Ýaşlara ýeňişler ýaran bolar

28 Iýun 2021
1458

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sanlyja ýylyň içinde türkmen sportunyň ýokary derejedäki ösüşlere eýe bolýandygyna hemmämiz şaýat. Türkmenistanyň dünýäniň sport arenasynda mynasyp orny eýelemegi-de halkymyzyň ruhubelentliginden, bagtyýar ýaşaýşa we eziz Diýarymyza bolan söýgüsinden nyşandyr. Biz halypa tälimçiler hökmünde türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelemekleriniň, üstünlikli çykyş etmekleriniň syryny ýurdumyzda olar üçin döredilýän çäksiz mümkinçiliklerde görýäris. Indi Diýarymyzyň haýsy künjegine barsaň hem ilki bilen döwrebap sport mekdepleridir stadionlar gözüňe ilýär. Olaryň ählisinde bolsa watandaşlarymyzyň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin aňrybaş şertleriň döredilmegi ezber türgenler bilen bir hatarda sagdyn, ählitaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly nesilleriň sanynyň artmagyna getirýär. Milli Liderimiziň sport ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleriniň, durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň we iri taslamalaryň özeninde jemgyýetimiziň baş gymmatlygy hasaplanylýan ynsan saglygyny berkitmek ugrundaky aladalar durýar.

Bu bolsa sport ussatlarymyzy häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede türgenleşdirmäge, okuw-türgenleşik işlerini talabalaýyk guramaga mümkinçilik berýär. Sagdynlygyň, yhlasyň bar ýerinde bolsa diňe şöhrata we üstünlige garaşybermeli. Ýaşamak, işlemek üçin şeýle aňrybaş mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň tagallalaryna jogap edip, Watanymyzyň sport abraýyny Ýer ýüzünde dabaralandyrjak türkmen ýaşlaryny türgenleşdirmekde tutanýerli zähmetimizi gaýgyrmarys.

Saýdulla BAÝMURADOW,
Türkmenabat şäherindäki 2-nji sport mekdebiň erkin göreş boýunça tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi.