Saglygyň sakasy

24 Awgust 2021
979

Hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygyny döwletimiziň baş baýlygy hasaplap ýöredýän syýasaty netijesinde, biziň döwletimiz sagdynlygyň hem-de bagtyýarlygyň höküm sürýän ýurdy hökmünde tanalýar. Elbetde, sagdyn ýaşamak üçin biziň döwletimizde ähli mümkinçilikler döredilendir. Şol mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek bolsa ählimiz üçin wajypdyr. Eýsem, sagdyn ýaşamak üçin her birimiziň başaraýjak zatlarymyz nämelerden ybarat?! Lukmanlaryň sözlerine salgylanyp aýtsak, sagdyn ýaşaýşyň ilkinji we esasy şertleri şulardyr:

Kadaly iýmit. Kadaly iýmitiň esasy ýörelgesi aramlylyk we dürli-dürlülikdir. Munuň üçin witaminlere, minerallara baý gök önümleri ýeterlik derejede kabul etmeli. Iýmit sanawyna süýt önümlerini, ýumurtga, balyk, ýagsyz et, noýba, hoz we maňyz goşmaly. Çünki beden ähli zerur ýokumly maddalary, makro we mikroelementleri almalydyr.

Çynar BERDIKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň esasy hünärmeni.