Gysym gumuň gudraty

24 Awgust 2021
1084

Hormatly Prezidentimiziň islendik kitabyny okasaň, eziz Watanymyza, mukaddes topragymyza, milli gymmatlyklarymyza, ajaýyp döwrümize buýsanjyň artýar. Çünki şadiwanlaryň her bir jümlesi seni çuňňur oýlandyryp, şu toprakda dünýä geleniňe şüküriňi artdyrýar. Arkadag atamyzyň islendik kitabynda janymyzdan eziz Watanymyzyň öz perzentlerine eçilýän ruhy güýji, ene topragymyzyň öz goýnunda önüp-ösen zürýatlarynyň dertlerine em bolşy baradaky parasatlaryny tolgunman okamak asla mümkin däl.

Döwlet Baştutanymyzyň ata Watanymyz, gudratly topragymyz barada, olaryň gymmaty hakynda ýazýan jümleleri meni aýratyn özüne çekýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanyndaky: «Türkmen topragy — mertligiň, gaýduwsyzlygyň topragy. Türkmen topragy — rysgal-berekediň topragy. Bu toprak kalplara özi deýin giňlik hem salykatlylyk berýän toprak. Bu toprakda beýik pederlerimiziň yhlasy, arzuw-telwaslary, ömür menzilleri özlerine kökerip ýatyr. Türkmen topragy — biziň şu bagtyýar günümiziň, beýik geljegimiziň güwäsi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabyndaky: «Watan — «ata», toprak bolsa «ene». Çünki «Watan» diýmek mukaddes toprak diýmekdir» ýaly gyzyla gaplaýmaly jümleleri gaýtalap-gaýtalap okaýaryn. Olar mukaddes topragymyza bolan söýgimi has-da joşduryp, topragymyzyň gudratyna bolan ynamymyzy berkidýär.

Ülker MEREDOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.