2015-nji ýylyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň Milli Ýaý atyjylyk federasiýasy döredildi. Şol günden bäri hem ýurdumyzda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany günsaýyn artýar.
Türgenleşiklerde nyşana dogry çenemek, eliň myşsalaryny güýçlendirýän we uzak aralykdan atmak başarnygyny kämilleşdirýän dürli maşklar jemlenendir.