Tomusky dynç alyş möwsümi gelip ýetdi. Hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny berkitmek we göwnejaý dynç almagyny üpjün etmek baradaky tagallalary netijesinde, ildeşlerimiz ýurdumyzyň ähli şypahanalary bilen birlikde, şu ýylyň 1-nji iýuny — 1-nji sentýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyşda bolup bilerler.
Tomusky dynç alyş möwsüminde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň tertibine laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan goşmaça gatnawlar ýola goýuldy.