirator keseli ýokanç bolup, ony wiruslar döredýärler. Wiruslaryň A, B, С görnüşleri bardyr. Bu wiruslar näsag adamdan howa-damja, galtaşma ýoly arkaly töweregindäki sag adamyň bedenine düşýär we olaryň kesellemegine getirip bilýär. Ýiti respirator keseli bilen kesellän adamlaryň ozal bar bolan dowamly keselleri ýitileşýär. Kesel öz wagtynda bejerilmedik ýagdaýynda öýken (pnewmoniýa), ýokary dem alyş ýollary (bronhit, sinusit, rinit, traheit), ýürek-damar (miokardit, perikardit), nerw ulgamlary (meningit, meningoensefalit, poliradikulonewrit) keselleri ýaly gaýrüzülmeler döräp bilýär. Gaýrüzülmeleriň döremezligi üçin keseliň öňüni almak we bejermek işlerini öz wagtynda dogry amala aşyrmak örän wajypdyr. Adam bedenine ýokary dem alyş ýollary arkaly geçen wiruslar sanalgy sagatda dem alyş ýollarynyň nemli bardalaryna çuňňur ornaşyp, keseliň ilkinji alamatlaryny ýüze çykarýar.
Ýiti respirator keseli, adatça, adamda duýdansyz, birden başlanýar. Ol gyzgynyň ýokary galmagy, kellagyry, beden, bogun agyrylary, ysgynsyzlyk, üsgülewük, burun dykylma, bokurdagyň gyrylmasy, agyrysy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar.