Keşde

8 Iýun 2021
1821

Ajaýyp keşdeler, owadan nagyşlar özlerinde döwürleriň medeniýetini, däp-dessurlaryny saklaýan maddy däl medeni mirasymyzyň ajaýyp nusgalarydyr. Owadan ýazylan haty ýa-da kemsiz ýerine ýetirilen işi görenimizde ony «edil keşde çekilen ýaly» diýip, keşde bilen deňeşdirýäris. Türkmen gelin-gyzlary keşdäniň täsin görnüşlerini tapyp, reňkleri utgaşdyrmagy, olary sünnäläp matanyň ýüzüne geçirmegi ussatlarça başarýarlar.

Gadymyýetde türkmen keşdesinde peýdalanylýan reňkleriň sany çäkli bolupdyr. Emma häzirki wagtda çeper elli gelin-gyzlarymyzyň göwün islän reňkindäki sapaklar bar. Onsoň, eli çeper zenanlarymyz ene-mamalarymyzdan miras galan keşde nagyşlaryna häzirki döwrüň ruhuna laýyk täze öwüşginleri berip, bu senedi has baýlaşdyrýarlar. Keşde nagyşlarynyň dürli ösümlikler, guşlar, asman jisimleri bilen baglanyşykly owadan atlary bolup, olaryň hersiniň ulanylýan ýerleri bolupdyr. Mysal üçin, «gowaçagül», «taltopbak», «nargül», «çynar», «maralgoçak», «almagül», «gülälek», «erikgül», «kejebe-ýürekkeşde», «günebakar» ýaly nagyşlar bilen tahýalar, çabytlar, köýnekler, donlar we başga-da durmuşda ulanylýan zatlaryň köpüsi bezelipdir. Türkmen gelin-gyzlarynyň el işlerinde tebigata bolan çäksiz söýgi hem öz ornuny tapypdyr.

Maýsa KARAJAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.