Sport — sagdyn durmuşyň gözbaşy

22 Iýun 2021
1463

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, ösüş we innowasiýalar eýýamynda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Köpçülikleýin sporta gyzyklanma, sport çäreleri ähli welaýatlarda hem giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Ýurdumyzyň çar ýanynda gurlup ulanylmaga berilýän stadionlar, sport we bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport meýdançalary, okuw jaýlarynyň sport zallary sporta höwesli ýaşlardan doly. Bularyň ählisi sagdyn bedenli, sagdyn ruhly nesilleri kemala getirmekde hem-de halkyň geljegi bolan ýaş nesliň saglygyny goramakda, milli sporty halkara derejesine çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty hem ýurdumyzda sportuň okgunly ösdürilmegine ýardam edýär. Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Türkmenistan halkara olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.

Baýmyrat AŞYRMYRADOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.