Watan - bagta gönezlik

24 Awgust 2021
897

Bahasyz gymmatlyk

Otuz ýyl mundan ozal ata-babalarymyzyň köpasyrlyk arzuwyny wysala ýetirip, milletimiziň dogup-dörän, ösüp-örňän Watanynyň goýnunda, mukaddes topragymyzyň üstünde Garaşsyz döwlet gurduk. Şonda ähli barlygyň badalgasy bolan Watan ikinji müňýyllygyň ahyrynda özbaşdak döwletli bolmagymyz üçin esasy wajyplyk hökmünde orta çykdy. Çünki Watanyň bolmazdan, döwlet gurmak barada pikir etmek hem çetindir. Biziň hupbulwatan pederlerimiz bolsa, şu Watanda berkarar döwleti bina etjekdiklerine ynanyp, onuň her ädim ýerini, her gysym gumuny iň ýokary gymmatlyk hökmünde gorap saklapdyrlar.

Döwrangeldi AGALYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.