Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milletara gatnaşyklary we daşary ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklar boýunça komiteti, Özbegistan Respublikasyndaky Türkmen milli-medeni merkezi hem-de Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň we Özbegistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli beýik türkmen akyldarynyň doglan gününe bagyşlap, «Magtymgulynyň döredijiligi özbek we türkmen halklarynyň dostlugynyň nyşany» atly maslahat geçirdiler. Oňa Komitetiň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasynyň wekilleri, Özbegistan Respublikasyndaky Türkmen milli-medeni merkeziniň işjeň agzalary, Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar. Çäräniň başynda Magtymgulynyň Daşkent şäherindäki ýadygärligine gül desseleri goýuldy.
Bu çäräniň maksady medeni we bilim gatnaşyklary bilen tanyşdyrmak hem-de olary ösdürmek arkaly hoşniýetli goňşuçylyk esasynda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, doganlyk halklaryň taryhyny, medeniýetini, ruhy gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny gorap saklamakdan, döwrebap ösdürip, geljek nesillere miras goýmakdan ybaratdyr. Özbek we türkmen halklary asyrlaryň dowamynda bir derýadan suw içip, özleriniň medeniýetini, däplerini, dillerini baýlaşdyryp hem-de ösdürip, agzybirlikde, dostlukda ýaşap gelýärler.