Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde sambo boýunça Aziýa çempionaty geçirildi. Bu halkara ýaryşa Türkmenistan döwletimiziň milli ýygyndy topary hem gatnaşdy. Sambo boýunça Aziýa çempionaty türkmen türgenleri üçin şowly ýaryşlaryň biri boldy. Onda milli ýygyndy toparymyzyň on üç türgeni baýrakly orunlara mynasyp boldy. Şolaryň hatarynda Döwlet serhet gullugymyzyň harby gullukçysy Babajan Iwadullaýew hem üstünlikli çykyş edip, söweş sambosy boýunça 2-nji orna mynasyp boldy. Bu eýýäm Türkmenistanyň ýaşyl Tuguny al-asmanda pasyrdadan serhetçi türgeniň halkara derejesindäki ýeňişleriniň nobatdakysydyr. Galyberse-de, bu üstünlikler ýurdumyzda, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda harby gullukçylaryň sport bilen meşgullanmaklaryna uly üns berilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.
Biz hem serhet gullugymyzyň ähli şahsy düzüminiň adyndan türkmen türgenlerini, hususanam, serhetçi türgenimiz Babajany gazanan nobatdaky ýeňişleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys, şeýle hem olara sport äleminde täze ýeňişleri arzuwlaýarys!